Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda öz ösüşiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne ynamly gadam basdy. Döwlet Baştutanymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmegi esasy maksatlaryň biri hökmünde kesgitledi.
Ösüşiň aýdyň ýoly bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady ösüşini durnukly saklamak we mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmek ugrunda möhüm çözgütler kabul edilýär. Şu ýylyň fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» muny doly tassyklaýar. Bu maksatnama ata Watanymyz Türkmenistany geljek 30 ýylda ösdürmek babatda ileri tutulýan ugurlary, täzeden-täze maksatlary we öňde goýlan örän wajyp wezipeleriň ençemesini öz içine alýar.
Häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň aýratyn üns merkezinde durýan ugurlaryň biri hem nebitgaz pudagydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny düýpgöter özgertmek maksady bilen pudaga döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we häzirki zaman maglumat giňişligini döretmek bilen bagly wezipeler kabul edilen Milli maksatnamada aýratyn görkezilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berer.
Döwletimiz diňe bir çig malyň ýurdy bolman, eýsem, öndüriji ýurtdur. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ençeme görnüşine daşary ýurt bazarlarynda isleg ösýär. Bu bolsa hyzmatdaşlyk edýän ugurlarymyzyň has giňelýändigini aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, eksporta iberilýän önümleriň möçberi 2025-nji ýyla çenli ep-esli artar.
Tebigy gazyň eksporta iberilýän möçberiniň yzygiderli artdyrylmagyna garaşylýar. Daşary ýurtlara artykmaç öndürilen önümleri eksport etmek işi höweslendirilýär. Eksport önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça netijeli çäreler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetimizi pudaklaýyn diwersifikasiýalaşdyrmagyň esasy ýörelgesinde hem daşarky we içerki bazarlaryň isleglerini düýpli öwrenmek bilen, ýurduň sarp ediş bazarynda importyň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi, hyzmatyň hiliniň ýokarlanmagy göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň eksportyny ösdürmek boýunça uly mümkinçilikler peýda bolýar.
Türkmen gazy, nebiti we bu pudagyň esasy serişdeleri gaýtadan işlenilip, dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän polipropilen, polietilen ýaly önümler dünýäniň birnäçe döwletlerine eksport edilýär. Ýagny, tebigy gazymyz diňe bir turbageçirijiler arkaly çig mal görnüşlerinde ýerlenilmän, ony gaýtadan işläp, taýýar önüm görnüşine getirmek arkaly önüm bolçulygyny döretmekde hem uly işler amala aşyryldy.
«Asyryň desgasy» adyny alan, uzynlygy 7 müň kilometrden geçen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hoşniýetli we netijeli ykdysady gatnaşyklaryň täze derejelere göterilmeginiň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi onuň üstüni ýetirýär.
Ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisiniň kuwwatlyklaryny tapgyrlaýyn artdyrmak, strategik taýdan möhüm taslamany — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak, “Bagtyýarlyk” ýatagynyň şertnamalaýyn çäklerinde täze ýataklary ulanmaga girizmek, uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek boýunça iri senagat desgalaryny, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa, himiýa we elektroenergetika pudaklaryna degişli desgalary, harytlyk gazy öndürmek boýunça zawodlary we gaz gysyjy desgalary, her welaýatda gazhimiýa toplumlaryny, şol sanda polietilen we polipropilen, kauçuk we polisterol, poliwinil hlorid, poliwinil atsetat, metanol, sintetik dokma süýümlerini öndürmek boýunça kärhanalary gurmak göz öňünde tutulýar. Şunda önümçiligiň ekologik ýagdaýyna aýratyn üns berler.
Nebitiň, gazyň we beýleki tebigy serişdeleriň täze ýataklaryny ýüze çykarmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg işlerini giňeltmek, ýurdumyzyň belli ýataklarynyň çäklerinde geofiziki barlag işlerini geçirmek we gözleg guýularyny burawlamak, geljekde özleşdirilýän nebitgaz ýataklarynda nebiti we gazy amatly çykarmak üçin 4D gözegçilik tehnologiýasyny ornaşdyrmaga mümkinçilik berjek meýdan seýsmiki toplumlarynyň 3D modelirlemeginiň täze usullaryny we programma üpjünçiliklerini işläp taýýarlamak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.
Şöhrat Tulemedow,
Yagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit gaz uniwersitetiniñ uly mugallymy.