Türkmen halkynyň milli ruhuny bir ýere jemleýän, şygryýetiň beýik çynary bolan – Magtymguly Pyragy türkmen edebiýatynyň sütünlerindendir. Onuň döredijiligine diňe bir türkmen edebiýatynda ýa- da biziň ýurdumyzda däl, eýsem dünýäniň çar künjünde uly hormat goýulýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiligi özüniň syrlylygy, adamzat kalbynyň iň gizlin gatlaryny araýanlygy bilen birlikde, tebigat bilen adamzadyň arasynda perdelere ýakynlaşmaga çalyşýan beýik jümleleri özünde saklaýar. Şu güne çenli jedelli şygyrlary hakynda gürrüň etmek üçin, ilkinji nobatda onuň dünýäsine ýakyn bolan, pelsepe ylmyny, astronomiýany, geografiýany, himiýany, fizikany gowy bilmek, ondan soňra edebiýatyň janly “söz kürtesine” tarap, has ýakyn barmak, jümleleriň üsti bilen şygryň syrlaryny öňküsinden hem gyzdyrmak – bu şahyryň döredijiligindäki iň ýokary hil aýratynlygydyr.
Şahyryň döredijiliginde esasy orun tutýan zatlaryň biri hem älem- jahan gözellikleri we olaryň arasyndaky baglanyşykdyr. Çünki bahar paslynyň gelmegi bilen läle getirýän tebigatyň arasynda, adam bilen adamyň arasyndaky baglanşyklar hakynda ýazýan şahyr, ynsan tebigaty bilen baglanşykly syrlary gözleýär. Onuň gözleýän syrlarynda älemiň ruhy bar.
Syrly jümlelerde Pyragynyň içki dünýäsi bilen birlikde onuň edebiýatdaky derejesiniň, şygyr dünýäsiniň kanunlaryny ezberläp, taraşlap kapiýalara salmak derejesiniň gözelligine baş egmäge mümkinçilik bar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki syrly jümleleriň hersinde täze bir many, täze bir ylham ýaýlasyna ýol açýan syrly älemler bar. Jümleleriň arasyndan şahyryň dünýäsini syzmak bolýar. Jümleleriň arasyndan şol dünýäniň penjirelerine seredip, olardan lezzet almak mümkinçiligi döreýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki aýratynlyklar hem bulardan ybarat bolup durýar. Her gün öz şygyrlarynda täze bir gapy açyp bilýän jümle gatlaryna okadygyňça, täze zatlar almaga mümkinçilikler bar. Şol sebäpden hem Pyraga bolan sylag, jedeller hem- de onuň döredijiligindäki syrly manylary adamzat dahylylygy edip, dünýä edebiýatynda täze bir älem açmaga mümkinçilik döredýän oňa bagyşlanan maslahatlaryňdyr, konferensiýalaryň hetdi- hasaby ýokdur.Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny öwreniji alymlaryň bellemegine görä, “Onuň şygyrlaryndaky täsinlik- onuň gözleglerindäki kämillik bilen birleşip, bir bitewi nokady- merkezi emele getirýär” Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijilik aýratynlygy hem onuň şygyr dünýäsinde pikir giňişligini açýanlygy bilen ölçelýär. Şeýlelikde onuň döredijiligine ýüzlenen halatyň ruhy dünýäňde täze bir basgançaklar açylýar- da arşy duýgular emele gelýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi şol sebäpli- de gyzykly, syrly hem-de bütünadamzat ähmiýetlidir. Şol sebäpli- de owadandyr we jedellidir. Ýurdumyzda 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan güni mynasybetli geçiriljek uly dabaralara, halkara konferensiýalaryna gatnaşmak üçin dürli ýurtlardan alymlardyr, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenijiler gelmek üçin bu günki günlerden taýýarlyklar görýärler. Şol sebäpli- de biz hem öz ýokary okuw jaýymyzda bu maslahatlara birnäçe wagtdan bäri taýýarlanýarys. Bu bolsa, biziň Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki täsin hazynalara ýene bir gezek ýakynlaşmaga, onuň gudratly jümlelerinden ruh almaga mümkinçilik döreder. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has içgin tanyşmaga ýollar açar.
Aýna Mämmedowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.