18-19-njy maýda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti geçiriler. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli duşuşyga hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, 13-nji maýda ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary Ma Çžaosýuý döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmaga iberen çakylygyny gowşurypdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň bu sammite gatnaşmak üçin Hytaýa gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygy aýdyldy.
Hytaýyň resmi habar beriş serişdeleri Şensi welaýatynyň edara ediş merkezi bolan Sian şäherinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklygynda geçiriljek ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisiniň Liderleriniň gatnaşjakdygyny mälim edýär. Sammitiň dowamynda Hytaý bilen sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy, döwletara derejede hereket edýän mehanizmleriň ösüşi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Duşuşygyň jemleri boýunça bilelikdäki möhüm syýasy resminama gol çekiler.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik hökmünde garalýar. Ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda bu ugurdaky özara hereketlerde anyk netijeler gazanyldy. Diňe 2022-nji ýylda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberi 70 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Şu ýylyň mart aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň bu sebitiň ýurtlaryna goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryndan geçdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dünýä ýurtlarynyň arasynda ilkinji bolup Garaşsyz Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýan Hytaý Halk Respublikasynyň häzirki döwürde ýurdumyzyň örän möhüm ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridigini belläp, Türkmenistanda HHR bilen strategik gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini yzygiderli nygtaýar. Şundan ugur alyp, öňde boljak sammitiň hem özara bähbitli gatnaşyklara täze itergi bermekde möhüm ädime öwrüljekdigini aýtmak bolar.