DÜNÝÄ

Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň düýbi tutuldy

Şu gün Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň 5-siniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.

Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygyna badalga bermek çäresiniň hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna toý saparynyň çäklerinde guralýandygy aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Munuň özi ilatyň durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň ýurdumyzyň günbatar sebitinde-de üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşyk işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlar. Döwlet Baştutanymyzyň 8-nji aprelde gol çeken Kararyna laýyklykda, ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa top­lu­my­nyň iş­gär­le­ri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip nygtamagy ildeşlerimiziň gyzgyn seslenmesine mynasyp boldy. 24-nji martda döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, täze jaýa göçüp baran watandaşlarymyzyň toý şatlygyny paýlaşdy. Şu gün Türkmenbaşy şäherinde täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada bäşisiniň düýbüniň tutulmagy bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amal edilýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşyda täze köpugurly hassahananyň açylyşyna gatnaşdy

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Saud Arabystany Patyşalygyna sapary

Ata Watan Eserleri

Özbegistan bilen Azerbaýjan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Mali Awazadaky forumy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar

R.Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi