Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hojalyk jemgyýetleriniň iş ugurlarynyň biri-de gön önümçiligidir. Bu hojalyk jemgyýetleri arassa gönden öndürýän önümleriniň görnüşlerini köpeldip, müşderileriň söýgüsini gazanýar. Şu günler kärhanalarda her günde 400 — 500 jübüt aýakgap öndürilýär. Olaryň haryt nyşanly önümleri ýurdumyzyň çar künjeginiň dükanlarynda satylýar.
Häzirki günlerde kärhanalaryň aýakgaplaryny dünýä bazarlaryna çykarmak üçin kärhananyň hünärmenleri onlaýn satuw görnüşinde buýurmalary kabul edip, müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmak ugrunda hem işleri alyp barýarlar. Bu ugurda ýokary netijeleri hem gazanýarlar. Indi alyjylaryň göwün islän harytlaryny almak üçin dükanlara ýa-da uzak aralykdaky söwda merkezlerine gitmegiň hajaty ýok. Hojalyk jemgyýetleriniň «www.mbgroup.tm.com» resmi internet saýtyna girip, harytlar ýerleşdirilen bölüminiň hyzmatyndan peýdalanmak ýeterlik. Gön kärhanasynda her günde 10 tonna ýa-da 550 sany gara malyň derisini gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Ortaça hasap bilen günde 48 müň ― 50 müň dm2 möçberinde gön önümleri taýýarlanylýar. Bir jübüt aýakgap öndürmek üçin 45 dm2 gön gerek bolýar.
Aýakgaplary yzygiderli öndürmek kämilleşdirilýär. Aýakgaplaryň görnüşleridir bezegi pasla görä özgerdilýär. Häzirki wagtda aýakgaplaryň gyşa niýetlenen galyň, şol bir wagtda-da ýeňil dabanlyklylaryna isleg artýar. Önümçilik Italiýanyň, Türkiýäniň tehnologiýasy esasynda ýola goýlan. Önümçilikde aýakgaplaryň berkligi bilen birlikde, daşky görnüşiniň döwrebap bolmagyna-da aýratyn üns berilýär.
Çagalar üçin gyş aýakgaplary dowam edýän gyş paslynda oglanjyklaryň hem-de gyzjagazlaryň aýaklarynyň ýyly, rahat bolmagy üçin döwrebap tehnologiýalar esasynda taýýarlanylýar. Olaryň bezeginde Italiýanyň dizaýnerleriniň iş usulyndan peýdalanylýar. Ýakynda ýaz paslynda geýmek üçin çaga aýakgaplarynyň önümçiligide geljekde meýilnamalaşdyrylýar.
Ýantorbalar okuwçylardyr talyplar üçin öndürilýär. Olaryň kitap-depderleri, başga-da birnäçe okuw esbaplary salmak üçin ýörite gözleri bolup, gündelik ulanmaga amatlydyr. Ýantorbalar hem müşderileriň isleglerine görä, dürli reňklerde öndürilýär. Bu önümleriň aýakgaplar, gapjyklar we beýleki gön önümleri bilen sazlaşykly ― biri-birine meňzeş bezegli görnüşleriniň bolmagy, alyjylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Nepis hem sünnäli tikiliş usullarydyr metal bezegleri ýantorbalaryna aýratyn bezeg berýär.
Gapjyklar we resminama daşlary müşderileriň uly isleg bildirýän önümleridir. Olar ýuka, berk deriden öndürilip, ýanyňda götermek, gündelik ulanmak üçin amatlydyr. Gön gapjyklaryň ululy-kiçili, dürli reňkli we owadan bezegli görnüşleri bar. Deriniň häzirki zaman tehnologiýalary esasynda gaýtadan işlenilmegi netijesinde, bu önümleriň dürli nagyşly, has ýumşak hem amatly görnüşleri taýýarlanylýar.
Pena Mämmedow, TOHU-nyň talyby.