SIZDEN GELENLER

Totuguşlaryň uzak ýaşamagynyň syry

Totuguşlar diňe bir akyl ýetiriş ukyplary bilen däl, eýsem uzak ýaşamagy bilen hem tapawutlanýar. Maks Plank uniwersitetiniň alymlary guşlaryň uzak ýaşamagynyň sebäbini tapdylar.

Bu ylmy-barlaglarda totyguşlaryň 217 görnüşden peýdalanyldy. Olaryň käbir görnüşleri birnäçe onýyl ýaşaýarlar. Şeýle ýagdaý diňe iri guşlarda bolup geçýär.

Şeýle ylmy-barlag ilkinji gezek has göwrümli ýagdaýda alnyp baryldy. Dünýäniň dürli sebitlerindäki 1000 haýwanat bagyndaky 130 müň totyguşlaryň maglumatlary ýygnaldy. Totuguşlaryň belli görnüşleriniň 50 göterimden gowragy bu ylmy-barlagyň sanawyna goşuldy.

Barlagyň netijelerine görä, olaryň dürli görnüşleriniň arasynda ömür dowamlylygy dürlüligi bilen tapawutlandy. Olaryň käbir 2 ýyl, käbiri bolsa 30 ýyl ýaşaýan bolsa, Awstraliýadkay totyguşlar ortaça 25 ýyl ýaşaýar.

To­tu­guşlar adam­la­ra öý­kü­nip gep­läp bil­ýän­li­gi se­bäp­li, iň täsin jan­dar­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Şol se­bäp­li mult­film­ler­de we film­ler­de hem bu jan­dar­la­ra has köp duş ge­lin­ýär. Guş­la­ryň bu gör­nü­şi di­ňe öý­kün­jeň­li­gi bi­len däl, eý­sem, kä­bir ma­te­ma­ti­ki ha­sap­la­ma­la­ry hem ýe­ri­ne ýe­ti­rip bil­ýär­ler.

To­tuguş­la­ryň çüňk­le­ri eg­ri bo­lan­soň, di­li ga­lyň bol­ýar. Şol se­bäp­li bu jan­da­ryň ýa­ba­ny we el­de­ki­leş­di­ri­len gör­nüş­le­ri az muk­dar­da söz­le­ri ýat tu­tup, ola­ry gaý­ta­lap bil­ýär­ler. Bu guş­la­ra bir­den köp sö­zi hem yzy­gi­der­li gaý­ta­la­ma­gy öw­re­dip bol­ýar. To­tuguş­la­ra sözi ýat tut­dur­mak we aýt­dyr­mak aň­sat däl. Gu­şa aýtdyr­ma­gy is­le­ýän sö­zü­ňizi her 3 mi­nutdan 4-6 ge­zek gaý­ta­la­ma­ly. To­tu­guşla­ryň hem bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň ara­syn­da gep­le­me­gi gys­ga wagt­da we uzak wagt­da öw­ren­ýän­le­ri bol­ýar. To­ta bir sö­zi aýt­mak öw­re­di­len­de, haý­sy­dyr bir ýaz­gy­dan däl-de, öz se­siň bi­len aýt­ma­ly bol­ýar. Gör­nüş­le­ri­ne gö­rä, to­tuguş­lar 4-6 hep­de­de gep­le­me­gi öw­ren­ýär­ler. Bu guş­lar saz­la­ry, heň­le­ri, hat­da ada­myň be­den he­re­ket­le­ri­ni hem gaý­ta­lap bil­ýär­ler.

Osman Meredow, TOHU-nyñ talyby.

 

Medeni gatnaşyklar halklary birleşdirýär

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri