JEMGYÝET

Türkmenistanda täze ministrlikler döredildi

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bölünmegi arkaly, onuň binýadynda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi döredildi. Şu gün geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu baradaky degişli Permana gol çekdi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşiri habar berýär.  

Resminama laýyklykda,

— Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini oba hojalygy boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň;

— Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini daşky gurşawy goramak

boýunça Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek bellenildi.

          Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda,

— Nazarmyrat Geldimyradowiç Nazarmyradow Türkmenistanyň oba hojalyk ministri;

    —  Çarygeldi Gurbangeldiýewiç Babanyýazow bolsa Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri wezipesine bellenildi.

Related posts

Türkmenistan’dan Rusya’ya taziye

vepa

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Ata Watan Eserleri

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment