ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Sungatyň goşa daragty : Suraý we Sona Myradowalar

Milli kino hem teatr sungatymyzyň taryhynda yz goýan ussatlarymyz sanardan kän. Olaryň arasynda ýüzbe-ýüz görenlerimiz-de, diňe döreden kino hem sahna eserleriniň arhiw ýazgylarynyň üsti bilen tanaýanlarymyz-da bar. Doganlar Suraý hem-de Sona Myradowalar hem sungatda yz goýan halypalar.

Bir mahal paýtagtymyzdaky haly kärhanasynda işledim. Köplenç halyçylaryň armasyny ýetirmek üçin kärhanamyza ýurdumyzyň häzirki Baş drama teatrynyň artistleri sahna oýunlary bilen myhmançylyga gelerdiler. Ondan bäri kän wagt geçdi, emma şol tomaşa eden oýunlarym häzirem ýadymda. Kä wagt ýolum düşüp haly fabrige barsam, şol bir wagtky gören oýunlarymdaky artistleriň sahna keşpleri hökman göz öňümde janlanýar.

Bir gezek «Ýediň enesi» atly oýun görkezilipdi. Ýedi ogluň enesi bolup SSSR-iň halk artisti Sona Myradowa oýnapdy. Onuň sahna lybasyndaky geýnişi, oýnuň wakasyna görä her pursatdaky hereketi hakyky oba durmuşyny, hat-da köp ogully obadaş enelerimizi ýatlatdy. Be, obamyzdaky «pylany» ejäni gören ýaly bolduk — diýdiripdi.

Teatrda bolsa, onuň terjimeçi Hudaýberdi Bäşimowyň özbek dilinden terjime etmeginde režissýor Aman Kömekowyň sahnalaşdyran «Gelinleriň gozgalaňy» atly oýnundaky bir topar gelniň hötdesinden gelýän gaýyn ene Permanbibiniň keşbi, Gogolyň ölmez-ýitmez «Derňewçisinde» döreden Poşlýolkinanyň obrazy tomaşaçylaryň ýadyndadyr. «Gelinleriň gozgalaňy» atly  oýunda teatryň hyryn-dykyn bolup duran tomaşaçylaryny sahnadaky gaýyn-gelin gatnaşyklarynda gündelik bolup geçýän ownukly-irili özara düşünişmezlikleriň oýlanmalara atarandygy häzirem köpimiziň hakydamyzdadyr. «Derňewçidäki» Poşlýonkinanyň keşbi bolsa, uly keşbem däl. Emma şeýlebir ussatlyk bilen keşdelenen obrazyň sahna çykmagy, özem spektaklyň baş gahrymanlaryndan birjikde pes bolmadyk obraza öwrülmegi meşhur artist Sona Myradowanyň tutuş oýnuň şowly çykmagyna ýetiren uly täsiriniň aýdyň subutnamasydyr. Sähel salymda sahna ýyldyrym çaltlygynda çykýarda gidýär. Ýöne şol gysga wagtyň içinde ol şeýle bir «tüweleý turuzýar» welin heý, goýaý, onuň güýji gaý tupanyňkydan peslär ýaly däl. Ynha, her bir obrazy şeýdip ynandyryjy janlandyryp bilýäni üçin Sona Myradowa sahna keşpleri bilen hakydalarda ýaşaýar.

Onuň uýasy Suraý Myradowany bolsa, kino sahnasynda döreden keşpleri bilen tanaýaryn. Kä wagt teleýaýlymda «Kärizgenler», «Çopan ogly», «Allan aganyň maşgalasy» ýaly kino filmler görkezilýär. Ol filmlerde Suraý Myradowanyň janlandyran keşpleri bar. Onuň döreden kino gahrymanlarynyň ählisi enäniň keşpleri, emma kinolaryň her haýsynda eseriň wakasyna görä häsiýetleriň aýratynlyklary Suraý Myradowanyň duýgy bilen aýdýan sözleri, hereketleri arkaly biri-birinden tapawutly. Onuň «Kärizgenler» filmindäki çalasynlyk bilen inçejikden seçelenip duran unaş kesişi her gezek unaş kesenimde ýadyma düşýär. Ol şol filmde Merdanyň ejesiniň keşbini janlandyrýar. Ogly uruşdan ýaraly bolup gelende: «Waý, balam gelipdir-eý, Merdan jan oglum gelipdir-eý» diýip, balasyny bagryna basyp gujaklaýan enäniň sesem, perzendi üçin mähir söýgüden doly keşbem göz öňüňden gidenok. Onuň «Çopan ogly» filminde Alty Garlyýew, Maýa Kulyýewa, Bazar Amanow ýaly meşhur artistler bilen sazlaşykly keşp döredişi, asyl kino diýer ýaly däl, tomaşaçyny şol wakanyň dünýäsinde ýaşadyp bilýär. Bu elbetde, artistiň ussatlygyndan habar berýär. Ynha, şular dogrusynda 2005-nji ýyldady öýdýän Suraý ejäniň gyzy Maral Durdyýewa bilen söhbetdeş bolupdyk. Ol şonda:

— Men özümi bagtly zenan hasaplaýan. Ejemem, kakamam (Türkmenistanyň halk artisti Kakabaý Durdyýew) artist bolansoň, çagalygym teatrda geçdi diýen ýaly. Bazar Amanow, «Aýgytly ädim» filmindäki Artygyň ejesi ady bilen tanalýan Ogulgurban Durdyýewa, Gylyç Berdiýew, Aman Gulmämmedow we başga-da teatr sungatynyň düýbüni tutan halypalaryň ençemesini gördüm. Kiçijik bolsamam ýadymda. Oýnuň arasyndaky, arakesmede kimsi maňa süýji-köke berse, kimsi meni gujagynda götererdi. Çagakam şol pursatlar ýönekeý bir zat ýalydy. Emma özüm teatr ugrundan okanymda welin, bu pursatlaryň uly mekdepdigini bildim. Olaryň ählisem Hudaý tarapyn tebigy zehin berlen adamlardy. Bazar agada bir häsiýet bardy. Ol her gün işe gelende we işden soň öýe gaýtjak wagty teatryň öňünde durup baş egerdi. Olar teatry mukaddes ýer hasaplardylar. Ejemiňem, kakamyňam ine, şeýle ägirtleriň arasynda işländigine hem guwanýan hem buýsanýan. Maňa olaryň käbirleri bilen, şol sanda mähriban ejem bilen partnýor bolup keşp döretmek bagty miýesser etdi.

Ejemiň döreden islendik keşbinde onuň öz durmuşunyň pursatlaryny  duýýaryn. Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» eseri esasynda oýun goýuldy. Ejem şonda göze iýlmeýän keşbi döretdi, ýagny ene topragyň yzasyny tomaşaça ýetirdi. Uruşda ogly ýogalan Tolgunaý  enäniň keşbini bolsa, Ýelizaweta Garaýewa oýnapdy. Şonda Ýelizaweta Garaýewa bagry girýan aglap topraga ýüzlenýär welin, sesinden tomaşaçy bolup aglaman durup bolanok. Ýöne şol wagt ejemiň: «Mert bol! Toprak üçin näçe ogullar gitdi» diýen, merdemsi sesi bütin durkuňy elendirýär. Mahlasy, iki artistiň ussatlygy meşhur ýazyjynyň eseriniň üstüni ýetirýär — diýip gürrüň berdi. Birdenem ol gamgyn halda gözlerinden biygtyýar togalanyp gaýdýan göz ýaşlaryny syldy-da dymdy. Oňa ejeň bilen bagly ýene nähili ýatlamalar ýadyňyza düşýär? — diýip sowal berdim. Ol:

— Bir gezek şeýle waka boldy. Ejem ,«Ömür dawasy» spektaklynda oýnamalydy. Oýnuň öň ýanynda bile nahar iýip bolupdyk. Sahna başlady. Ejemiň oýnamaly keşbi jeňde ogly ýogalan enäniň keşbidi. Sahnada oglunyň jesedi ýatyr. Aňyrdan ejem gelýär, onuň bolup gelşinde-de uly täsir bar. Gözleriniň owasyny ýaşdan dolduryp : «Ýör oglum, men seni bir gije myhman alaýyn» diýeninden, tomaşaçy hamala gölegçi ugrandaky ýaly agyr ahwala düşdi. Belki, ejem şol keşbi döredende öz ýürek awusy ýadyna düşendir. Ol on iki çagany dünýä indiren ene. Ýöne onuň dört çagasy ýer yranmadan öň, dördüsi bolsa, müň dokuz ýüz kyrk sekiziň şol gowgaly gijesinde kesek astynda galypdyr. Soňra ýene dört çagasy doglup, onuňam biri ýogalan. Biz körpe, özümizem ekiz. «Alla  jan, indi bir toý-baýramda ýaşaly» diýip, ýagşy umyt bilen doganyma Baýram, maňa-da ilkinji gyzynyň adyny dakypdyr.

