MEDENIÝET

Uzak aralyga uçan guşuň rekordy

Limosa atly guş Alýaskadan Awstraliýa çenli 13,5 müň kilometr aralygy iýmit üçin durman we dynç alman uçup geçdi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleriniň habaryna görä, guş iň uzyn dynuwsyz uçuş üçin täze rekord goýdy.

“234684” belgili bu guş, Alýaskadan Awstraliýanyň Tasmaniýa ştatyna çenli 13,560 kilometr ýoly külterledi. Rekord eýesiniň arkasyna berkidilen hemra enjamynyň maglumatlaryna görä, uçuş 11 gün bir sagat dowam etdi. Bu döwürde göçüp barýan guş ýeke gezek hem gonmady.

Öňki rekord hem limosa guşlaryna degişlidir. 2020-nji ýylda bäş aýlyk guş 350 kilometre çenli uçdy. Ondan öň bolsa bu rekord 2007-nji ýylda 11,5 müň kilometr gonman uçup geçen limosalara degişlidi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy