SIZDEN GELENLER

Türkmen-hindi gatnaşyklary

     «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 1-4-nji aprelinde Hindistan               Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary bolar. Bu                 Hindistandan Türkmenistana prezident derejesinde guraljak ilkinji sapardyr.        Şeýle hem onuň aprel aýynda guralmagynyň özboluşly mazmuny bolup, ol            mundan 30 ýyl ozal aprel aýynda ýola goýulan diplomatik gatnaşyklaryň                      hem netijeli dowam etdirilýändiginiň alamatydyr.

 Hormatly Prezidentimiziň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we  halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde-de ösdürmegi maksat edinýäris» diýip bellemegi,  öňde duran daşary syýasat ugurly waka ýokary ähmiýet beriljekdigini alamatlandyrýar.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan Hindistan Respublikasyny möhüm we ygtybarly hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen hyzmatdaşlygy, deňhukukly we uzakmöhletleýin esasda gurulýar. Türkmen-hindi gatnaşyklary barha işjeň häsiýete eýe bolup, bu ugurda ulgamlaýyn hyzmatdaşlyklar hem netijeli ösdürilýär.Sebäbi ýurdumyz dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, onuň hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzir döwletara gatnaşyklaryna dostlukly, deňhukukly we birek-birege hormat goýmak,  ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça taraplaryň özara düşünişmegi mahsus bolup durýar.Ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolmak bilen, onda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna aýratyn orun degişlidir. Onuň amala aşyrylmagy taslama gatnaşýan ýurtlara birnäçe möhüm durmuş we gumanitar meselelerini, şol sanda goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijiniň ugrunda durmuş düzümini döretmek bilen bagly meseleleri çözmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi sebitde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmek üçin kuwwatly itergi bolup, taslama gatnaşýan döwletleri bilelikdäki maksatlara, hakyky dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen has-da ösdürmäge itergi berýär.Medeni gatnaşyklar bolsa köpasyrlyk dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň kuwwatly binýadynda guralýan döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmen we hindi halklarynyň medeni gymmatlyklaryny öwrenmek, aýawly saklamak we artdyrmak boýunça netijeli işler dowam etdirilýär. Türkmen-hindi sungatlaryny görkezmek, bilelikdäki medeni çäreleri guramak indi asylly däbe öwrüldi. Bu halklaryň uzak asyrlyk taryhyny, durmuş medeniýetini, sungat önümçiligini we häzirkizaman gazananlaryny öwrenmekde, tejribeleri alyşmakda we baýlaşdyrmakda hem ýokary ähmiýete eýedir. Bu ugurda hindi diliniň we edebiýatynyň öwrenilmegi, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň hindi dilinde terjime edilip, neşir edilmegi buýsançly mysaldyr.Şeýle hem ykdysadyýetimiziň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagy, kuwwatly senagat düzümini döretmegi, durmuş ulgamyny kämilleşdirmegi ugur edinýän diýarymyz innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Bu babatda netijeli türkmen-hindi gatnaşyklary üçin örän amatly mümkinçilikler açylyp, biziň ýurtlarymyz olary durmuşa geçirmäge çalyşýar. Bu ugurda ylym-bilim gatnaşyklaryna aýratyn orun degişli bolup, türkmen ýaşlarynyň Hindistanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almaklary üçin mümkinçilikler döredildi. Türkmen hünärmenleri Hindistanda iş saparlarynda bolmak bilen tejribelerini we hünärlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik aldylar.Umuman, Bitarap Türkmenistan şeýle oňyn maksatly we parahatsöýüji başlangyçlary bilen dünýä jemgyýetçiligindäki abraýyny barha beýgeldýär. Hindistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak saparynda gazanyljak ylalaşyklar, iki taraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça ara alyp maslahatlaşmalar bolsa onuň üstüni ýetirip, geljek döwrüň ösüşlerine oňyn täsirini ýetirer.           

Ogulsuraý Akummedowa

Döwletmämmet Azady adyndaky

 Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. 

Russiýa Federasiýasyna wiza resmileşdirmek üçin resminamalar kabul edilip başlandy

 

Ýene-de okaň

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri”: XVI-jildi barada gysgaça maglumat