SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň şamçyragy

Magtymgulynyň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiligidir. Halkyň dünýä hakyndaky oýlanmalary, dünýä düşünmeleri ähli çuňlugy we danalygy bilen şahyryň döredijiligine siňipdir. Ol özykbalyny bagyş eden işinde günbe-günden kämilleşip, ähli döwrüniň ussat şahyry hökmünde halkyň söýgüsini gazanypdyr.

Şahyryň döredijiliginde onuň ýaşan döwrüne degişli ähli ugurlarda bolup geçýän ýagdaýlara çeper sözüň üsti bilen parasatly baha berilýär. Esasan hem şahyryň döredijiliginde durmuşyň köpugurlarynyň jemlenmegi munuň anyk mysalydyr.

Muňa mysal edip şahyryň filosofik manyda dünýä akyl ýetirmek, watançylyk, ahlaklylyk, öwüt-nesihat, mertlik-namartlyk, söýgi temasynda we başga-da durmuşy meselelere bagyşlanýan goşgy eserlerini aýtmak bolar. Magtymgulynyň goşgy eserleri her bir türkmeniň öý-ojaklarynda mukaddes kitap bolup saklanylýar.

Adam gaýgyly, gam-gussaly bolan wagtynda hem-de özüniň begençli pursatlarynda şahyryň eserlerinden goşgy bentlerini okanda misli Pyragynyň hut özüniň onuň ýanynda öwüt-nesihat berip duran ýaly duýmak bolýar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň özboluşly aýratynlygynyň biri-de, çuňňur mana ýugrulan çeper goşgularynyň adamzada mahsus bolan gylyk-häsiýetleri özünde jemleýänligindedir. Hut şol sebäpli hem, şahyryň şygyrlary dünýä halklarynda aýdyma öwrülip, meşhurlyga eýe boldy. Munuň özi şahyryň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň artmagyna uly itergi berýän aňrybaş artykmaçlykdyr.

Magtymguly Pyragy öz döwrüniň öňe sü­ren ýiti meseleleriniň oňyn çözgüdini gözläp, durmuşda bolýan nogsanlyklary, olaryň pajygaly netijelerini ýürek hesreti bilen berk ýazgarypdyr. Türkmenleriň bir döwlete birik­mek, goňşy halklar bilen dostlukly ýaşaşmak garaýyşy şahyryň eserleriniň süňňüne ornaşypdyr.

Watançy şahyr Magtymgulynyň gahrymançylyk, il-ýurt, agzybirlik, birleşmek hakyndaky şygyrlary onuň döredijiligine iň görnükli orunlaryň birini eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Magtym­guly Pyragynyň türkmen halkynyň öňündäki in uly hyzmatlarynyň biri onuň agzybirlik ugrundaky tagallasydyr. Berkarar döwleti döretmek barada arzuw eden beýik şahyryň we akyldaryň röwşen umyt-garaýyşlarynyň hakdygyny taryh subut etdi.

Magtymguly Türkmenistanyň, aýratyn hem öz önüp-esen ýeri bolan Etrek, Gürgen töwerekleriniň giň, gözel we hasylly sähralaryny, daglaryny, tebigy baýlyklaryny, goç ýigitlerini taryplaýar. Şahyryň “Ýeli Gürgeniň” goşgusynyň şu setirleri-de oňa güwä geçýär:

 Öňünde belent dag, serinde duman,
Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň.
Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara,
Akar boz bulanyp, sili Gürgeniň,

Örän çylşyrymly döwürde ýaşan Magtym­guly öz döwrüniň her bir nogsanlyklaryna, ýa­ramaz hadysalaryna ýakyndan seslenip, köňül eleginden geçirip, olary berk ýazgaryp­dyr, olaryň öňüni almagy öz döwrüniň esasy wezipesi hasap edipdir hem-de türkmenleri agzybirlige, özara birleşip döwlet döretmäge çagyrypdyr.

Beýik akyldar Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde Türkmeniň berkarar döwlet bolmagyny, ajap eýýamy we bagtyýar durmuşyň waspyny eden şahyrdyr. Onuň:

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştba–puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

 diýen setirlerindäki berkarar durmuşyň häzirki döwürde amala aşandygyna göz ýetirýärsiň. Munuň özi şahyryň ynsanperwer pikirleriniň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen durmuş hakykatyna öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bulardan başga-da Magtymguly – dil, nesilleriň aňyýetini ösdürmekdäki, milleti kemala getirmekdäki hyzmatyna akyl ýetiren beýik söz ussady, öz eserinde türkmeniň ruhy dünýäsini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezen akyldardyr. Dünýäni Aý-Günsüz, göz öňüne getirip bolmaýşy ýaly hem türkmeniň ruhy dünýäsini hem Magtymgulusyz göz öňüne getirmek mümkin däldir.

XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatyna ser salsaň, ilki bilen, Magtymgulynyň eserlerinde duş gelýän salgylanmalaryň beýleki şahyrlaryňka meňzemeýändigi we edebiýatda öz täsirliligini ýitiren salgylanmalardan düýpgöter tapawutlanýandygy mese-mälim görmek bolýar. Ikinjiden, olaryň tematik baýlygy şahyryň bilim derejesiniň ýokary we dünýä garaýşynyň çuň bolandygyny görkezýär. Üçünjiden, şeýle salgylanmalary derňemek we olaryň düýp mazmunyny açyp görkezmek Magtymgulynyň döredijilik köklerini yzarlamak üçin örän wajyp bolupdurýar.

Türkmeniň beýik akyldary, şygyr sungatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragy ähli milletleriň, ähli döwürleriň umumy adamzat şahyrydyr. Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr.

 

Amangeldi Hojamberdiýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň

Oba hojalygynyň ykdysadyýeti kafedrasynyň mugallymy.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Il saglygy- ýurt baýlygy

Lukmançylygyň gymmatly gollanmasy

Saglygy goraýşyň belent ykrary

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy