SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Otly harabalygy syýahatçylary özüne çekýär

Täsiri güýçli bolsa, harabaçylyk bilen hem syýahatçylary özüňe çekip boljak ekeni. Munuň aýdyň mysalyny bolsa Boliwiýa görkezdi. Eýsem, Boliwiýa nähili harabaçylyk bilen syýahatçylary haýran galdyryp bildi?

Biler bolsaňyz, ýurduň demirgazyk-günortasynda ýerleşýän Uýuni şäherçesinde dünýädäki iň uly otly harabaçylygy bar. Bu ýerdäki otlylaryň käbiri  XX asyryň başynda öndürilipdir.

Aýdyşlaryna görä, britaniýaly magdançylar Uýuni şäherçesine alyp gelen otlularyny bu ülkeden gazyp alnan kümüş we gurşunyny daşamakda peýdalanypdyrlar.

Känleriň gory egsilende bolsa olar otlulary goýup, bu ýerden göçüp gidipdirler. Maglumatlar känleriň geçen asyryň 40-njy ýyllaryndan bäri ulanylmaýandygyny görkezýär. Diýmek, otly harabaçylygy hem şol ýyllarda «doglan» bolmaly.

Bu gün bolsa olar dürli döwletlerden gelýän syýahatçylary özüne çekýär.

 

PÝGG-niň jerimelerini online tölemek

 

 

Related posts

Aş­ga­bat — Da­şo­guz: günde 2 gatnaw amala aşyrylýar

COVID-19 sanjymy: lukmançylyk synaglaryna başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda hyzmat we iýmit kärhanalarynyň işi çäklendirilýär

Ata Watan Eserleri