SPORT

Messi we Suares Madridde duşuşdy. Sebäbi …

«Barselonanyň» argentinaly ýyldyzy Lionel Messi 18-nji maýda şisenbe güni Madridde «Atletikodaky» dosty, ozalky topardaşy Luis Suarez bilen duşuşdy ―diýip, «Marka» habar berýär.

Çeşmäniň habaryna görä, argentinaly we urugwaýly futbolçylar ýanýoldaşlary bilen bilelikde Ispaniýanyň paýtagtyndaky bir italýan restoranynda naharlandylar.

Lionel Messi La Liganyň soňky tapgyrynyň öňüsyrasynda Luis Suaresi goldamak isledi we çempionatyň 38-nji tapgyrynda «Walýadolid» bilen geçiriljek duşuşykda üstünlik arzuw etdi.

Ýazylmagyna görä, Leo öňki topardaşynyň Madriddäki üstünliklerini özüniňki ýaly kabul edýär.

Ýeri gelende aýtsak, jemleýji tapgyryň öňüsyrasynda «Atletiko» 83 utuk bilen «La Liganyň» başyny çekýän bolsa, «Realyň» hasabynda 2 utuk kem. «Real» soňky tapgyrda öz meýdanynda «Wilýarrealy» kabul eder.

Ýatladyp geçsek, «Barselona»  37-nji tapgyrda öz meýdanynda «Seltadan» (1: 2) utuldy we çempion bolmak mümkinçiligini ýitirdi.

 

49 ýyldan soňra rekordy täzeledi

 

 

Ýene-de okaň

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär