SIZDEN GELENLER

Ýeňleseň, dertden ýeňleseň, ejeň ýüregňi diňlese…

“Ömrüň ejeli günleri…”

Hormatly okyjy! Köpden bäri gitdigiçe çaltlaşýana meňzeş durmuşyň akymy bilen akyp ýörşüme seniň bilen paýlaşmak isleýän pikirlerimiň baryny içimde göterip ýörün. Aslynda ýazyjylar, şahyrlar ynsanlara bir zatlary habar bermek üçin dünýä gelen ýaly göwnüme bolmasa?! Sebäbi käbir, juda adaty hem ýönekeýje zatlar ynsan ömrüniň özenidigini biz köplenç ýatdan çykarýarys. Ýöne eýýäm şol özen diýen zatdan mahrum bolan adamlaryň sözünden, söhbetinden sapak alýarys-da kän zada gözümiz açylýar!

Men size “Ömrüň ejeli günleri…” atly rubrikany hödürlemek bilen, eýýäm golaýlap gelýän ýylyň iň owadan, iň mähriban, iň ýylgyryşa we ýylylyga baý baýramy bolan Halkara zenanlar gününe çenli ejelerimiz bilen bagly iň ajaýyp ýatlamalary, süýjije söhbetleri paýlaşmak isledim! Onda näme eziz okyjy, ýör, ömrüň ejeli günlerine sar/y syýahata!

“Heläkçilige uçrap barýan bir uçaryň içinde hemmeler howsalaly ýagdaýdakalar, hat-da ömür bilen ölmüň araçäginiň asman bilen zeminiň arasyndaky birnäçe kilometr bilen ölçenilýän pursatynda hem bu juda köp adamly uçarda bir adam juda rahat, ýylgyrypjyk otyrdy. Sebäbi ol ejesiniň gujagynda oturan çagady…”

Her gezek şu tymsaly aňymda aýlanymda bu başagaý barlyk, durmuş, ykbal, ýazgyt-kysmat diýen ýaly içgysgynç pikirler hem-de ozal, ýagny ejem bar mahalynda ejemi ýatlan dessime bu gaýgy-aladalaryň birje sekuntda aňymdanam, dünýämdenem sumat bolşy serime dolýar. Hawa, adam ene-atasy bar mahalynda ýaşy näçe bolsa-da entek içinde bir ýerlerde lälijek çagalygy bukulyp oturýar. Ene-atasyna gözi düşen badyna bolsa, ol derrewjik şol çagalyk duýgulary bilen dolýar. Çünki ony balam diýip ezizleýän, dilegi bilen apalaýan, dogasy bilen penalaýan ezizi, mähribany bar. ine şoň üçin hem, diňe şoň üçin hem bu durmuş ýaşanyňa juda-juda degýändir! Könelermiz “Heňňam uzak, ömür gysga” diýipdirler. Ömürden hakyky lezzet alyp ýaşan günleriň, çynlakaýdan bagtly pursatlaryň bilen ýaşyöy kesgitlemeli bolsa…

“Ozalam bir ýat ülkede sergezdançylyk çekip ýören adam gonamçylyga zyýarat etmegi ýüregine düwüpdir. Zyýarathana baran badynada bir mazar daşyndaky täsin ýazga gözi düşüpdir. Mazaryň eýesiniň doglan we dünýeden gaýdan wagty hem-em ýaşy ýazylan ekeni. Ýöne onuň ýaşy ýaşan wagtyndan ep-esli kemeldilip ýazylypdyr. Hat-da juda az ýazylypdyr. Bu ahwaly ýalňyşlyk bolupdyr diýip düşünen zyýaratçy zyýarathananyň müjewirine bu ýagdaýy tizden-tiz ýetirmäge girişipdir. Müjewür ýylgyrypdyrda mazara başyny atyp:  “Bu onuň öz islegidi, meň hakyky ýaşan ömrümi däl-de, hakykatdan ýaşan wagtymy ýazyň, olam meniň ene-ataly müddetimdi” diýipdi. Bu täsin jogaby eşiden zyýaratçy öz içinden “Men doglan günüm ölüpdirin” diýip pikir ýöredipdir…”

Hawa, biz hemişe şeýle barlygymyzyň gymmatyna diňe ýitirenimden doňra aklymyz ýetýä. Adam şu dünýede ýaşap ýören mahaly öz gymmatlyklarynyň nämedigine düşünse şol hakyky bagtly adam bolýar. Bu meniň nukdaý nazarymdan şeýle… men size durmuşy öwretmek niýetinde däl-de, durmuşdan öwrenen zatlarymy paýlaşmak niýetinde bulary ýazýan. Nyşana ok atmagy öwredýän ussat eline iki ok alyp nyşana atmaga taýýarlanyp duran şägirdiniň elindäki okuň birini alyp döwüp goýberipdir. Şägirt ussadyndan:

  • Siz näme üçin meniň ikinji okumy aldyňyz?! Diýip sorapdyr.
  • Men seniň ikinji okuňy däl-de, birinji okuňy aldym, ol barybir nyşanadan sowa geçerdi.
  • Ýöne näme üçin?!
  • Sebäbi sen atyp durkaň özüňde ýene-de bir synanmak mümkinçiliginiň barlygy üçin arkaýyn bolardyň…

Biz köplenç şu şägirdiň pikiri bilen ýaşaýarys. Biz hut şu günki etmeli zatlarymyzy ýene-de bir mümkinçilik bolanynda ederis diýip özümizi juda arkaýyn duýýarys. Ýşne durmuş biziň mümkinçiliklerimizi şol ussat ýaly garaşmaýan ýerimizden alýarda oturyberýär. Özem iň gynançly ýeri seniň näme üçiniňe jogap berjek adam ýok!

Ahwallaryň ähtimallygyny elden bermeli däl. “Gelip dur ataňöýne entek ejeň dirikä” diýip başlanylýan “Sargyt” atly goşgyma gaty köp adamlar, bir-ä ejelerini aldyranlar, birem ejeler tüýs ýürekden kabul etdiler. Sebäbi men ejeli günleriň dadynyň başga ekenligini duýanymdan soň ýazdym bu goşgyny. Ine şu pikirler bilen men sözümiň başynda ýazyjy-şahyrlar ynsanlara bir zatlary habar bermek üçin dünýä gelen ýaly diýdim. Sebäbi:

Şowludyr ädimiň, daş ýarar bagtyň,
Dileginden dertler sowular geçer.
Düşün, bu dünýede iň hezil wagtyň,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň.

 Mydam jan sözüni goşar adyňa,
Garramak, ulalmak düşmez ýadyňa.
Mundan başga näme gerek adama,
Törüňi dolduryp otyrka ejeň?!

 Dünýede ejeňe aýdanyňda ýeňlemejek ýekeje dert, olam enäniň saglygy bilen bagly dertdir. Galan gam-gussanyň ählisi enäniň ýeke sözünden gar bolup erär gider. Adama öz enesinden ýakyn hem-em enesinden wepaly dostuň ýoklugyny bolsa gaýtalap oturmak artykmyka diýýän. Ýaşa, işle, döret ejeň barka, kakaň barka! Çünki olardan aýra düşmek şeýle bir yza, ol hat-da bar zady unudyp gülýän mahalyňda-da agyrýar.

Sen entek hakyky ýaşaýşyňy dowam edýän bolsaň, diýmek ählije zat öz eliňdedir. Enäniň dogasyndan güýçli melhem, gudrat görmedim entege çenli. Ýetmeli maksadyň bolsa, ejeň ak patasyny al! Ýetilmedik menziliň bolsa kakaňdan haýyr dogasyny al! Ýöre, ylga, işle, başdan başla baryny! Sen hakykatdan ýaşaýanlygyňy unutma… ynsanyň ömür tanapy diňe öz ölümi bilen kesilmeýär. Hakyky ýaşaýyş eliňde wagty hakyky beýik işleri amal etmäge howluk. Iň esasysy hem ejeň dilegleri ýaly sada bol, ýene-de şol dilegler ýaly güýçli bol! Saňa älem gujagyny gerer. Göwünde dörän niýet, öňmürde hasyl bolar!

Gülşirin HANOWA.

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti