Şol bir wagtda Messiniň bu görkezijä özüniň “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde çykyş edýän bäsdeşi Ronaldodan 150 duşuşyk az oýnap ýetendigi bellenilip geçilýär.
35 ýaşyndaky Messi Fransiýanyň çempionatynyň 8-nji tapgyrynda “PSŽ” bilen “Lion” toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş goluny geçirdi. Duşuşyk 1:0 hasabynda tamamlanypdy. Bu gol Messiniň täze möwsümdäki 4-nji goludyr.
Şeýle hem Messi geçen hepde ýene-de bir rekordyň eýesi boldy. Ol UEFA-nyň Çempionlar ligasynda bassyr 18 möwsümde tapawutlanmagy başaran ilkinji futbolçy boldy.
