SÖHBETDEŞLIK

Kakajan Muraýew:  Durmuşyma baglanan sungat ýolum

Ynsan çagalygyndan eýýam haýsy kärde zähmet çekjegini, haýsy ugur bilen durmuş ýoluny baglajagyny özüniň çagalyk isleglerinde aýan edýär. Her bir işini ýa-da islendik bir wakany şol arzuwlaryna tarap alyp gidýän ýollar arkaly amala aşyrýar. Sungat ýoly we bu ýoly öz ömrüne ýoldaş edinen ynsan eýýäm çagalygyndan, ýaşlygyndan bu ugur bilen gyzyklanyp, meşgullanyp başlaýar. Şeýle sungat wekiliniň biri-de «Türkmen owazy» teleýaýlymynda zähmet çekýän, öz döredijiligini alypbaryjylyk sungatynda açyp görkezýän «Owazly ýaşlar» telegepleşiginiň alypbaryjysy Kakajan Muraýew bu gün biziň «www.atawatanTürkmenistan.com» saýtymyzda myhmançylykda. Kakajan ilki bilen çakylygymyzy kabul edip, saýtymyzyň söhbetdeşlik bölüminiň myhmany bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Ýurdumyzda zehinli, görnükli, ýaşlary, halypa sungat ussatlary barada söhbet etmek we bu söhbetdeşligi halk köpçüligine ýetirmek biziň saýtymyzyň döredijilik işgärleriniň ýadaman, ýaltanman söýüp ýerine ýetirýän işleriniň biri. Şonuň üçin sungat ynsanlarynyň bizi gyzyklandyrýan sowallarymyza berýän jogaplary biz we biziň okyjylarymyz üçin örän gyzykly.

Kakajan ilki bilen adatdakylarymyz ýaly sungat ýoluna gelşiňiz we alyp baryjylyk ugruny saýlap alma sebäbiňiz dogrusynda söhbetimize başlaýaly.

 ― Sungat bu ynsanyň içki duýgusyny açyp görkezýän gözellik. Bu duýgynyň eýeleri bolsa halka hyzmat etmek bilen bu duýgyny gözellik galybyna guýup köpçülige ýetirýärler.

Sungat ýoluna girişmegim meniň çagalyk döwrümden başlady. Ilkiler men aýdym-saz bilen gyzyklanýardym, halypalaryň döredijiligindäki aýdymlary diňlärdim. Alypbaryjylyk bilen bolsa 2009-njy ýylda etrabymyzda alypbaryjylaryň arasynda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolmagym bilen başlady. Her bir işdäki üstünligiň ynsanyň geljegindäki arzuw hyýallarynyň amala aşmagyna ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär.

Halypalaryňyz dogrusynda söhbetimizi dowam etsek…..

― Ilkinji halypam sungat ussady Baýly aga, soňra ýokary okuw mekdebinde Türkmen döwlet medeniýet institutynda Handurdy mugallym, gaýbana halypalarym Kadyr Atabaýew, Ogulbagt Çaryýewa.

Halypa her bir işiň başyny tutanda şol işden maksadyňa ýetmeklige ýardam berýän uly hazyna. Islendik ugurdan halypa görüp, şol ugry ele alsaň, şol ugry kär hökmünde saýlamak o diýen kyn bolanok.

Durmuş gözelligi diýip nämä düşünýärsiň?

 ― Durmuşyň gözelligi ýurdumyzyň abadançylygynda, parahatlygynda, bagtyýar ýaşaýyşda. Säher bilen täze dogan güni ýüze sylmak, maşgala agzybirliginde ertirlik edinmek, arzuwlan gün tertibiňde ýaşamak bularyň ählisi durmuş gözelligini döredýär. Esasanam şu gözellikleriň barlygyny duýup we gadryna ýetip ýaşamak durmuş gözelligini ebedi bolmagyna ýardam edýär.

Alypbaryjylyk sungaty baradaky pikirleriňiz.

 ― Alypbaryjylyk sungaty bu ynsanyň döredijilik ukybyny açyp görkezmäge mümkinçilik berýän sungat ugry. Alypbaryjy dile çeper, islendik temada gürrüň açylanda şol gürrüňe goşulyp bilýän, ylym-bilimden ýüki ýetik ynsan bolmaly. Çünki gepleşikler ýazga geçirende onuň ugurtapyjylygy, garşysyndaky söhbetdeşi bilen arabaglanyşygynyň ýeňil bolmagyna, isleýän jogaplaryny almagyna ýardam edýär.

Alypbaryjy dabarany, çäräni taýýarlanan meýilnamany ulanyp öz isleýşi ýaly gyzykly, şowhunly alyp baryp bilýär. Alypbaryjylyk sungatyny durmuşyna baglan ynsanlar esasan özüniň ukyp-başarnygyna, täzeçil garaýşyna daýanýar.

Ýaýlyma gidýän gepleşikleriň lezzetli we kynçylykly taraplary.

 ― Ýaýlyma gidýän gepleşikleriň tele we radio görnüşleri bolup, häzirki wagtda sanly ulgamyň ösmegi netijesinde internet üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýän gepleşikler hem bar. Gepleşigiň lezzetli bolmagy üçin esasy tema saýlamagy başarmaly. Halk arasyndan, olaryň gyzyklanýan temalaryndan gepleşik taýýarlamak lezzetli we dynç almaga niýetlenen gepleşikleriň hataryna goşulýar. Esasan hem şadyýan, aýdym-sazly gepleşikler ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýar. Tele-radio geplepleşikleriň şeýle bolmagy gepleşigiň netijeli we tomaşaçylarynyň köp bolmagyna mümkinçilik berýär.

Gepleşigiň kynçylykly taraplary barada aýdanyňda bolsa käte beýle ýagdaýlar hem bolýar. Çünki bir gepleşigiň ýazga geçirilmegi üçin diňe alypbaryjynyň ýa-da gepleşige gatnaşýan myhmanyň bolmagy ýeterlik däldir. Operatorlaryň, redaktorlaryň, tehnik işgärleriniň, režissýoryň, çyra bezegleriniň hem hyzmatlary uludyr. Şonuň üçin her bir işgär öz ýerinde bolup işlerini ýerine ýetirse şol gepleşigiň ýazga geçirilmeginde kynçylyk bolanok.

Gepleşigiň şowly çykmagyna mümkinçilik berýän sebäpler.

 ― Gepleşigiň şowly çykmagy üçin esasy edýän işiňi söýüp ýerine ýetirmeli. Ýokarda aýdyşym ýaly taýýarlajak gepleşigi halk arasyndan taýýarlamaly, onsoňam ýasama hereketlerden daş-da durmaly, erkin alyp barmak, erkin temalary saýlamak aýtjak sözleriňi düşnükli sada dilde ýerine ýetirmek gepleşigiň şowly we gyzykly çykmagyna ýardam edýär. 2 ýyl bäri «Türkmen owazy» teleýaýlymynda gepleşik ýazga geçirýän welin her gezek sagbolsun eşidenimde täze döredijilige, täzeçil garaýyşlara ruhlanýaryn. Şonuň üçin şowlylygyň ilkinji ädimi eden işiň halk köpçüligine ýaramagy we olaryň sagbolsunyna mynasyp bolmakmyka diýip düşünýärin.

Sungat adamsyna mahsus häsiýetler.

― Sungat adamsy halka görelde bolýar. Şonuň üçin onuň adamkärçilik sypatlary belent, düşünjesi giň islendik ýaşdaky ynsan bilen gürleşmegi başarýan bolmaly. Asylly we sada bolmaly. Geýnişi, oturup-turşy umuman ähli babatda görelde alarlyk ynsan bolmaly.

Maşgala mukaddesligi.

 ― Maşgalam ― baş galam. Bu jümläniň aňyrsynda uly many bar. Maşgala her bir ynsanyň dynç, lezzet, güýç alýan ýeri. Maşgalanyň abatlygy her bir adamyň döredijilikli zähmet çekmegine, mynasyp watan perzendi bolmagyna mümkinçilik berýär. Maşgala abatlygy watanymyzyň abatlygy, maşgala bagtyýarlygy watanymyzyň bagtyýarlygy çünki maşgala kiçi döwlet hökmünde garalyp, onuň abadançylygy, bitewiligi döwlet derejesine ýetirilýär.

Maşgala mukaddes çünki maşgala agzalary hökmünde ynsanyň iň ýakyn adamlary onuň töwereginde ýaşaýar.

Nirede we kimler bilen dynç almagy halaýarsyňyz?

 ― Açyk howada öz ýakynlarym bilen dynç almagy halaýan. Pyýada gezim edip köpçüligi synlamagy hem gowy görýärin.

Kakajan, sungat äleminde ýaşap başlalyňyz bäri haýsy häsiýetiňiz üýtgedi.

― Sungat meniň durmuşyma gireli bäri köp häsiýetlerime üýtgeşme girizdim. Sungat adamsy mälim köpçülik bilen iş salyşýar. Il arasynda-da herhili häsiýetli adamlar bar. Şol häsiýetleri öwrenip şolara görä hereketde bolmalydygyny, islendik ýagdaýdan çözgüt tapyp ondan baş alyp çykmalydygyny, ugurtapyjylyk we ýadawsyz zähmet çekmekligi öz häsiýetimde terbiýeledim. Sungat dünýäsinde ýaşamagym, halk köpçüligi bilen arabaglanyşykda bolmagym maňa köp zatlary öwretdi.

«Owazly ýaşlar» gepleşigiň ilkinji myhmany kim boldy?

 ― Gepleşigiň ilkinji myhmany M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby Humaý Kakaýewa boldy.

Ynsanlarda halaýan we halamaýan ýedi häsiýetiň.

Halaýanlarym: 1. Agraslylyk

  1. 2. Akyllylyk
  2. 3. Dogruçyllyk
  3. 4. Edeplilik
  4. 5. Göwniaçyklyk
  5. 6. Bir sözlülik
  6. 7. Özüne seredýän.

Halamaýan häsiýetlerim şularyň tersi.

Geljekki maksatlaryňyz.

― Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz. Elbetde sungat dünýäsiniň wekili bolup öňüňde maksat goýmany, täzeçil pikirleriňi ulanmany ýaşamak mümkin däl. Men hem geljekde zähmet çekýän ugrumdan täze sahypalary döretmegi, halka ýaraýan gepleşikleri ýazga geçirmegi maksat edinýän. Ýaýlym arkaly hödürleýän gepleşiklerimi halk köpçüligi bilen gatnaşykda, pikir alyşyp ýerine ýetirmegi isleýän.

Kakajan Muraýewiň şahsy maglumatlary:

 Doglan senesi: 09.08.1995ý.

Doglan ýeri: Daşoguz welaýatynyň Görogly etraby.

Bilimi ýokary Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy.

Häzirki wagtda «Türkmen owazy» teleýaýlymynda zähmet çekýär.

Maşgalaly.

Halaýan sport görnüşi ýeňil atletika, welosipedli gezelenç etmek.

Halaýan tagamlary: Dograma, palow.

Halaýan reňki: Ak we gara.

Söhbetdeş bolan: Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

 

 

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym