Maşgala bu kiçijik döwlet. Türkmen maşgalasy agzybirligiň ojagy, terbiýäniň öýi hasaplanylýar. Maşgalada maşgala agzalary näçe agzybir bolsa, maşgalabaşynyň sözi söz ýerinde ýöreýän bolsa şol öýe döwletem geler, mertebede. Türkmençilikde “Bina bolmasa-binýat bolmaýar” diýlişi ýaly, maşgalanyň binýadyny gurýan ata-enelerdir. Ata-enäniň yhlasy bilen, söýgüsi bilen bina bolan maşgala berk bolýar, abat bolýar. Türkmeniň islendik maşgalasynda atanyň roly gaýduwsyzlygyň, edermenligiň, merdanalygyň nugasy bolup çykyş etse, enäniň roly mukaddesligiň, mähribanlygyň nusgasy bolup çykyş edýär. Maşgalada aga ata çekse, uýa enä meňzese, şol öýe gelen gelinem öýüň ody bilen girip, küli bilen çyksa bagtam şol öýe hemişe gülip bakar. Agzybirlik, oňşuklylyk diýlen düşünjelerem ulylaryň sözi ýöreýän ýerde bolýandyr. “Ulynyň aýdanyny etmedik-uwlar!” diýilmegem, ulylaryň sözüniň ýöremeýän ýerinde, diýeni edilmeýän öýünde agzalalygyň, dawa-jenjeliň, oňşuksyzlygyň bolýandygyny aňladýar. Maşgala agzalaryň hersi öz orunlarynda durup, birek-birege düşünişseler, ol ojak agzybir, bagtly öý hasaplanylýar. Bir dana “Nähili maşgalany bagtly maşgala hasaplaýarsyňyz?” diýip sorag berlende ol: “Birek-birege düşünişýän maşgala bagtlydyr” diýip jogap beripdir. Biziň halkymyzyň milli medeniýetinde aýal-gyzlary sylamak, olara hormat goýmak ata-babadan gelýän däp-dessurdyr. Hatda söýgi baradaky dessanlara at dakanlarynda hem gyzlaryň atlaryny hormat bilen ilkinji tutupdyrlar: “Leýli-Mejnun”, “Şasenem-Garyp”, “Saýatly-Hemra”, “Asly-Kerem”, “Hüýrlukga-Hemra”, “Gül-Bilbil” we ş.m.
Jemgyýetde maşgalanyň orny, ähmiýeti uly bolansoň maşgala diýlen düşünjä eýýäm mukaddeslik hökmünde garalýaram, goralýaram. Döwletimizde hereket edýän Maşgala Kodeksinde hem maşgala örän giň düşünje berlip, bu barada şeýle diýilýär: “Maşgala ‒ adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (mundan beýläk – perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary”. Maşgala gymmatlyklarynyň kanunçylygmyzda hem öz beýanyny tapmagy, maşgala diýen sözüň aňyrsynda eýýäm birnäçe adamlaryň ömür ykbalynyň ýatandygyny, şol ykballaryň geljekde döwletimize ýetirip biljek täsirleri dogrusynda oýlanmaga mejbur edýär. Şol sebäpli on sekiz ýaşyna ýeten her bir Türkmenistanyň raýaty nika baglaşmazdan öňürti geljekde nähili maşgala bolmalydygy barada, maşgalada kemala geljek täze bäbejigiň ertirki aladasy barada ymykly oýlanyp durmuş gursa, iň bagtly maşgalanyň hakyky eýeleri bolarlar.
Ilki bilen jan saglygňyz diläýin,
Saglyk bolsa has batlanar gadamlar.
Ojagňyzyň rysky artyp ylaýym,
Maşgalaňyz abat bolsun adamlar.
Ýaňlansyn her öýde çaga gülkisi
Gam çykmasyn işigňizden ädenler
Türkmenistan bagtyýarlyk ülkesi
Maşgalaňyz abat bolsun adamlar.
Täjibaýewa Leýli,
Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň ýaşaýjysy