SIZDEN GELENLER

Pisse agajynyň täsinligi

Pisse tokaýlygy daş görnüşi boýunça sawanna meňzeşdir. Agaçlar bir-birinden has açyklykda ösüp, olaryň şahalary beýlekileriňki bilen galtaşmaýarlar. Pisse agajy 300 ýyla we hatda 500 ýyla çenli ýaşap bilýär. Ol, gadym eýýamlardan bäri adama peýda getirýän, täsin ösümlikdir. Bu agaç baradaky ýatlamalar baryp biziň eýýamymyzdan öňki V asyrda hem duş gelýär. Rimliler özüniň Aziýa eden ýörişlerinde pissäni Italiýa getiripdirler, ol ýerden bolsa Ispaniýa äkidilipdir. X asyrda pisse agajy Merkezi we Demirgazyk Amerika düşüpdir.

Pisse nämesi bilen adamyň ünsüni özüne çekdikä? Ilkinji nobatda tagamly, örän ýagky miweleri – pisseleri bilen. Onda günebakardakydan bir ýarym- iki esse köp ýag bolup, onuň tagamy ýokary hilli hoz we zeýtun ýaglarynyňkydan pes däldir.Pissäniň maňzynda 24 prosent beloklar bar. Pisse hozjagazlary şol durşuna we duzlanan görnüşde naharda goşmaça iýilýär, şonuň ýaly-da konditer we kolbasa senagatynda şirinnanlary (tortlary), şokolady, buzgaýmagy, kolbasanyň ýokary sortlaryny taýýarlamakda ulanýarlar. Miwelwrinden başga-da pissäniň şepbigi – terraktin atly gymmatly zat hasaplanýar we boýagdyr renkleýji senagatda ýokary hilli çeperçilik reňkleri öndürmekde ulanylýar. Onuň ýapraklaryndaky düwürli ösüntgilerden (buzgunç) eýleýji maddalar alynýar, ýerli ilat bolsa haly dokanlarynda ýüňi we ýüpegi gyrmyzy we goýy gyzyl reňklere boýamak üçin ony ulanypdyrlar. Ondan başga-da, pisse derman ösümligidir.

Pisse tokaýyndan gündogarda ýapgyt gerişli baýyrlary, jülge şekilli peslikleri bolan çöllük sähra onlarça kilometre uzalýar. Bu ýerde biz göýä tupan sowulan badyna doňup galan äpet ýer ummanyna düşýäris. Sähralar we dag baýyrlary – Bathyzyň ýer üstüniň esasy keşbini döredijileridir.

Amangeldi HOJAMBERDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy.

 

 

Wermişel çorbasy

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk