TESWIRLER

Seýitnazar Seýdi

Doglan ýeri:Lebap welaýatynyň häzirki Garabekewül etrabynyň Lamma obasy

Doglan senesi: 1775-nji ýyl

Wepat eden senesi:1836-njy ýyl

Bilimi: Buhara, Hywada medrese bilimi

Gysgaça maglumat:Seýitnazar Seýdi ynamdar, ähtine wepaly ýigitleriň arasynda  kemala gelip, soňlugy bilen merdanalara serkerdelik eden Seýitnazar Seýdi ömrüniň köpüsini amyderýa boýlarynda geçiripdir.Seýitnazar ata-enesiniň dakan ady.Şahyr goşma adynyň birinji böleginden Seýdi sözüni ýasap, ony goşgularyndan lakam edip ulanýar.Şahyryň Seýdi lakamy Seýitnazar adyna garanyňda , durmuşy gatnaşyklarda-da, serkerde hökmünde-de meşhur bolupdyr.Şahyr Seýdi, aşyk Seýdi, serkerde Seýdi…

 Şahsy durmuşy:Ogullary Begnazar kiçisi Sahypnazar.

 Döredijiligi:Şahyryň murapbaglary, muhammesleri, gazallary halk döredijiligini, özünden öň ýaşap geçen türkmen nusgawy şahyrlarynyň goşgularyny, Fizuly, Nowaýy ýaly Gündogaryň söz ussatlarynyň eserlerini içgin öwrenip, olardan edebi täsir alandygyna şaýatlyk edýär.Şahyr söz sungatynyň jadylaýjy güýjüne, gadyr-gymmatyna ýaşlykda düşünip, kalbynyň joşgunyny halkyna bagyş etmegi ýüregine düwen ýetginjek bolupdyr.Ol döredijilik işine we Watan esgerligi kärine bir wagt-da-ýaşlyk ýyllarynda başlaýar. Çeper söz bilen hereketi sazlaşykly alyp baran Seýitnazar Seýdi zamanasynyň iň gowy däplerini, halkyň parasatly pikirlerini ussatlyk bilen goşgy setirlerine geçirip, diňe wagyz-nesihat ýörediji däl, eýsem olary durmuşa geçiriji hökmünde-de çykyş edýär.şahyryň döredijiliginde watançylyk, harby-gahrymançylyk, synpy deňsizlik, durmuşy, yşky-söýgi, dostluk-agzybirlik meseleleri uly orun tutýar.

 Çeşme:Edebiýat.Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX synpy üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. Sahypa 175-189

Taýýarlan : Aýlar Nurmuhammedowa

Taýýarlanan senesi:15.04.2022 ýyl

Mämmetweli Kemine

 

 

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady