SIZDEN GELENLER

Jana şypa, derde derman miweler

                                              Çereşnýa

Çereşnýa üljä meňzeş bolup, adatça ony tapawutlandyrmak hem kyndyr. Onuň miwesi sary, gyzyl, gülgüne, doýgun gyzyl reňkde bolýar. Käbir keselleri bejerer ýaly çereşnýanyň şiresinden derman hem ýasalýar. Beýleki miwelerden tapawutlylykda onuň esasy gymmaty maý aýynda ýetişmegidir. Onuň miwesi çagalar üçin peýdaly bolan A, C, R witaminlerine hem-de fosfora, kalsiýe, demire baýdyr. Çereşnýanyň düzüminde uglerod üljäniňkä garanyňda has köpdür. Çereşnýanyň şäniginden  efir we belokly maddalar alynýar. Çereşnýadan, esasan-da, mürepbe, kompot, jem taýýarlanýar. Ol guradylyp, kişmiş edilýär. Çereşnýa bagyr bilen böwrekdäki maddalaryň çalşygyny  kadalaşdyrýar. Bogunlaryň çişmesinde, guryagyryda, bogun agyryda 15 günläp onuň ter miwesini iýmek, onuň şiresini içmek we miwesinden edilen suwuny içmek maslahat berilýär. 100 gram çereşnýanyň düzüminde 84,4 gram suw, 0,8 gram belok, 0,2 gram ýag, 10,6 gram uglewod we 1,6 gram organiki kioslota  bardyr.

 

 

                                                            Armyt

Armyt-edara işgärleri üçin iň gowy miwedir. Hut şu miwe gaharjaňlygyň, argynlylygyň, göwnüçökgünliligiň, ukusyzlygyň we hatda has agyr nerw bozulmalarynyň hem öňüni alýar.Lukmanlaryň aýtmagyna görä, armytda köp sanly witaminleriň bardygy üçin iýmit siňdiriş ulgamynyň tebigy demoksikatory bolup durýar. Bu miwäni yzygiderli iýmek , diňe bir deriniň durlanmagyna, saçlaryň sagdyn ýalpyldawuk bolmagyna ýardam bermän, eýsem argynlygy hem aýyrýar. Onuň şu häsiýetlerini göz öňünde tutup, günde iki sany armyt iýmek peýdalydyr.

 

                                                                      Injir

Injir agajynyň miwesi suwly, süýji tagamly bolýar. Onuň düzüminde 10-20 göterim gant, A, C, B, B2 witaminleri, 0,12-0,35 göterim limon kislotasy saklanýar. Mineral duzlardan fosfor, magniý, kalsiý bardyr. Injir düzüminde kaliý elementini köp saklaýandygy üçin ýürek, gan-damar kesellerine juda peýdalydyr, çünki injir miwesinde fibrin beloklaryna  täsir edýän fisin  fermenti bar, ony damarlada gan uýama emele gelende ulanmak maslahat berilýär. Injiriň bişen ter miwesi azganlylykda peýdalanylýar. Injir miwesiniň buşukdyryjy we iç sürüji häsiýeti gadym wagtlardan bäri belli bolup, ol iýmit siňdirişi kadalaşdyrmak üçin hem-de peşew bölüp çykaryşyny artdyrýan serişde hökmünde ulanylypdyr. Halk medisinasynda injir miwesiniň gaýnadylyp alnan ergini ýa-da mürepbesi derlediji we gyzgyny peseldiji serişde hökmünde haýyrlanylýar. Bişen miwesiniň süýtde ýa-da suwda gaýnadyp alnan ergini basyk (angina) keselinde, ses gyrylmada, üsgülewükde bokurdagy çaýkamak, bronhitde gakylyk goparyjy iň oňat serişde hasaplanylýar, gaýnadylyp alnan erginini aşgazan keselinde (gastritde), iç gatamada içmek maslahat berilýär. Dömme çişleriň tiz bişip ýarylmagy üçin ter injir miwesi  ýa-da suwa öllenen kaky ýapylýar. Injiriň süýt reňkli şiresi hem ýaralary bejermekde we düwürtikleri aýyrmak üçin ulanylýar.

 

Agajan MUHYÝEW

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň Okuw bölüminiň müdiri

 

Awstriýanyň kompaniýalary Türkmenistana maýa goýmaga çagyryldy

 

 

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady