JEMGYÝET

Türkmenistanyň wekiliýeti Newa halkara ekologiýa kongresine gatnaşdy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde X Newa halkara ekologiýa kongresi geçirilýär. Onuň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

Russiýanyň Federal ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko çykyş edip, tutuş dünýäde möhüm ähmiýete eýe bolan ekologiýa meselesi babatda pikir alyşmak üçin Sankt-Peterburgdaky halkara foruma 50 döwletden 1,5 müň adamyň gelendigini belledi.

Federasiýa Geňeşiniň başlygynyň pikiriçe, kongresiň esasy mowzugyny göz öňünde tutup, şeýle giň wekilçilik aýratyn möhümdir. Walentina Matwiýenko Russiýanyň ekologiýa babatda alyp barýan işleri barada maglumat berdi.

Ol “ýaşyl” ykdysadyýetli taslamalara has köp orun berilýändigini, howanyň arassa bolmagy ugrunda tagalla edilýändigini belläp, beýleki döwletler bilen organiki önümçilik we ekologiýa syýahatçylygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belledi.

Bu kongresde Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem çykyş edip, ýurdumyzda ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

Şeýle hem forumda Russiýanyň tebigy serişdeler we ekologiýa ministri Aleksandr Kozlow, BAe-niň Federal milli geňeşiniň başlygy Sakr Gobbaş, Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň başlygy Tanzila Narbaýewa, Wýetnamyň Milli geňeşiniň başlygynyň orunbasary Nguen Khak Din, Zimbabweniň parlamentiniň senatynyň başlygynyň orunbasary Maýkl Ruben Nýambuýi, Gazagystanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministri Zulfiýa Suleýmanowa, Belarusyň tebigy serişdeler we daşky gurşawy goramak boýunça ministri Andreý Hudyka we beýleki köp sanly myhmanlar çykyş edip, öz çykyşlarynda ekologiýa abadançylygyn üpjün etmek babatda halkara hyzmatdaşlygyna üns çekdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady