SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Baýramaly şypahanasy

Döredilen ýyly: 1933-nji ýyl (2010-njy ýylda täze her biri 250 orunlyk 2 sany bina guruldy we öň hereket edýän durky täzelenen 300 orunlyk binalarynyň üsti ýetirilip, häzirki wagtda 800 orunlyk dünýä ülňülerine laýyk gelýän şypahana öwrüldi.)
Salgysy: 746000, Türkmenistan, Mary welaýaty, Baýramaly şäheri, Bitaraplyk köçesiniň 2-nji jaýy.
Iş telefonlary: (+993564) 6-11-70; (+993564) 6-09-34
Faks: (+993564) 6-09-34
Elektron salgysy: sanatoriy-bayramali@online.tm

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Mary şäheri ýa-da gadymy kitaplarda we golýazmalarda ýatlanylýan Maru-Şahu-Jahan gadymy döwürden bäri özüni ajaýyp tebigaty, myhmansöýerligi, geografiki taýdan amatly ýerleşişi, ýeriniň we suwunyň bejeriş aýratynlyklary, asyrlarboýy dowam edip gelen ekerançylyk däpleri bilen giňden tanalýar. Mary welaýatynyň iň ajaýyp we şypaly ýerleriniň biri Baýramaly şypahanasydyr. Murgap derýasynyň sag kenarynda, gadymy ýadygärlikleriň jümmüşinde ýerleşýän täsin “Baýramaly” şypahanasy uzak ýyllardan bäri diňe bir türkmenistanlylaryň däl, eýsem, dünýäniň ähli künjeklerinden gelýän köpsanly daşary ýurtly müşderileriň, jahankeşdeleriň arasynda hem aýratyn meşhurlykdan peýdalanýar. “Baýramaly” şypahanasy gadymy rowaýatlarda Beýik Ýüpek ýolundan geçýän çet ýurtly jahankeşdeleriň şypahananyň häzirki ýerleşýän ýerine gelenlerinde ýadawlygynyň, agyrylarynyň, çişleriniň, sussupesliginiň aýrylýandygynyň, soňra bolsa ruhbelentlik, sagdynlyk duýulýandygynyň gudraty barada aýdylýar.

      Demirgazyk giňişligiň 62 ºс  we gündogar uzaklygyň 37-40 ºс aralygynda, deňiz derejesinden 242 metr beýiklikde ýerleşen Baýramalynyň çägine Günüň ultramelewşe şöhlesiniň düşüşiniň ekwiwalentiniň aýratynlygy hemmeleri haýran galdyrýar. Gara deňziň kenaryndaky şypahanalar bilen deňeşdireniňde howanyň çyglylygyň 20 esse azdygy, ýylyň bütin dowamynda güneşli günleriň bolmagy, aýratyn hem aram gurak howasy Baýramalyda böwrek we  ýürek-damar kesellerini bejermek üçin diýseň amatly şertleri döredýär.
       Ýeriň üstüne Günüň ultramelewşe şöhleleriniň düşmegi boýunça Ýer togalagy üç guşaga bölünýär. Baýramaly böwrek şypahanasy şolaryň merkezinde ýerleşýär. Bejeriş şerişdesi hökmünde bu ýerde klimat peýdalanylýar. Soňky ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglar we uzak ýyllaryň dowamynda toplanan tejribeler “Baýramaly” şypahanasynyň bejeriş häsiýeti aeroterapiýanyň, ýagny gyzgyn howa bilen bejerişiň, şeýle hem gelioterapiýanyň – Gün we howa wannalarynyň, ýagny gös-göni Gün şöhleleri bilen bejerişiň netijeli artykmaçlyga eýedir.
      Howanyň aýratyn ýokary bejerijilik häsiýetleri bu ýerde ýaz, tomus we güýz aýlary has äşgärdir. Şu döwürde deriniň eksiretor funksiýasynyň ähmiýeti ýokarlanýar, bu bolsa, böwrek keselli adamda iýmit alyş-çalşynyň patalogiki bozulmagyna täsir edýär. Şol bir wagtda paslyň şu döwrüniň böwrek dokumasynyň işine bellibir derejede amatly täsirini ýetirýändigi bellenilýär. Daşarky we içerki infeksiýalarynyň gowşamagyna hem täsiriň bolmagy mümkindir, bu böwrek keselleriniň güýjemegi üçin artykmaç ýagdaýlaryň döremegi bilenem baglydyr.
       Gurak howa böwrek kesellileri sowuklamadan gorap saklaýar, olar sowuk howa diýseň duýgur bolýarlar we sowuk howa olarda patologiki ýagdaýlaryň ýitileşmegini ýüze çykarýar. Ýylydan gurak howa deriniň işjeňligini ýokarlandyrýar, böwregiň işleýşini ýeňilleşdirýär. Böwrek kesellerine Baýramalynyň yssy we gurak howasynyň täsiri, esasan, deri we böwrek damarlarynda spazmalaryň ýüze çykmagy arkaly jemlenýär. Böwrekdäki sanjy aýrylýar, netijede, gan aýlanyşyk gowulanýar, böwregiň kisloroda bolan mätäçligi peselýär we böwrek güýçli işlemäge başlaýar.
       Şonuň netijesinde, ganyň akymynyň has hem güýçlenmegi bolup geçýär. Deriniň we böwregiň işlemeginiň güýçlenmegi netijesinde, organizm iýmit alyş-çalşygyny bozulmagyndan, toksiki önümleriň uly agramyndan jebir çekmeden dynýar. Has dogrusy, adam organizmi ýuwulýar. Turşulygyň deňagramlylygynyň deňleşmesi hem göze ilýär. Iýmit siňdirişiň gowulanmagy bilen ähli ýürek-damar ulgamynyň işi hem sazlaşýar, şonuň netijesinde, gan basyşy peselýär we ýüregiň işleýşi kadaly ýagdaýa gelýär.
      Bu şypahanada böwrek kesellerinden başga hem ýene-de birnäçe görnüşli keseller bejerilýär.
      Baýramaly şypahanasynyň täze ömri Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda başlandy. Has dogrusy, ýurdumyzda geçirilýän iri möçberli özgertmeleriň ägirt uly netijeleri Watanymyzyň ajaýyp künjeginde – Baýramaly şypahanasynda hem öz beýanyny tapdy. Kabul edilen Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmasy boýunça bu ýerde bejeriş binasynyň durky doly täzelendi, şeýle hem her biri 250 orna niýetlenen iki sany täze bina guruldy. Bu bolsa, birbada 800 adama bejergi almaga mümkinçilik berýär, ozal şypahana möwsümde 500 adamy kabul edip bilýärdi. Bulardan başga hem ozal bar bolan we täze gurlan binalarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän ähli amatlyklar döredildi.
     Häzirki wagtda şypahananyň bejeriş-sagaldyş merkezinde aşakdaky bölümler hereket edýär:

 

Anyklaýyş bölüminde: ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, endoskopiýa we labaratoriýa barlaglary geçirilýär.
Suw bilen bejeriş bölüminde: wannalar (sulfitno-natriýewaýa, bişofitli, deňiz duzly, ýüzärlikli, hwoýny), suwasty owkalama, el-aýak suw asty owkalama, Şarko duşy, aýlawly duş, Şatland duşy, aşakdan we ýokardan iniji duşlar arkaly bejergiler amala aşyrylýar.
Fizioterapiýa bölüminde: şöhle bilen bejeriş, ultrases bejergisi, magnit bejergisi, dermanly elektrofarez, D’arsonwal, ingolýasiýa, elektrouky, galokamera, aeroionoterapiýa, magnitofotobaro bejergisi, limfadrenaž, iňňerefleksoterapiýa, oňurga sütütnini dartyp-çekmek bejergisi, adaty owkalama, elktroowkalama (elktroowkalaýyş kürsi), elektrobogun owkalama, stounoterapiýa, ýagny gyzgyn “Bazal” daşlar bilen bejeriş owkalama, gidrokolonoterapiýa, ýapgylar (Mollagara palçygy, wulkan palçygy, parafin, ozokerit, ary mum), hammam, basseýn.
Gelioterapiýa güneş şöhlesi bilen bejeriş bölüminde: tomus aýlary maý aýyndan noýabr aýyna çenli güneş şöhlesini Okesniç I.G. ýöriteleşdirilen güneş tablisasy arkaly ýerine ýetirilýär. Günüň infragyzyl şöhlesiniň täsiri netijesinde ýüregiň, böwregiň, öýkeniň, el-aýagyň, deriniň, içki agzalaryň, mäzleriň gan damarlary giňeýär. Organizm durşuna sazlaşykly işläp adam sagalýar. Bu bejergide süňkdäki kalsiý, fosfor ýetmezçiligi, ganyň düzümi kadalaşýar.
Baýramaly şypahanasynda berilýän bejergileriň täsiri: böwrek keselleri 90%-e çenli ýagdaýlary gowulanyp, olaryň ýüzleriniň çişleri, endamlarynyň agyrylary aýrylýar. Gan basyşy beýik derejelerde peselip kada gelýär. Peşew bilen köp mukdarda ýetirilýän organizm üçin iň zerur bolan belok çykmasy kesilip, organizm sagalýar. Uzak ýurtlardan ejir çekip gelýän “emeli böwrek” ulanyp ýaşaýan, agyr kesellileriň saglygy has gowulanyp ömri uzalýar. Böwrek ýetmezçiligi aýrylyp böwrege, endama duz ýygnamak, sowuklamanyň beterleşmegi aýrylýar.
Baýramaly şypahanasynda bejergi almak üçin görkezmeler:
Şypahananyň esasy ugry klimatoterapiýa.
Şypahana bejergisine esasy görkezmeleri:
(15-nji aprelden 05-nji noýabry aralygy)
– ýiti glomerulonefritden soňky galyndylar-proteinuriýa, gematuriýa, silinduriýa
 (ýiti döwründen 6-8 aý geçenden soň);
– uzaga çeken ýiti glomerulonefrit (1ýyla çenli) böwregiň ýeterlik işjeňligi bilen;
– dowamly diffuz glomerulonefrit, nefrotiki görnüşi, proteinuriýaly we çişler bilen böwrekleriň ýeterlik işjeňliginde ýa-da onuň ujypsyz peselmeginde;
– dowamly diffuz glomerulonefritiň gipertoniki görnüşi (180/100 mm.sim. süt. ýokary bolmadyk arterial gan basyşly), böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;
– dowamly diffuz glomerulonefritiň latent görnüşi, böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;
– dowamly başlangyç (urologiki, obstruktiw bolmadyk) piýelonefritiň remissiýa döwründe, 180/100 mm.sim.süt. ýokary bolmadyk arterial gan basyşly leýkosituriýa, bedeniň ýokary gyzgynlykly üşütme, böwregiň sanjysy, böwrekleriň aram peselen işjeňligi bilen;
– dowamly sistit (inçekesel etiologiýasyz) remissiýa döwründe;
– böwrek daş keseli: a) peşew bölüp çykaryş ýollarynda özbaşdak çykmaga ukyply daşlaryň bolmagy; b) peşew ýollarynyň operasiýadan soňky ýagdaýlary operasiýadan 6 aýdan soň) peşewiň kadaly çykyşynyň funksional we anatomiki üýtgeşmeleriniň bolmazlygynda;
