SIZDEN GELENLER

Türkmen we iňlis dillerinde antroponomli idiomalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda  Türkmenistanda ylym ösdürilýär. Ýurdumyzda ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alymlar uly işleri bitirýärler. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini öwrenmek işini ylmy esaslarda alyp barmak üçin ýaş nesle ýokary hilli, ylmyň soňky gazananlaryna daýanýan çuňňur bilim bermegiň täze usullary we serişdeleri işlenilip taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugry hökmünde häsiýetlendirildi. Türkmenistanyň döwlet dili derejesini alan ene dilimizi dünýä dilleri bilen deňeşdirip öwrenmek boýunça ylmy derňewleri alyp barmak bu möhüm işiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýar.

Idiomalar göçme manyly durnukly söz düzümleridir. Olar dilde taýýar görnüşde duş gelýär. Durnukly söz düzümlerini seljermek arkaly halkyň milli özboluşlylygyny, onuň aýratynlyklaryny, mentalitetini, ýagny şol halka mahsus häsiýetlere öz dünýägaraýşy boýunça baha bermek mümkinçiligi döreýär. Durnukly söz düzümleri ýa-da başgaça aýdanymyzda frazeologik birlikler özünde adamlaryň pikirlenmesiniň düýp manysyny, halkyň ruhy tejribesini jemleýär. Iňlis we türkmen dillerinde beýleki dillerde bolşy ýaly, dil birlikleriniň milli-medeni semantikasy  ýagny dil aňlatmalary, iňlis we türkmen tebigatynyň aýratynlyklaryny, halkyň nesilden-nesle geçýän, halk döredijiligini, çeper edebiýatyny, sungatyny, ylmyny, däp-dessurlaryny, gündelik durmuşyny şöhlelendirýär.

Durnukly söz düzümlerinde aýratyn hem olardaky has atlar az öwrenilendir. Islendik diliň frazeologik birlikleriniň düzüminde belli bir derejede has atlar bölegi saklanýar. Has atlar – onimler adamlara aragatnaşykda we özara düşünişmekde gerek bolan atlardyr. Has atlar oýlap tapylyp ýa-da döredilip bilner.

Antroponimler adam atlaryna degişli bolýandygyna garamazdan göniden-göni medeniýetiň taryhy, adamlaryň psihologiýasy, däp-dessurlary  we ş.m. bilen baglanyşyklydyr. Rus filology I. L. Kuçeşewa iňlis frazeologizmlerindäki antroponimleri aşakdaky toparlara bölýär: a) ýekebara we  toparlaýyn antroponimler.  Ýekebara antroponimleriň adyndan belli bolşy ýaly, düzüminde bir adam ady bolýar. Toparlaýyn antroponimlerde iki we ondan artyk adam ady bolmaly. Biz hem şu nukdaýnazardan ugur alyp iňlis we türkmen dillerinde mysal getirip bileris. Ýekebara antroponimler iňlis dilinde – the admirable Crichton – “deňsiz-taýsyz Kraýton”, alym, ylymly-bilimli adama aýdylýar. (14 ýaşynda magistr derejesini alan Meşhur şotland alymy J. Kraýtonyň adyna bagyşlanan), (even) blind Freddy could see it (even blind Freddy wouldn’t miss it)– köre hasa, ýagny hemmä äşgär, hemmä mälim, görnüp duran zady aňladýar. Bu frazeologik birlik 20-nji asyrda 20-nji ýyllarda Sidneýde ýaşap geçen köçe jerçisiniň adyna dakylan, ol körlügine garamazdan şäheriň içinde arkaýyn ýöräp, alyjylarynyň sesinden tanap bilipdir.  Şeýle hem türkmen dilinde Hatam taý ýaly  – sahy, jomart adama aýdylýar. Biz bu frazeolgik birligi görnükli türkmen şahyry Seýitnazar Seýdiniň “Döwrany bardyr” goşgusynda duş gelip bilýäris. Ýagny, // “Sahawatda Hatam taýdan zyýada”/ Diýen adam hergiz galmaz uýada…/ Görşümiz ýaly, ýekebara antroponimleriň gelip çykyşy taryhy şahslaryň atlary bilen utgaşdyrylyp gelinýär. b) toparlaýyn antroponimlere mysal iňlis dilinde: Darby and Joan – ýaşuly çatynjalar manyny berýär. Bu durnukly söz düzümi G.Wudfollyň “Darby we Joan” balladasyndaky esasy gahrymanlaryň atlaryndan gelip çykýar. Biz bu durnukly söz düzümini H.Lawsonyň “Over the Sliprails”atly eserler ýygyndysynyň “A case for the Oracle” eserinde duş gelýäris: “And there were three young married couples in camp, also a Darby and Joan…” – “Lagerde 3 ýaş çatynjalar şeýle hem Derbi we Jon (ýaşuly çatynjalar) hem bardy…

Türkmen dilinde “Alynyň aryny Ahmetden almak”– (çykarmak) günä köteklemek, gaharyňy başga bir zatdan ýa adamdan çykarmak, günäkäre derek başga birinden ar almak diýip bellesek bolýar. Şeýle hem halk aýtgysy “Weli bolmasa Welije” – ol bolmasa başga biri, ol bolmasa beýlekisi diýen manyny berip, toparlaýyn antroponime mysal bolup biler. Düzüminde antroponim bolan frazeologik birlikleriň esasy aýratynlygy olaryň ähli dilde belli bir düşünjäni, garaýşy aňlatmaklygydyr. Ýöne muňa garamazdan frazeologizmleriň semantiki gurluşy aýry-aýrydyr.

Dilleriň degşirme derňewi esasynda öwrenilmegi degşirilýän dillerde umumy we tapawutly taraplaryny ýüze çykarmakdan we dilleriň degşirme derňewi üçin aýratyn bir goşant goşmaklyga gönükdirilendir. Onimleri frazeologik birlikleriň komponenti hökmünde öwrenmeklik lingwokulturologiýa gyzyklanma döredýär.

 

Koldaşowa Parahat,

S.Seýdi adyndaky TDMI-niň roman-german dilleri we edebiýaty,

olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy

 

 

Milli Geňeşiň palatalarynyň deputatlary Döwlet ýer kadastryny taýýarlamaga gatnaşar

 

 

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy