SÖHBETDEŞLIK

Zyba zybanly Zybagözel

Islendik  adama “ Size lezzet berýän zat näme?” diýen sorag berilse, hökmany suratda sungatyň bir görnüşiniň adyny tutjagy ikuçsyzdyr. Sungat hem edil miweli baga çalymdaş.  Her bagyň miwesiniň özboluşly tagamy, üýtgeşik  lezzeti bolýar. Alypbaryjylyk  hem özbaşyna täsin bir dünýä, gözellik älemi. Bu täsin dünýäniň gözellikleri bilen sizi hem azda-kände   tanyşdyrmak maksady bilen,  “Atavatan Türkmenistan” halkara  žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň söhbetdeşlik sahypasy üçin,  mahmal owazy bilen ildeşlerimiziň arasynda meşhurlyga eýe bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi Zybagözel Muhammedowanyň maksatly menzillerinden söz açýan söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik.

-Zybagözel, çakylygymyzy  kabul edip geleniňiz üçin köp sag boluň! Adamyň geljekde  haýsy  käriň  eýesi  boljakdygy çagalygyndan belli bolýar diýsek hem ýalňyşmasak gerek. Söhbedimiziň başyny bu käre gadam basan pursatlaryňyz hakynda başlasak!

-Çagalyk döwrümden tans sungaty bilen meşgullanyp başladym. Sungatyň bu görnüşi bedeniňi hem ruhuňy taplaýar. Bize  tans sungatynyň inçe tilsimlerini ata Watanymyzda ýaşaýan, ençeme ýyl zähmet çeken, milleti ukrain bolan mugallymymyz öwretdi. Döwlet balet tans ansamblynda  tans etdim. Şol ýerde men 12-13  ýyl tans sungaty bilen meşgullandym. Ilki bilen “Aýjan”, soňra bolsa “Näzli” tans toparlarynda çykyş etdim. Orta mekdebi tamamlap, sungata bolan tejribämi baýlaşdyrmak üçin kakamyň maslahaty bilen men “Ýaşlyk” teleýaýlymyna redaktor wezipesine  işe  ýerleşdim. Ine, şol pursatdan soň hem alypbaryjylyk ýolundaky  ilkinji ädimlerim başlandy. Alypbaryjy bolmak arzuwy mende asla bolmandy. Men telewideniýä işe baran ilkinji günümden maňa gepleşik alyp barmagy teklip etdiler. “Watan  guwanjy” ady bilen ilkinji gepleşigimi alyp bardym. Soňra “Hünärli gollar” ady bilen  milli el-işlerimiz baradaky gepleşigiň alypbaryjysy boldum. “Körpeler” gepleşigini alyp barýan döwürlerim bolsa iki gezek Täze ýyl baýramçylygynda döwlet derejesinde Garpamyk keşbine girdim. Sungatyň alypbaryjylyk ýolundaky üstünlikli ädimlerim meni 2009-njy ýylda Türkmen döwlet medeniýet institutyna  getirdi. Bagtyýar  talyp  ýyllarym telewideniýede tejribe arkaly özümi kämilleşdirmek bilen geçdi. Şol döwürler ähli teleýaýlymlarda zähmet çekip, özümiň tejribämi artdyrdym.  2014-nji ýylda institutyň “Teatr” fakultetiniň alypbaryjylyk hünärini üstünlikli tamamladym. Döwlet konsertlerine bolsa  2011-nji ýylda, ýagny  3-nji ýyl talyp  wagtlarym çykyp  başladym. Häzirki  güne çenli hem bu kärimi höwes bilen ýerine ýetirýärin.  Ýaňy ýaly-dy, görüp otursak, eýýäm 10 ýyl geçipdir.

 

-Köpden bäri size beresim gelýän bir soragym bar. Adyňyz hem owazyňyz ýaly, özüňiz ýaly gözel. Zybagözel  adyny size kim goýdy?

Kakam. Meniň kakam saz sungatyny  gowy görýärdi. Saz hem çalýardy. “Zybagözel” diýen milli türkmen sazy bardyr, şol sazy diýseň şirin görýän eken. Şeýle hem kakam akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny köp okaýardy. Şahyryň dürdäne setirlerinde  zyba, ýagny owadan diýen sözler  köp duşýan eken. Şu zatlardan ugur alyp hem gowy görüp, kakam maňa  Zybagözel adyny goýupdyr.

 

-Zybagözel, siziň sesiňiz ýakymly. Sesiňizde şol gözelligi döretmek üçin ýörite owaz türgenleşiklerini geçýärsiňizmi?

-Elbetde, geçýärin. Şu ýerde soragyňa jogap bermezimden öň, maňa bu ugurda ussatlyk bilen tälim beren halypalarymyň adyny buýsanç agzasym gelýär. Magtymguly adyndaki sazly-drama teatrynda zähmet çekýän, Türkmenistanyň halk artisti Rejep Gurbanow hem-de TDMI-niň mugallymy Gülbahar Kulowa maňa bu ýoluň inçe tilsimlerini öwretdiler. Şolaryň bildirýän ynamy sungatda berkemegime, öňe gitmegime itergi berdi.

Talyp döwürlerim ýokary okuw mekdebinde birnäçe hünärler bardy, “Sahna dili” hünäri maňa has ýakyn boldy. Men şol hünärde  köp zatlary öwrendim, sesimi kämilleşdirdim. Öwrenen zatlarymy häzirki güne çenli gaýtalaýaryn, türgenleşik geçýärin. Alypbaryjy bolmak isleýän gyzjagazlara  bolsa, öz maslahatymy  hem beresim gelýär. Ýagny “sahna dili alypbaryjynyň birinji ýaragydyr”. Sebäbi diliň arassa bolsa, islendik ýazgyny okan pursadyňda ol diňleýji üçin ýakymly bolýar.

-Alypbaryjylyk hünärini islendik ýaşda hem ele almak mümkinmi?

 

Elbetde. Höwese bagly  hem-de ussat halypalaryň elinde tälim alsaň, sesi islendik ýaşda-da türgenleşdirip, owazly çykaryp bolýar. Ilkibaşda meniň sesim gaty inçedi. Çagalygymda ýazga geçirilen wideo ýazgylarymy  görenimde, has inçe tebigy sesimiň bardygyny bildim. Türgenleşigi yzygiderli  geçdigiňçe,  sesiň gözellige tarap üýtgeýän eken.

-Onda üstünlik gazanmak isleseň, sesi kämilleşdirmek  hem wajyp eken-dä?!

Hawa, has wajyp.

-Şägirdiňiz barmy ýa-da geljekde bu ugurda şägirtleriňiziň bolmagyny isleýärsiňizmi?

-Häzirki wagtda şägirdim ýok. Ýöne höwes bildirýän kiçijik çagalardan başlap, uly ýaşly gyzjagazlara çenli alypbaryjylygyň inçe tilsimlerini öwredip gelýärin. Şeýdip, öz tejribämi hem baýlaşdyrýaryn.

-Sizi alypbaryjy we diktor höküminde tanaýarys. Indi şularyň arasyndaky tapawut barada hem aýdyp geçäýseňiz!

-Dilimizde alypbaryjy, diktor diýen sözler bar. Bular biri-birinden tapawutly. Alypbaryjy – gepleşigi gurnaýan, taýýarlaýan hem alyp barýan adam  hökmünde tanalýar. Hat-da gepleşigiň režissýorlygynam ýerine ýetirýär.

Diktor  eline ssenariýa berlensoň,  şondan çykmaýar, oňa özünden zat goşmaýar.

-Ilkinji ýola halk köpçüliginiň öňüne çykanyňyzda nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?

-Halypam “Jogapkärçiligi duýdugyňça, sende tolgunma has güýjeýär” diýerdi. Ol hakykatdanam şeýle. Ilkinji gezek sahna çykanymda dörän tolgunma garanyňda, häzirki başdan geçirýän duýgularym has agdyk, howsalaly.  Halk seni tanadygyça, jogapkärçilik-de, tolgunma-da artýar.

-Aljyramak, tolgunmak sahnada size öz täsirini ýetirdimi? Şol pursatlardan üstün çykyp bildiňizmi?

-Adatça, adamyň pikir edýän zatlary durmuşda garaşylan netijäni hem berýär. “Häzir men ýalňyşaryn, ýalňyşaryn” diýen tolgunma mende kän boldy. Ýöne soňundan  “Gowy, hemme zat gowy” diýip öz-özümi köşeşdirýän hemem adamlary görsem, ýylgyryp duran ýüzlerden özüme  ylham alýaryn. Şowly çykyş etmegime ýene bir zat uly täsirini ýetirýär, ol hem mundan ozalky uly sahnalardaky üstünlikli çykyşlarym. Her bir şowly çykyşym maňa güýç-kuwwat berýär.

 

-Şeýleräk soragy hem beresim gelýär. Sahna taýýarlyksyz çykyp gördüňizmi?

-Ýok, häzirki güne çenli gowy taýýarlanýaryn. Aýtjak-diýjek zadymy özleşdirmesem, halk näme diýjek  bolýanyma düşünmez.

-Aýdymça gowy ses gerek bolşy ýaly, alypbaryjy üçin ýene nämeler möhüm?

-Alypbaryjy dilewar bolsa gowy, islendik zady  owadanlap diňleýjä ýetirip bolýar. Alypbaryjynyň dili baý bolmaly, sözleri düşünikli bolmaly, daş sypaty özüne çekiji bolmaly. Häzirki alypbaryjylardan sahna dilini geçmeýänler hem bar. Ýöne olarda özüneçekijilik hem dilewarlyk bar. Alypbaryja esasan şular zerur. Men şoňa göz ýetirdim, dilewarlyk üçin hem köp kitap okamaly.

-Ýogsa-da gowy ýatladyňyz, siz kitap okaýarsyňyzmy?

-Hawa, kitap okamagy gowy görýärin. Şu wagt Rahmet Gylyjowyň terjime eden, arap ýazyjysy Aş-Şazylynyň “Atamyň durmuş hakda aýtmadyk zatlary”diýen kitabyny okaýaryn. Gaty gyzykly kitap eken, okamadyklara okamagy maslahat berýärin. Esasy mazmuny öz-özüňi terbiýelemek hakynda.

-Internet sahypalaryňyzda birnäçe şahyrlaryň goşgularyny ýerleşdirýärsiňiz. Haýsy şahyryň goşgularyny has gowy, ýüregiňize ýakyn görüp okaýarsyňyz?

-Kakamyrat Rejebowyň döredijiligini özüme ýakyn görýärin. Setirleri Gurbannazar Ezizowyň setirleri ýaly süýji. Ýöne soňky bir ýylyň içinde Gülşirin Hanowanyň döredijiligi bilen gyzyklanyp başladym. Bu şahyryň setirleri ýürege ýakynlygy bilen tapawutlanýar.

-Ýolda galan arzuwlaryňyz boldumy?

-Ýok. Ýöne kalbymda  ýetesim gelýän arzuwlarym bar. Haýwanlary aşa gowy görenim üçin olar bilen bagly bir zat açasym gelýärdi. Şol hyýal çagalygymdan kalbymda ýaşaýar. Geljekde şol islegim hasyl bolar diýen umydym bar. Haýwanlar bilen bagly hassahana, weterinar dermanhanalary, garaz, bir zatlar açmak arzuwy mende entek ýaşaýar.

-Diýmek, haýwanlary gowy görýän ekeniňiz-dä?! Öýüňizde saklaýan  öý haýwanlaryňyz barmy?

 

-Hawa, çagalygymdan bäri pişijek saklaýaryn.

-Siziň geýýän lybaslaryňyz gyz-gelinlerimiziň köpüsini özüne çekýär. Nähili biçüwdäki köýnekleri gowy görýärsiňiz we köýnekleriňiziň bezegini tikinçiňize siz teklip edýärsiňizmi ýa ol size teklip edýärmi?

-Men aslynda durmuşda döwrebap geýimleri geýýärin. Men sadadan nusgawy lybaslary gowy  görýärin. Ýöne tikinçim bilen maslahatlaşýaryn. Käte tikinçim teklip berýär, käte-de men.

-Iň uly arzuwlar pidakärligi talap edýär diýilýär. Ömrüňizde uly arzuwyňyz üçin belli bir zatdan geçip gördüňizmi?

-Hawa, bolupdy. Ýöne hiç haçan öz islegiňe ikilik etmeli däldigini öwrendim. Arzuwlaryňy pida etmek gerek däl.

-Meniň pikirimçe, häzirki döwürde oglanlara garanyňda gyzlary okatmak has gerekmika diýýärin. Bu barada siziň pikiriňiz?

-Islendik gyzjagaz – geljekki ene. Edepli-terbiýeli çagany kemala getirmek üçin ilki özüň okamaly, öwrenmeli. Men häzirki güne çenli köp zady ejemden sorap maslahatlaşýaryn. Ejemiň okuwlylygy, durmuş tejribesi maňa hemişe ýolgörkeziji boldy. Çaga ejesi bilen has köp wagt geçirýär, şonuň  üçin, ilkinji nobatda, gyz çagany okatmaly.  Sebäbi zenanyň gerdeninde gaty kän jogapkärçilik bar. Geljekki nesli terbiýelemekde, çaganyň aňyna gowy gylyk-häsiýetleri ornaşdyrmak ýaly jogapkärçilik bar.

-Daşary ýurtlara gidip gördüňizmi? Görmek isleýän ýurtlaryňyz?

-Men kän ýurtlara sungat sapary bilen gitdim. Türkiýäniň Antalýa şäherinde boldum.”Nissa” festiwalyna tansçy bolup gatnaşdym. Soňra şol festiwalyň alypbaryjysy hökmünde gitdim. Russiýa döwletiniň köp şäherlerinde boldum. Görmek isleýän ýurtlarym bolsa – Italiýa we Fransiýa.

-Islendik bir zady başarman diýen gorkuda bolduňyzmy?

-Hawa. Mysal üçin, ulag sürmegi başarmaryn diýen gorky bar içimde.

-Durmuşda adaty günleri gowy görýärsiňizmi ýa-da …

-Başyňa gaý bolup ýörmäniň hem öz gyzygy bar. Ýöne adaty günleri has gowy görýärin.

-Ynsanda bolýan tebigy gam-gussalaryňyzy nähili ýagdaýda ýeňip geçýärsiňiz?

-Şol pursatlarda men tebigat bilen ýüzbe-ýüz bolmagy gowy görýärin. Elime kofe alyp, tebigatda gezim etmegi,  ylaýta-da gamly wagtym ýagyşda ýöremegi  hemem ýürekdeş  joralarymyň biri Aýjeren Rejebowa bilen söhbet etmegi  gowy görýärin.

-Käriňizden daşary nämeden lezzet alýarsyňyz?

-Ýönekeýje zat kofe içmekden. Sport bilen meşgullanmakdan lezzet alýaryn. Zenanlaryň sporty bolan “aerobika” görnüşi. Sportuň bu görnüşi saz bilen bilelikde türgenleşilýär.

-15 ýaşyndaky Zybagözele, häzirki Zybagözelden näme maslahat bererdiňiz?

-Çagalyk wagtym tiz ulalmagy isleýärdim, şonuň üçin howlukmazlygy, rahatlanmagy  maslahat bererdim.

-Durmuşdan näme öwrendiňiz?

-Bu soragy gowy gördüm. Sabyrly bolmagy, adamlary tanamagy, dostlarymy saýlap bilmegi öwrendim, has dogrusy durmuş maňa bu zatlary öwretdi.

-Zybagözel bu ýyl Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny toýlady. Söhbetdeşligimiziň soňunda, ýürek arzuwlaryňyzy ildeşlerimize ýetirsek.

-Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda mundan beýläk-de güllesin, özgersin! Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy bilen Gahryman Arkadagymyzy, bütin türkmen halkymyzy gutlaýaryn. Gözel Türkmenistanymyzda baky bagtyýarlyk höküm sürsin, toýlarymyz toýa ulaşsyn!

-Sag boluň, arzuwlaryňyz hasyl bolsun!

-Sag boluň!

Şahsy maglumatlary:

Doglan ýyly, aýy, güni: 1990-njy ýylyň 16-njy oktýabry.

Gowy görýän reňki: ak, gök, gyzyl, ýaşyl.

Halaýan pasly: Güýz

2021-nji ýylyň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi.

 

Söhbetdeş  bolan: Miwe Jumadurdyýewa, “ Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

 

Rüstem Hallyýew – sungata baglanan ykbalym!

 

“Makul Sözlük” indi türk dilinde : 3 dilde onlaýn sözlük

 

Ýene-de okaň

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda

Maýsa Myradowa: ýaşlygyma ýoldaş bolan sungatym

Gözel HOJAÝEWA: kalbymyň namasy aýdym-sazymda