Türkmen dünýäsiniň geň galdyryjy alamatlary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň içinden hem eriş- argaç bolup geçýär. Çünki onuň döredijiliginde eriş- argaç bolup geçýän hadysalaryň, ýagny girişleriň biri- de onuň nusgawylykdan modern şekile geçmesidir. Çünki şahyr öz poeziýasynyň her bir döwürde- de gymmatyny gaçyrmajagyny bilen bolmaly. Şahyryň döredijiliginiň täsin aýratynlyklarynyň biri- de onuň nusgawy edebiýatdaky şygyr senedini täzeçe işlemegidir.
Muny diňe täzelikçi okyjy, ýagny Pyragynyň döredijiligi bilen juda gyzyklanyp okaýan okujy basym göz ýetirer.
Çünki modaratorlyk her kesiň başarýan işi däl. Şygyrýetde modern äheňi skalamak üçin müňýyllyklaryň giňişliginden habardar bolmaly, çünki ol şeýlebir giňişlik, onuň hetdine her akyl ýetmejegi bellidir. Magtymguly Pyragynyň döredijiligini has çuňňur öwrenijiler bolsa, bu hakda hemişe jedelli gürrüňleriň içindedirler. Edebiýatyň gizlin syrlaryny bir –iki döwür üçin däl- de eýsem bakylygyň kämil jümlelerine öwürmek üçin şygyrlaryny şu gün hem okatmagy başarýan nusgawy edebiýatyň wekili dünýä alymlary üçin häzir hem jedellidir. Onuň döredijiligindäki aýratynlyklar, täsin pikir öwrümleri, filosofiýalar, hereketlendiriji güýçler günümiziň hem meselelerini öz içine alýar. Şol meselelerde täze baglar emele gelip, ol baglarda geçmişiň owazy ýaňlanýan ýaly bolýar.
Ulyny ul bilmeýänden,
Pire hyzmat kylmaýandan,
Sözden many almaýandan,
Tende jan bardyr, gaçaly… Bu jümleleriň her bir zamanda adamzat ahlagyna gerekdigi gümansyzdyr. Çünki ynsanyň dogry ýoly ýörelge edinmesi adatdandyr. Nusgawy edebiýatda hem şeýle adatlara ýüzlenen wagtyň şu günki gün hem bu mowzugyň zerurlygyna göz ýetriýärsiň.
-Taňry giň eýlese, bende köňlüni,
Ryzk agzyna girer, tutsaň elini,
Döwlet güzer etse, tapar ýoluny,
Geler bolsa, gider bolsa, tut ýagşy…
Şygyrda ýaşaýyşyň ýazylmadyk, ýazylan kanunlary barada inçelik bilen ezberleýän şahyryň ussatlygyna apperin. Dogrusy Magtymgulynyň her bir şygryndan, her bir jümlesinden hem geçmişiň hem şu günüň, hem gelejegiň sesi gelýär. Şol sebäpli- de ol modern şygryýet bilen nusgawy şygryýeti bir ara getirip bilýän ussatlygyny her gezek subut edýär.
Pyragy – hakykatdan hem ähli döwürleriň şahyry. Onuň döredijiligndäki aýratynlyk hem şundan ybarat. Ol her döwürde- de öz okyjysyny tapan şahyr. Şol sebäpli- de ony diňe bir türkmen edebiýatynyň däl, eýsem- de dünýä edebiýatynyň wekili hasaplanmagy hem onuň hem modern şygryýetiň, hem nusgawy edebiýatyň ussady bolmagy bilen subut edýär. Şygyrýetiň gözelligi hem şonda, her zaman öz okyjysyny tapýanlygynda, her zaman öz okyjysyna iýmit beribilýänliginde we ony geçmişdäki duýgular bilen gelejekki ädimlere baglap bolýandygyndadyr.
Aýgül Gurbanowa
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.