BIZNES

Owganystanda sport awtoulagy öndürildi

Owganystan özüniň ilkinji sport awtoulagyny tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Halkara bäsdeşlige ukyply boljak bu ulag “Mada 9” adyna eýe bolup, Katardaky sergide görkeziler.

Owgan neşirleriniň habar bermegine görä, “Entop” awtoulag dizaýn kompaniýasynyň işgäri we inžener-oýlap tapyjysy Muhammad Riza Ahmadi “Mada 9” kysymly ulagyň 5 ýylyň dowamynda 30 adamdan ybarat topar bilen bilelikde işlenip düzülendigini mälim etdi.

Owganystanyň Maglumat tehnologiýasy ministrliginiň we Innowasiýa merkeziniň goldaw bermeginde taýýarlanan awtoulagyň hereketlendiriji üçin “Toyota Corolla” kysymly ulagyň hereketlendirisi ulanyldy.

Bu awtoulag Katardaky “Doha Expo 2023” sergisinde görkeziler we ulaga bolan gyzyklanma seljeriler.

Related posts

Gyrgyzystan Türkmenistan bilen elektrik energiýasy boýunça ylalaşyk baglaşar

Türkmenistanda “Galkynyş” töleg ulgamy işlenip düzüldi

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodda täze taslama

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment