SPORT

Millionlar we milliardlar. Messiniň täze toparyndaky orny

2022-nji ýylda Katarda geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda çempion bolan Argentinanyň milli ýyldyzy Lionel Messi futbol karýerasyndaky ähli üstünlikleri gazandy, Ýer şarynyň sportuň futbol görnüşi boýunça ähli derejeleri gazanan argentin futbolçysy ABŞ-nyň Maýami şäherine gelip, futbol bilen işewürligi utgaşdyrmagy maksat edinýär.

Dünýä futbolynyň iki ägirdi – Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldo ösüp barýan futbol bazarlarynyň ilçileri boldular. Ronaldo ýarym ýyl mundan ozal, Saud Arabystanyna gidip, yzyndna köp sanly dünýä ýyldyzlarynyň saud toparlaryna geçmegine nusga boldy.

Messi bolsa, Saud Arabystanynyň ýerine ABŞ-ny saýlady. Bu ýurduň ýokary futbol ligasy dünýäniň iň güýçli futbol ligalarynyň biri bolmagy meýilleşdirýär.

Amerika yklymynyň bazaryna Messi ýaly dünýä derejesindäki futbolçyny gazandyrmak has möhüm bolup durýar. Ýene-de 3 ýyldan ABŞ, Kanada we Meksika futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder.

MESSINIŇ TOPARYNA EDEN OŇYN TÄSIRI

Messiniň ilkinji duşuşygynyň biletleriniň bahasy 29 dollardan 467 dollara çenli çykdy. “Inter Maýami” toparynyň myhmançylykda geçirjek duşuşyklarynyň biletleriniň bahasy hem 10 esse artdy.

ABŞ-nyň stadionlarynyň ösen infrastrukturasy bolup, 100 müň orunly stadionlaryň 8-si bar. Messiniň zähmet haky ýokary däl, ýöne onuň mahabat girdejileri ýokary bolar. Şeýle hem onuň gatnaşmagyndaky duşuşyklaryň ýaýlymyndan gelýän girdejiden hem hak tölener. Şol bir wagtda Messi “Barselona” toparyndan hem pul almagy dowam edýär.

Messiniň Maýamä gelmegi uly wakalaryň biri boldy. toparyň jemgyýetçilik torundaky adamlaryň sany 1 milliondan 8 milliona ýetdi. Maýami şäherindäki uly gatly jaýlarda Messiniň suratlary asylyp başlady. Messini tanyşdyrmak dabarasyna Latyn Amerikanyň super ýyldyzy Şakira we Maluma ýaly aýdymçylar gatnaşdy. Maýamide Messi dil babatda kynçylyk çekmeýär. Sebäbi bu ýerde resmi dil ispan dili bolup, ýaşaýjylaryň 4-den biri iňlis dilinde gürleýär. Şeýle hem bu şäherde Messiniň 20 million dollar möçberinde 4 sany gozgalmaýan emlägi bar.

Messi täze toparynda ilkinji duşuşygyny 22-nji iýulda geçirer. “Inter Maýami” topary Meksikanyň “Krus Asul” topary bilen duşuşar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy