Uky diňe dynç almak üçin däl, eýsem, beýniniň we beýleki beden agzalarynyň täzelenmegi üçin hem zerurdyr. Uky wagtynda adam bedeni ertirki güne taýýarlyk görýär. Wagtly-wagtynda uklamak has ähmiýetlidir. Çagalar, esasan, ukuda mahaly ulalýarlar. Şol sebäpli bäbekler has köp uklaýarlar. Ukusyny alýan çaganyň ösüşi hem çalt bolýar. Şeýle hem ýeterlik uky täze zatlary öwrenmek ukybyny, ýatkeşligi ösdürýär. Ukusyzlyk kadaly naharlanmaga hem päsgel berýär. Bilermenler ähli ýaşdaky çagalaryň gije sagat 22:00-dan öň ýatmalydygyny belleýärler.
Okuw derslerinde, synaglarda, gündelik maşk ýerine ýetirilende we sport bilen meşgul bolnanda üstünlik gazanmak üçin ýeterlik derejede uklamak zerurdyr. Mysal üçin, okuwdan soňra basketbol oýnaýan bolsaňyz we ökde basketbolçy bolasyňyz gelýän bolsa, ýeterlik derejede uklamaly. Sapakda öwredilenleri özleşdirmek isleseňiz, hökman ýeterlik derejede uklamaly. Elbetde, bu zatlar üçin diňe uky ýeterlik däl, emma ukyňy almagyň täsiri örän uly.
Uklamazdan 30-60 minut ozal ähli elektron enjamlary öçüriň we dişiňizi arassalamak, ýuwunmak bilen uklamaga taýynlyk görüň! Hepdäniň ahyrynda, okuw ýok günleri hem hemişeki wagtda ýatmaga çalşyň! Ir ýatyp, ir turmagyň aladasyny ediň! Belli bir wagtda ýatmagy endik edinseňiz, şol wagtda uklamak siziň üçin kyn bolmaz.
Kadyly uky we uky bozulmalary barada yzygiderli ylmy barlaglar geçirilýär. Ine, şolaryň ýene-de biri geçirildi. Onda ýapon alymlary 16 dürli uky görnüşini kesgitlediler. Bu ylmy barlaga 100 müň adam gatnaşdy. Synag döwründe olaryň ellerine bilezik dakyldy. Şol enjam elleriň hereketlerini hem-de damar çekmeleri hasaba aldy. Şol maglumatlar esasynda alymlar ukynyň 16 görnüşiniň bardygyny anykladylar.
Şonuň netijesinde, adamlary ukusyzlykdan ejir çekýänler hem-de gündiz dynç almak zerur bolmazdan, gijelerini rahat uklaýanlara bölüp boljakdygyny mälim etdiler. Şol kategoriýalar hem öz aralarynda bölümlere bölündi. Netijede 16 bölüm emele geldi. Adamlaryň ukusynyň yzygiderli tertipde däldigi, ukusyzlykdan ejir çekýänleriň hem tapawutlandyryp boljakdygyny bellediler. Olaryň käbiri kynlyk bilen ýatyp, az ýatýarlar, beýlekiler bolsa kynlyk bilen ýatyp, köp uklaýarlar.
Ylmy-seljermäniň awtorlary, adamlaryň saglyk ýagdaýyna has gowy baha bermek üçin uky görnüşlerini seljerip, has köp maglumat almagyň mümkindigine ynam bildirýärler.
Şeýle hem her kimiň uklaýan wagty tapawutly hem bolsa, adamyň saglygy üçin gündelik ortaça 8 sagatlyk ukynyň has peýdalydygy mälimdir. Geçirilen barlaglaryň netijesi gündelik 4 sagatdan az, 10 sagatdan köp bolan ukynyň adamyň ömrüne täsir edýändigini görkezdi. Wagtynda uklap bilmeýän ýa-da ukusy bölünip, mazaly dynç alyp bilmeýän adam günüň dowamynda ünssüz bolup, edýän işinde ýalňyşlyk goýberip bilýär. Kadaly ukusyny alyp bilmeýänlere ýatmazyndan 1-2 sagat öň, suwuk zat içmezlik maslahat berilýär.
Kakajan Öweznepesow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.