SIZDEN GELENLER

Bagt adamzadyň esasy maksatlaryndan biridir

Bagt adamzadyň esasy maksatlaryndan biridir. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy bu maksady ykrar edýär we “durnukly ösüşe hem-de ähli halklaryň bagty we abadançylygyna goşant goşýan ykdysady ösüşe has giňişleýin, deňhukukly we deňagramly çemeleşmäge” çagyrýar.

Birleşen Milletler Guramasy 2013-nji ýyldan bäri dünýädäki adamlaryň durmuşynda bagtyň ähmiýetini ykrar etmek üçin Halkara Bagt gününi belleýär. 2015-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy planetamyzy goramak üçin abadançylygyň we bagtyň üç açary bolan 17 sany Durnukly Ösüş Maksatnamasyny kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasy, ýaşyna garamazdan ähli adamlary, ähli bilim edaalaryny, kompaniýalary we hökümetleri 20-nji marty Halkara Bagt güni hökmünde bellemäge çagyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynda bu baýramçylyk Butanyň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri bellenilip geçilýär.

Ýeri gelende aýtsak, Halkara Bagt gününi bellemegiň senesi tötänleýin saýlanmady. Galyberse-de, 20-nji mart gündiz bilen gijäniň deňleşýän günüdir.

Däp-dessurlar barada aýdylanda bolsa, entek beýle kän däl, sebäbi Halkara Bagt güni heniz täze döredilen baýramçylyklaryň biridir. Düzgün bolşy ýaly, şol gün leksiýalar, seminarlar, konferensiýalar we okuwlar geçirilýär, oňa gatnaşyjylar bagtyň adam üçin ähmiýeti barada gürleşýärler, durmuşy gowulaşdyrmak we jemgyýeti gowulaşdyrmak baradaky pikirleri paýlaşýarlar.

Minnesota uniwersitetiniň hünärmenleriniň belläp geçişi ýaly, bagt 50 göterime genlere, 10 göterim daşky-gurşawa we 40 göterim pikirlere bagly bolup durýar.

Bagt serotonin gormonlary (energiýanyň köpelmegini kepillendirýär), dopamin (uzak wagtlap keýpi-sapalyk döredýär) we endorfinler bilen baglanyşykly biohimiki prosesdir.

Sport bilen meşgullanmak we Günden energiýa almak adamlaryň bagtly bolmagyna mümkinçilik berýär. Yzygidelri fiziki işjeňlik dopaminiň işläp çykarmagyna şert döredýär, ultramelewşe şöhle serotoniniň konsentrasiýasyny ýokarlandyrýar.

Medet Amannaýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

 

Hepdelik täleýnama (14-20-nji mart)

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk