SIZDEN GELENLER

Bütindünýä azyk önümleri güni

1979-njy ýylda  Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) konferensiýasynda yglan edilen Bütindünýä azyk önümleri güni her ýylyň 16-njy oktýabrynda bellenilip geçilýär.

Bu günüň bellemekligiň esasy maksady, dünýäde bar bolan azyk meselesi barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem, şu günki gün, global meseläni çözmek  – adamzady açlykdan, iýmitlenmezlikden we garyplykdan halas etmek üçin mümkinçilikdik bolup durýar.

Bu senäniň 16-njy oktýabrda bellenilmegi 1945-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) döredimegi bilen baglanyşyklydyr.

Dünýä ýurtlary ilkinji gezek dünýädäki açlygy ýok etmäge we dünýä ilatyny iýmitlendirip biljek durnukly oba hojalygyny ösdürmäge şert döretmek üçin iň möhüm meseleleriň birini resmi taýdan yglan etdiler.

Açlyk we ýeterlik iýmitlenmezlik tutuş materikleriň genofondyna öz zyýanyny ýetiripdir. Dünýädäki täze dogulýan çagalaryň ölümi 45% ýagdaýynda ýeterlik iýmitlenip bilmeýär. Üçünji dünýä ýurtlarynda çagalar akyl taýdan yzda galan we ejiz ulalýarlar. Mekdepdäki sapaklaryna ünsüni jemläp bilmeýärler.

FAO-nyň maglumatlaryna görä, hemme kişini iýmitlendirmek üçin ýeterlik iýmit öndürilýändigine garamazdan, dünýäde 821 million adam henizem açlykdan ejir çekýär. Şol bir wagtyň özünde 1,9 milliard adam aşa semiz. Bu gün dünýäniň aglaba ýurtlarynyň ýagdaýyny ýeňletmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolan dürli haýyr-sahawat çäreleri hem geçirilýär. Jemgyýetiň işjeň agzalary bu gün dürli kongreslere we konferensiýalara gatnaşýarlar.

Şeýle hem bu sene bilim taýdan möhüm ähmiýete eýe bolup, raýatlara käbir ýurtlardaky azyk ýagdaýlary bilen tanyşmaga kömek edýär. Bu gün dürli parahatçylygy goraýyş guramalary tebigy betbagtçylyklardan we ondan ejir çeken sebitlere hem kömek berýärler.

1981-nji ýyldan başlap, Bütindünýä azyk önümleri güni her ýyl üýtgeşik bir mowzuk bilen geçirilýär. Mysal üçin, bu günüň dürli ýyllardaky mowzuklary şeýle atlandyrylýar: “Açlyga garşy ýaşlar”, “Açlykdan azatlygyň müňýyllygy”, “Açlyga garşy halkara bileleşigi”, “Oba hojalygy we medeniýetler arasyndaky gepleşik”, “Iýmit hukugy”, “Döwür krizisinde azyk howpsuzlygyna ýetmek”, “Açlyga garşy göreşde agzybirlik”, “Oba hojalyk kooperatiwleri dünýäni iýmitlendirýär”, “ Maşgala ekerançylygy: dünýäni iýmitlendiriň – planetany halas ediň” , “Durmuş goragy we oba ykdysadyýeti”, “Oba garyplygynyň aýylganç aýlawyny döwmek”, “Howa üýtgeýär, azyk we oba hojalygy hem üýtgeýär”, “ Migrasiýa akymlarynyň geljegini üýtgetmek. Azyk howpsuzlygyna we oba ösüşine maýa goýmak”, “Açsyz dünýä üçin sagdyn iýmit” we başgalar. Bu mowzuklaryň şeýle atlandyrylmagy çalt çözgütleri talap edýän meseleleri görkezmek we jemgyýeti çözmäge gönükdirmek maksady bilen baglanyşykly.

Sülgün Nepesowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

14-nji oktýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

 

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi