«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bereketli desterhanlarymyzyň bezegi bolan baldan datly önümleriň özümizde öndürilmegi juda buýsandyryjydyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ilatymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde uly orun eýeleýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem uly işleri alyp barýar.
Täze taryhy eýýamda oba hojalygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan döwletimiz azyk önümlerini beýleki döwletlerden getirýän däl-de, tersine, bu önümleri beýleki döwletlere iberýän ýurda öwrülmegiň ýolunda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Obasenagat toplumynyň şular ýaly çalt depginler bilen ösdürilmegi üçin ýer hem suw serişdelerinden tygşytly peýdalanmak möhüm wezipe bolup durýar. Şonuň üçin daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli peýdalanmak wezipeleri Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Önümçilige häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalar hemişelik esasda ornaşdyrylar we suwarmagyň ozal ulanylýan usullary kämilleşdiriler» diýen sözlerinde hem ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri hökmünde suw serişdelerini rejeli we netijeli ulanmak, ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak boýunça döwlet syýasatynyň many-mazmuny jemlenendir. Şu syýasatdan gelip çykýan netijelere görä, suw serişdelerini köp talap edýän ulgamlar bolan oba hojalygynda we senagatda bu gymmatly baýlyga aýawly garamak hususy telekeçileriň paýyna düşýär. Sebäbi soňky ýyllarda bazar ykdysadyýetine yzygiderli geçilmegi, telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, oba hojalygynda hususy ulgam has işjeň häsiýete eýedir. Türkmenistanda işewür düzümleriň netijeli işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi netijesinde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri döretmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, azyk harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, olaryň eksportyny artdyrmak boýunça wezipeleri çözmäge saldamly goşant goşýan döwrebap önümçilikleriň sany barha artýar. Şol önümçiliklere ekologiýa ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy usullaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy obasenagatynyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Şu nukdaýnazardan, hususy telekeçilerimiz suw serişdelerini rejeli ulanmaga, ekin meýdanlaryny suwarmak meselelerine ylmy taýdan çemeleşmäge aýratyn üns berýärler. Şunuň bilen baglylykda, tygşytlaýjy tehnologiýalary, öňdebaryjy tejribäni we bu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlaryny önümçiliklere ornaşdyrmak arkaly suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hususyýetçilerimiziň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Şu maksat bilen telekeçilerimiz tarapyndan suw üpjünçilik soraglaryny çözmegiň öňdebaryjy ylmy tejribesi düýpli öwrenilýär. Şoňa görä-de, ýerasty suwlary çykarmagyň we netijeli peýdalanmagyň häzirki zaman tehnologiýalary işe girizilýär. Çyg saklaýan tehnologiýalara geçmek işine uly ähmiýet berilýär. Şonuň ýaly-da, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmagyň döwrebap usullary özleşdirilýär. Ýeri gelende bellesek, hususyýetçilerimiz suwy rejeli we netijeli ulanmak işinde uly tejribä eýedir. TSTB-niň ekerançylyk ugurly agzalary suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak bilen baglanyşykly ähli işleri — gelýän suwy akdyrmakdan başlap, ony ekin meýdanlaryna ýetirmäge çenli gözegçilikde saklaýarlar. Dünýäniň iň gowy tejribesini ulanyp, düzümleýin desgalary gurýarlar. Şunda suwuň 35—50 göterim tygşytlanmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalaryň esasynda hereket edýän suw göteriji beketleriň gurluşygy aýratyn ähmiýete eýedir.
Häzirki döwürde telekeçilerimiziň oba hojalygyndaky işjeňligi nazara alnyp, hususy ulgam üçin ýyladyşhana gurmak üçin bölünip berilýän ýerleriň mukdary barha artýar. Bu döwrebap ýyladyşhanalaryň ählisinde-de awtomatlaşdyrylan usulda hereket edip, suwy tygşytly harçlamaga, akabalaryň arassalygyny saklamaga mümkinçilik berýän damjalaýyn suwaryş ulgamy ýola goýlandyr. Şu ýerde damjalaýyn ulgamyň işleýşi hem-de ähmiýeti barada belläp geçsek, ýerlikli bolsa gerek. Sebäbi bu usulyň suwy tygşytlamakdaky ähmiýeti telekeçilerimiziň ýurdumyzyň suw baýlyklaryny aýawly saklamaga goşýan goşandyna göz ýetirmäge ýardam edýär. Ilki bilen, damjalaýyn suwarýan tehnologiýa esasynda ýetişdirilen ekine harçlanýan suwuň öňki adaty usuldakydan iki esse azalýandygyny bellemelidir. Bu tehnologiýalaryň ýene bir gowy tarapy, ekinlere mineral dökünler suw bilen bile goýberilýär, suwaryş işleri bolsa doly awtomatlaşdyrylýar. Munuň özi ekinleriň hasyllylygyny ep-esli artdyrýar. Emeli ýagyş ýagdyrylanda, suwy ekin meýdanlarynyň üstünde deň ýaýratmaga mümkinçilik döredilýär. Damjalaýyn usul ekinlere zyýan bermezden, suwarmagyň ähli kadalaryny dürs berjaý edýär, bir damja suw hem isrip bolmaýar. Suwy ekin meýdanlarynyň üstüne ýaýratmak üçin artykmaç harajat talap edilmeýär, suwuň howada bugaryp gidýän mukdary azalýar. Ýapdan suwarylanda, suwuň tebigy ýitgisi 25—30 göterime golaýlaýar. Şeýle-de emeli ýagyş ýagdyrylanda, suwuň topraga siňişi, ýeriň üsti bilen suwarylanda, suwuň topraga siňiş tizliginden örän tapawutlanýar, ýagny suw topraga hiç hili agramsyz siňýär.
Bibihatyja Begjanowa,