Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan sport syýasatynda halkara we sebitara sport guramalary, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn orun degişlidir.
Bu hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary esasynda yzygiderli giňeldilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelindäki 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni hökmünde ykrar edilýändigini tassyklaýan Kararnamanyň kabul edilmegi, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň 15-nji martyndaky 76-njy sessiýasynyň 6-njy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmeginde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi eziz Diýarymyzyň parahatçylygy, dostlugy, oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygynyň ykrarnamasy boldy.
Welosportuň ýurdumyzdaky taryhy 1894-nji ýylda Aşgabatda welosipedçileriň jemgyýetiniň döredilmegi hem-de şondan bir ýyl soň ilkinji gezek welosiped ýaryşynyň geçirilmegi bilen baglanyşyklydyr. Sportuň bu görnüşi boýunça eziz Diýarymyzyň 2 sany dünýä rekordynyň eýesidigini hem buýsanç bilen belläp geçmegimiz gerek: 2018-nji ýylda merjen paýtagtymyzyň «Aşgabat» köpugurly stadionynda welosiped sürmek boýunça iň köp sanly watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi hem-de dünýä rekordy goýuldy. Şeýle hem 2019-njy ýylda 2019 sany welosipedçiniň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişi» geçirilip, Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi.
Welosiped ekologiki taýdan arassa, howpsuz, ynsan saglygy üçin diýseň peýdaly hasaplanylýan ulagdyr. Aslynda, welosipediň döreýşi barada dürli maglumatlar bar. Şolaryň aglabasynda ilkinji bolup welosipedi 1817-nji ýylda nemes oýlap tapyjysy Karl fon Dreziň oýlap tapandygy aýdylýar. Hut şonuň üçin hem ilkinji welosipedleriň adyna «drezina» diýipdirler. Maglumatlara görä, ilkinji welosipedler agaçdan ýasalypdyr. Şeýle sada welosipedleriň 1808-nji ýylda Parižde ulanylandygy barada maglumatlar bar. Olary sürüji iki aýagy bilen ýerden itekläp hereketlendirmeli bolupdyr.
Welosiped sürmek bedeniň ösüşini gowulaýar, saglygy berkidýär. Ähli myşsalaryň herekete gatnaşmagy netijesinde bedeniň madda çalşygy güýçlenýär, dem alyş çuňlaşýar we öýkeniň işleýşi kadalaşýar. Dem alyş ýollarynyň, ýürek-damar ulgamynyň işini gowulamakda welosiped sürmek peýdalydyr. Yzygiderli welosiped sürülmegi netijesinde dokumalarda kislorod köpelýär, munuň özi bedendäki ýaglaryň okislenmegine, artykmaç ýaglardan dynmaga getirýär, osteohondroz, radikulit, newralgiýa we warikoz keselleriniň öňüni almaga kömek edýär.
Nerw dartgynlylygyndan saplanmak üçin-de welosiped sürmegiň peýdasy uly. Ähli myşsalaryň deň hereketi bedeniň içki agzalaryna täsir edip, fermentleriň bölünip çykyşy, arterial gan basyşy kadalaşýar. Aýak myşsalaryna we bil oňurga deň agram düşmegi göwräniň gönelmegine, ýöreýşiň ýeňilleşmegine, synanyň syrdamlaşmagyna täsir edýär. Umuman, sportuň bu görnüşi uzak hem sazlaşykly ýaşamagyň syrydyr.
Welosipedi sürmegiň beýleki ulaglara garanda, ekologiýa taýdan arassa ulagdygyny, üstesine-de, hemişe welosiped sürmegiň adamyň saglygyna peýdalydygyny bellemek onuň ynsan durmuşyndaky ähmiýetiniň uludygyna güwä geçýär.
BMG-niň senenamasynda bu senäniň peýda bolmagy eziz Diýarymyzyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge milli, sebit hem-de ählumumy möçberde jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini kämilleşdirmäge goşýan ägirt uly goşandynyň ýokary bahasynyň subutnamasyna öwrüldi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ekologiýa meselesi ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Ykdysady we durmuş strategiýasy hem ekologiýa bilen berk baglanyşyklydyr. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeleriň we pudaklaýyn maksatnamalaryň, iri düzümleýin taslamalaryň aýrylmaz bölegidir.
Aman Hojalyýew,
Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ mugallymy.