-peşew bölüp çykaryş ulgamynyň dogabitdi anomaliýalary, böwrek ýetmezçiliginiň alamatlarynyň bolmazlygynda;
-böwrek amiloidozy, ýeňil ýa-da orta agyrlygy (aýdyň işjeňligi, aýdyň bildirýän ýaýraw çişleri, gipoproteinemiýa we anemiýa bolmadyk).
(02-nji noýabrdan 24-nji marty aralagy)
– ýürek-damar ulgamynyň keselleri;
– merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalarynda;
– daýanç-hereket ulgamynyň we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde.
Bejeriş suwuny ulanmaklyga goşmaça görkezmeleri
I. Ýürek-damar ulgamynyň keselleri:
1. Gipertoniki keseliniň I-II-nji derejesi;
2. Ýüregiň işemiýa keseli. Dartgynly stenokardiýa I-II-nji funksional synpy;
3. Miokardyň infarktyndan soňky kardioskleroz (infarktdan 3 aý soň), ýüregiň
    ritminiň we geçirijilik ukybynyň kadaly ýagdaýynda;
4. Gan aýlanyşynyň ýetmezçiligi I-II funksional synp;
5. Infeksion-allergiki miokarditden soňky ýagdaý;
6. Neýrosirkulýator distoniýa gipertoniki ýa-ada gipotoniki görnüşinde.
II. Merkezi nerw ulgamynyň keselleri:
1. Kelle beýniniň gan aýlanyşynyň ýiti bozulmalaryndan soňky ýagdaýlary;
2. Serebro-waskulýar keselleri;
3. Nerw ulgamynyň funksional keselleri;
4. Polineýropatiýalar; muskullaryň we muskul-sinaps keselleri; kelle we oňurga beýniniň kökjagazlaryň örümleriniň, nerw sütünleriniň şikesden soňky ýagdaýy, wegetatiw nerw ulgamynyň bozulmalary.
III. Periferiki nerw ulgamynyň keselleri:
1. Oňurganyň osteohondrozy ikilenji newrologiki bozulmasy bilen;
2. Dowamly spondiloartroz (inçekeselden däl), şikesden soňky spondilopatiýa;
3. Dowamly distal angiopolineýropatiýalar, şol sanda süýjili diabetde;
4. Polinewritlerden, mono-poli-gemiparezlerden soňky ýagdaý;
5. Ýokanç däl etiologiýaly bogunlaryň gyşardyjy gaýnaglama keseli.
IV. Daýanç-hereket ulgamynyň keselleri:
1. Artrozlar, artritler poliartritler (inçekesel etiologiýaly başgalar);
2. Bogunlaryň deformirlenen osteoartozlary;
3. Şikesden soňky daýanç-hereket agzalaryň bozulmalary.
Garşy görkezmeler:
1.   Hemme keselleriň ýiti döwri;
2.   Ýiti, ýiti asty glomerulonefrit ähli görnüşleri’
3.   Dowamly duffuz glomerulonefridiň ähli görnüşleri;
4.   Dowamly duffuz glomerulonefridiň ähli görnüşleri AGB 180/100 mm.sm.st.
      ýokary bolan ýagdaýynda;
5.   Böwrek amiloidozy ähli görnüşleri;
6.   Böwrek inçekeseli;
7.   Böwregiň polikistozy, gidronefrozy;
8.   Hirurgiki bejergini talap edýän böwrek daş keseli;
9.   Ýüregiň işemiýa keseli III-IV funksional synp;
10. Miokardyň infarktynyň ýiti, ýiti asty döwri;
11. Arterial gipertoniýa IIIb-IV dereje;
12. Ýokanç keselleriň ýiti döwründe;
13. Howply täze döremeler;
14. Gan akma;
Çeşme: saglykhm.gov.tm
https://www.atavatan-turkmenistan.com/mollagara-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/farap-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yyly-suw-sypahanasy/
https://www.atavatan-turkmenistan.com/awaza-sypahanasy-denzin-sypaly-mekany/

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň raýatlarynyň dykgatyna: Türkiýäniň wizasy üçin täze bildiriş

Türkmenistan bilen Gazagystan uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde çagalaryň 985-sine dikeldiş bejergisi geçirildi

Kolosseýde Göbekli depe Artefaktlaryna bagyşlanan sergi açyldy

Awiasiýa howpsuzlygy üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy taýýarlandy

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersiteti ylmy elektron žurnal çap eder