DÜNÝÄ

BSG-niň wekiliýeti Türkmenistana geler

Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) wekiliýeti 29-31-nji maý aralygynda Türkmenistanda saparda bolar. Öňde boljak sapar barada Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Atageldi Haljanow bilen BSG-niň gurama agza kabul ediş departamentiniň direktory Maika Oşikawa bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy we Türkmenistanyň daşary söwda ugry boýunça ähtnamany taýýarlamagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistan BSG-ä agza bolmak üçin ýörite derejä eýe boldy. BSG-niň baş geňeşi iş toparyny döretdi. Şol topar BSG bilen Türkmenistanyň arasyndaky gepleşiklere gözegçilik edýär.

Related posts

Türkmenistan wekiliýeti Dubaý şäherinde geçirilen «Big 5 Global 2025» atly maslahata we sergä gatnaşdy

USAID WE EBRD pes uglerodly geljek üçin Memoranduma gol çekdiler

Gazagystanyň Türkmenistandaky täze ilçisi wezipesine girişdi

Leave a Comment