BILIM

Talyp-2022:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

1. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
4. Gidromeliorasiýa.
5. Weterinariýa.
6. Ýer ulanylyşy.
7. Maglumat ulgamlary.
8. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
10. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
11. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy.
12. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.
13. Ösümlikleri goramak.
14. Tokaý we seýilgäh hojalygy.
15. Agrohimiýa.

Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta bi­lim­den pes bol­ma­dyk binýat­da bi­li­mi bo­lan, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş         sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri boýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär. Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl.
Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki or­ta hü­när okuw mekde­bin­de okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp ba­ryl­ýar.

Resmi iş kagyzlary Aş­ga­bat şä­he­rinde we we­la­ýat­la­ryň mer­kez­le­rin­de 2022nji ýy­lyň 11-nji iýu­ly — 13-nji aw­gus­ty araly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

—bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— bi­li­mi ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);
— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­siniň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— okuw ders­le­ri bo­ýun­ça mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňiji­le­ri,‚ hal­ka­ra bäs­le­şik­le­re gat­na­şan Türkme­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler, ýo­kar­da gör­ke­zi­len resmi­na­ma­lar    bi­len bir­lik­de, res­mi­na­ma­lary ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşak­da­ky­la­ry     gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— pas­por­ty­ny;

— har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny ýa-da ýazy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça   har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär bäs­le­şik­siz we (ýa-da) oku­wa ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.
Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we galp res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jogap­kär­çi­lik çek­ýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki ag­ro­se­na­gat or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de
(Aş­ga­bat şäheri) we we­la­ýat mer­kez­le­rin­de aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň16-sy gü­ni;

Le­bap we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 18-i gü­ni;

Bal­kan we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 20-si gü­ni;

Ma­ry we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 22-si gü­ni;

Ahal we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 24-i gü­ni;

Aş­ga­bat şä­he­ri — aw­gust aýy­nyň 26-sy gü­ni.

Giriş synaglary aşak­da­ky okuw dersle­ri bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýär: hü­när­ler: dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy; pagtanyilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy — hi­mi­ýa, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş; buhgalterçilik hasaba alnyşy — ma­te­ma­ti­ka, bio­lo­gi­ýa, Türk­menis­ta­nyň ta­ry­hy;
hü­när­ler: çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy; turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy;
oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; ösümlikleri goramak; weterinariýa; agrohimiýa; tokaý we seýilgäh hojalygy — hi­mi­ýa, bio­lo­gi­ýa, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy; hü­när­ler: maglumat ulgamlary; ýer ulanylyşy; gidromeliorasiýa; oba hojalygynyň mehanizasiýasy — ma­te­mati­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.
Okuw ders­le­ri bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.
Okuw ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä
ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri boýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky
sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.
Gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýagda­ýyn­da, bäsleşiksiz we talyplyga kabuledilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soň­ky 2-3 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nan we et­rap hä­kim­li­gi ta­rapyn­dan de­giş­li hü­när­le­re hö­dür­le­nen kären­de­çi­ler we mülk­dar­lar;

— “Bi­lim ha­kyn­da” Türk­me­nis­ta­nyň Kanu­ny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şin­de kes­git­le­nen düz­gün­le­re la­ýyk gel­ýän­ler peý­da­lan­ýar­lar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2009-njy (Görogly)   köçe, 143, tel.: 34-98-91, 34-91-24.

 

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar

Türkmen talyplary Polşadan 26 medally dolandylar

“TechGirls” maksatnamasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak maslahatlaşyldy

MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

Ata Watan Eserleri

Ýanwar-oktýabr: türkmen okuwçylary we talyplar halkara olimpiadalarda 813 medal gazandy