Ejem hemişe Hudaýy dilinden düşürmezdi. Daň bilen gün entäk ýaňy dogup gelýändir. Eline bitin çörek alyp, güne tutup, ile-güne, maşgalamyza, ýurdumyza  ýagşy dilegler edip, doga sanardy. Oňa Sona daýzam bilen dogan diýer ýaly däldi. Sona daýzam dogumly, haýbatly keşplere gabat gelýärdi. Ejem bolsa, pyşyrdanda-da, sessiz ýörände-de hereketini duýgy bilen tomaşaça ýetirip bilýärdi. Onuň duýgusy güýçlüdi. «Duýgy güýçli bolanda keşbiň maksady, manysy beýgelýär» diýerdi.

Biz Sona daýzamlar bilen bir howluda ýaşadyk. Ejemem, daýzamam pensiýadady. Howla çykyp, oturgyçda oturardylar. Bir gün Sona daýzam oturan ýerinden: «Suraý, aýaklaryma seret, barmaklarym gyşaraýypmy?» diýdi. Ejem bolsa: «Näme, indi segsen ýaşdan geçeňsoň, durmuşa çykma aladaň barmy?» diýip, degişdi. Käte bolsa Sona daýzam: «Wah-waheý, bilim agyrýar, dyzym agyrýar» diýse, «Otur entek, sen menden kiçi. Nobatyňa dur» diýerdi. Pahyrlaryň ikisem gitdi. Ýöne olaryň janlandyran keşpleri bilen halkyň hakydasynda häli- häzirem ýaşap ýörmegi buýsandyrýar — diýip gürrüň berdi.

Arada Türkmen döwlet medeniýet institutyna baranymda Maral Durdyýewa sataşdym. Ol şol ýerde mugallym bolup işleýär. Şonda ýazga barjakdygymy aýdyp, ondan öý salgysyny aldym. Olar häzirem Sona Myradowalar bilen bir howluda ýaşaýan eken. Onsoň Sona daýzanyň ýaşan ojagyna jemlendik. Sona Myradowanyň segsen iki ýaşly gyzy Dünýägözel eje şahsy arhiwinde saklanýan suratlary, hemem ejesi barada dürli ýyllarda, dürli neşirlerde ýazylan makalalary öňümizde goýdy.

Ol: — Men sungat adamy däl, nemes dilinden ýokary bilim alyp, häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde uly mugallym,dosent wezipelerinde işledim. Sungat işgärleriniň köpüsi öýümize gelerdiler. Ýöne olar hakynda Maral has gyzykly gürrüňler berer. Onuň özem sungat ugrundan işleýär. Men diňe ejemiň hemem daýzamyň terjimehaly barada käbir maglumatlary aýdyp bilerin. Ejem 1914-nji ýylyň 31-nji dekabrynda, Suraý daýzam 1913-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda paýtagtymyzyň golaýyndaky Herrikgala obasynda doglan. Ejem 1997-nji ýylyň 16-njy maýynda, Suraý daýzam 1996-njy ýylyň 6-njy noýabrynda ýogaldy. Olaryň ikisem ilki başlangyç synp mugallymy hünärinden mugallymçylyk kursuny gutaran — diýip, söz nobatyny Marala geçirdi.

Maral ilki suratlaryň käbirleri hakynda bilýänlerini gürrüň berdi. Ol: — Ynha, bular milli aýdym-saz sungatymyzyň sütün halypalary Mylly Täçmyradowyň, Nabat Nurmuhammedowanyň, Weli Muhadowyň, Sahy Jepbarowyň, Abdylla Amanjaýewiň suratlary. Ejem ömrüniň 60 ýylyny teatr  sungatyna bagyş etdi. Maşgala ojagymyza sungatyň dürli ugurlaryndan wekiller gelerdiler. Sona daýzamyň teatr sungatyna gelmegine-de sebäp bolan ejem eken. «Suraýyň köplenç öýde sahna taýýarlyk görmegi, teatr hakdaky gürrüňleri meni şu ugra getirdi» diýip, daýzam gürrüň bererdi. Bir gezek şeýle waka bolýar. Ejem bir oýna gije-gündiz taýýarlanýar, emme oýnuň sahna-da görkezilmeli wagtyna iki gün galanda ejem ýaramandyr. Şonda ol: «Maňa derek bu keşpde Sona oýnaýsyn» diýipdir. Sona daýzam bolsa, eýýäm aýtmaly sözlerini doly bilýän eken. Şol pursadam Sona daýzamyň teatrdaky ilkinji zähmet ýoluna düşmegine sebäp bolýar. 1929-njy ýylda ejem üç dogan bolup, ýagny Suraý, Sona, Nyýazmyrat Aşgabatdaky internata ýerleşdirilýär. Internatda okaýarkalar Sona daýzam aýdym aýtmagy, saýlaýar, ejem drama gurnagyna gatnaýar. Internatdan soň Sona daýzam Dünýägözeliň aýdyşy ýaly mugallymçylyk ugrundan okuwa girýär. 1931-nji ýylda okuwyny tamamlap,  bir az wagtlyk oba mekdebinde mugallymçylyk edýär.1928-nji ýylda Aşgabatda teatr studiýasy açylýar. Ejem şol okuwa girýär. Teatr studiýasy 1929-njy ýylda işläp başlaýar. Şol döwürlerde eşekdir at arabaly obalara aýlanyp ençeme kynçylyklara döz gelen artistleriň biri bolan ejemiň teatr hem kino sungatyndaky ýoly başlanýar. Sona daýzam «Herimiziň ýerine ýetiren rollarymyz 200-den-ä geçendir» diýerdi. Ejemem, daýzamam halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin uly sylaglara mynasyp boldular. Ejem Suraý Myradowa Türkmeistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, daýzam Sona Myradowa SSSR-iň halk artisti hem-de SSSR-iň döwlet baýragynyň eýesi boldular. Sona daýzam iki gezek SSSR-iň ýokary sowetiniň deputaty bolan. Sona daýzam «Gala» spektaklynda Dagdan ejäniň obrazyny döretdi. Ol teatryň ýolbaşçysy bolup işleýän döwründe kän bir rollarda oýnap bilmedi. Ýogsa onuň üçin uly ýa-da kiçi rol ýok. Ol diňe: «Sahna çykmadyk gününi ýaşalmadyk gün» diýip bilýän artistdi.Täze bir heniz görülmedik häsiýetdäki obrazlary döredesi gelýärdi — diýip ýatlady. Soňra ol ýene-de ejesi bilen bagly gürrüňe geçdi. Ejem bary-ýogy on bir gün syrkaw ýatdy. Teatryň ähli artistleri soramaga gelýärdiler.       Bir gün ejemi saklap otyrkam ol: «Gyzym, maňa kakaň garaşýar, ýanynda öňki giden çagalarymyň hemmesi bar. Ýöne men serhetde galýan-da, balam. Sizi goýup gitmek kyn düşýär maňa» diýdi. Şol gije ýanynda otyrkam irkilipdirin. Baba Annanow düýşüme giripdir. Ol: «Maral, ejeňi alyp gitjek» diýdi. Nirä? Diýsem, «gastrola» diýdi. Şol wagtam oýandym. Daň atypdyr. Ejem jan berdi.

Kakam bolsa, syrkawam däldi, ir bilen turup aýagyna şypbygyny geýjek bolup durka ýykyldy-da aňsatjak gidiberdi. Kakam 1920-nji ýylyň 1-nji maýynda doglan, 1996-njy ýylyň 21-nji fewralynda-da ýogaldy.

Ejem köplenç dogan-garyndaşlaryň, goňşularyň toýunda, sadakasynda uly gazanda nahar bişirerdi. Ol maňa-da uly gazanda nahar bişirmegi öwredipdi. Kakam bilen ejem hemişe öýümizde nahary bile taýýarlardylar. Sebäbi olar nahar taýýarlaýan wagtlary sahna oýunlaryndaky rollarynyň sözlerine-de bile taýýarlyk görerdiler. Ejem-kakam teatr sungatynyň ilkinji kerpijini goýan artistler. Ejem teatr sahnasynda-da kän keşpler janlandyrdy. «Bakjasaraý fontanynda» Zarinanyň keşbi, «Solmazda» Solmazyň keşbi, «Otelloda» Ýagonyň aýalynyň keşbi, Dezdomonanyň jorasynyň keşbi, «Bernardo Albinanyň öýünde» däli enäniň keşbi… Ol dünýä  klassykasyna giren eserleriň gahrymanlaryny sahnada janlandyrmaga ökdedi. Ejemiňem, daýzamyňam durmuş hem zähmet ýolundaky terbiýe mekdepleri tejribämiň baýlaşmagynda uly sapak boldy. 1974-1979-njy ýyllarda Moskwanyň Lunaçarskiý adyndaky ýokary okuw mekdebini tamamladym. 1993-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen at bilen sylaglandym. Azda-kände halkymyzyň öňünde bitiren hem bitirýän işlerim ene-atamyň, şeýle-de sungata ömrüni bagyşlan beýleki halypalaryň saýlan kärine bolan söýgüsine wepalylygym hasaplaýaryn.Talyplara sapak berýän pursatlarym sungat wekilleriniň halypalaryny ýatlanymda olaryň her biriniň keşbi göz öňümde janlanýar. Sebäbi olar ýakymly ýatlamalary bilen kalbymda ýaşaýarlar — diýip sözüni jemledi.

Akgül SAPAROWA.

 Ilmyrat Bekmiýew:kino sungaty ömrüniň manysy

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri