MEDENIÝET

Dünýäniň iň owadan zenanlary

Her ýyl dünýäniň iň gowularyny saýlaýan “TC Candler and Independent Critics” 2022-nji ýylyň iň owadan 100 zenanynyň sanawyny mälim etdi. “The 100 Most Beautiful Faces 2022” (“2022-nji ýylyň iň owadan 100 ýüzi”) atly bu sanaw ses berlişik esasynda saýlanyp, olaryň arasynda fotomodeller hem-de aýdymçylar köpdür.

Sanawa professional türgenleriň 2-si – futbolçy Ana Maria Markowiç bilen amerikaly ylgaýjy Sidni MakLaflin hem girmegi başardy. Sanawda Lili Kollins, Margo Robbi, Emili Klark, Emma Watson, Elle Balinska, Lupita Nýong’o, Ana De Armas, Gal Gadot ýaly aktrisalar, Ariana Grande, Dua Lipa ýaly aýdymçylar, “Blackpink” k-pop toparynyň görnükli wekilleri hem bar.

Sanawda 1-nji ýeri amerikaly super fotomodel Jasmin Tuk eýeläp, ol 2022-nji ýylyň iň owadan zenany saýlandy. Sanawdaky başga bir super fotomodel hem amerikaly Teýlor Hill bolup, ol 67-nji orny eýeledi. 2-nji ýerde koreýaly-amerikaly aýdymçy Nensiniň, 3-nji orunda-da “Blackpink” toparynyň agzasy, dünýä belli k-pop ýyldyzy Lisanyň ady bar. Russiýaly influenser Daşa Taranyň 4-nji bolan sanawynda tailandly aýdymçy Sitala 5-nji orny eýeledi.

Related posts

Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebine kabul edilşik

Ata Watan Eserleri

Begmyrat Annamyradow “ABU 2023” aýdym festiwalynda çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti ýaş aýdymçylaryň 10-syny ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglady

Leave a Comment