Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK
1. LOT № 2.
Gullukda elektron sanly gol ulgamyny ornaşdyrmak üçin enjamlary we programma üpjünçiligini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy.
2. LOT № 27.
Ministrligiň ýerli edaralaryna optiki- süýümli akymyň üsti bilen birikdirilmegi üçin degişli gurnama işlerini ýerine ýetirmek. Buýrujy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.
3. LOT № 28.
Ministrligiň ýerli edaralaryna optiki- süýümli akymyň üsti bilen birikdirilmegi üçin optiki-süýümli akymyň kabelini we aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi.
4. LOT № 38.
Bäherden etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde agaç nahallaryny oturtmaga bölünip berlen 214,4 gektar ýeriň suwaryş ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gerek bolan harytlarywe enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti.
5. LOT № 51.
Elektron resminama dolanyşyk ulgamyny gurnamak, internet ulgamyna baglanmak mümkinçiligi we onuň elýeterliligini üpjün etmek, ýerli korporatiw tor ulgamynyň bolmagy, maglumat howpsuzlygynyň enjam we programma üpjünçiligini, kompýuter tehnikalary we häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan serwerleri, döwrebap enjamlary hem-de ygtyýarnamaly programmalar bilen bagly zerurlyk edýän enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
6. LOT № 75.
Ministrligiň edaralaryna akkumulýator batareýalaryny satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
7. LOT № 86.
Ministrligiň institutynyň we degişli harby bölüminiň binalaryndaky sowadyjy ulgamlarda (çillerlerde) düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek. Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
8. LOT № 87.
Ministrligiň ýanyndaky «Awaza» sport toplumynyň binalaryndaky sowadyjy we howalandyryjy ulgamlarda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek. Buýrujy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
9. LOT № 88.
Ministrligiň birliklerindäki sowadyjy ulgamlar üçin serişdeleri satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
10. LOT № 95.
Gullugyň elektron-habar beriş toplumlarynyň enjamlaryny hem-de inžener-tehniki desgalarynyň gurluşygy üçin serişdeleri satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.
11. LOT № 113.
Balkanabat şäherindäki Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
12. LOT № 114.
Türkmenbaşy etrabynyň Ýaşyl baýdak obasyndaky 1 gatly, 2 öýli 2 sany gulluk ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
13 LOT № 116.
Ministrligiň zerurlygy üçin gerek bolan harytlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.
14. LOT № 121.
Ministrligiň binalarydyr desgalarynda abatlaýyş işlerini geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
15. LOT № 122.
Baş üpjünçilik we tyl müdirliginiň ýangyn söndürijilerini doldurmak we kuwwatlandyrmak.
Buýrujy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.
16. LOT № 123.
Bereket etrap prokuraturasynyň edara binasy üçin gerek bolan gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
17. LOT № 124.
Gulmaç geňeşliginiň edara binasyna, 200 orunlyk medeniýet öýüne, multimediýa tehnikalary bilen üpjün edilen 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebe, 160 orunlyk çagalar bagyna hem-de ýangyn howpsuzlyk bölüminiň edara binasyna barýan daşky elektrik geçirijileriniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
18. LOT № 133.
Halaç etrabyndaky güýjenmesi 110/35/10 kW bolan «Altyn asyr» elektrik bekediniň we güýjenmesi 110 kW bolan howa elektrik geçirijisiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
19. LOT № 134.
Dänew etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 20 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desganyň gurluşygy üçin harytlarywe enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
20. LOT № 137.
Ýokary kazyýetde hem-de garamagyndaky kazyýet edaralarynda we degişli ähli edara-kärhanalarynda sanly ulgamyň sazlaşykly işlemegi üçin interaktiw sensor panelli kompýuterleriň ikisini satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti.
21. LOT № 144.
Balkan welaýat prokuraturasynyň edara binasynyň durkuny täzelemek üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
22. LOT № 151.
Welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň awtoulaglaryna we traktorlaryna tekerleri hem-de akkumulýator batareýalaryny satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
23. LOT № 154.
Balkanabat şäherindäki Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüniniň ýanyndaky LED monitoryny çalyşmak üçin gerekli enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.
24. LOT № 165.
Çärjew etrabyndaky kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suw desgasyndan ilatly nokatlara çenli agyz suw geçiriji ulgamyň hem-de Köýtendag etrabynyň Magdanly şäheriniň 1-nji suw göteriji bekedinden Günhan ýaşaýyş massiwine çenli suw geçirijiniň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
25. LOT № 171.
Ahal welaýatynyň suwarymly ýerleriniň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin (II tapgyr) gerekli harytlarywe enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi.
26. LOT № 172.
Şäheriň ýaşaýyş toplumlaryndaky köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny agyz suwy bilen üpjün etmek üçin suw sorujy beketleriň we agyz suwuny arassalaýjy desgalaryň 30-synyň durkuny täzelemek (kuwwatlylygy 150 müň m3 bolan «Gündogar» suw arassalaýjy desgasy) üçin harytlary we enjamlary satyn almak.Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
27. LOT № 187.
Welaýat jemagat hojalygy birleşigine degişli jaýlarda, ýyladyş gazanhanalarynda, seýilbaglarda, seýilgählerde, suw çüwdürimlerinde reňklemek işlerini geçirmek üçin boýaglarysatyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
28. LOT № 191.
Kerki etrap kazyýetiniň edara binasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Lebap welaýat häkimligi.
29. LOT № 192.
Köşi ýaşaýyş toplumynyň günbataryndaky ýaşaýyş jaýlarynyň 68-siniň daşky eltiji inženerçilik ulgamlary üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.
30. LOT № 196.
Şabat etrabyndaky 56, 60-njy orta mekdeplere, Köneürgenç etrabyndaky 2-nji çagalar bagyna hem-de welaýat Jemagat hojalygy birleşigine degişli ýyladyş gazanhanalaryny düýpli abatlamak üçin harytlary we enjamlary satyn almak. Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.
Bäsleşik 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi.
Telefon belgileri:39-46-39, 39-46-38, 39-46-32.