SIZDEN GELENLER

Döwletleriň atlarynyň gelip çykyş taryhy barada

Her bir ýurduň adynyň aňladýan manysy bar. Geliň käbir döwletleriň atlarynyň gelip çykyş taryhy bilen tanyş bolalyň.

Norwegiýa. Norwegiýa döwletiniň ady gadymy skandinaw dilindäki ady “Norýegr”, ýagny “Demirgazyga tarap ýol” diýen manyny aňladýar.

Indoneziýa. “Indoneziýa” adalgasy bolsa, goşma söz bolup, “Adalar Hindistany” diýen manyny berýär. Ilkinji gezek bu adalga 18-nji asyryň ahyrynda ulanylypdyr.

Hytaý. Hytaý halky öz ýurduny Çžungo diýip atlandyrýarlar. Çžungo – Ortadaky döwlet manysyny aňladýar. Hytaýyň ady ýurduň demirgazygynda ýaşan kidan taýpasynyň adyndan galandyr diýen çaklama hem bar.

Ýemen. Ýemen sözi arap dilinden “sag tarap” ýa-da “bagt” , “abadançylyk” diýip terjime edilýär.

Islandiýa. Islandiýa “Buzlaryň ýurdy” ýa-da “Buzly ýurt” diýmegi aňladýar.

Awstriýa. Awstriýanyň ady gadymy “Österreich” diýen nemes sözünden gelip çykyp, “Gündogar ýurdy” diýen manyny berýär.

Müsür. Müsür ady Arabystan ýarymadasynyň we alynky Aziýanyň halklarynyň gadymy “Misr” sözünden gelip çykypdyr. Olaryň dilinde “ilatly ýer” diýmegi aňladýan bu söz bir-birine ýanaşyk ýerleşen şäherleriň we obalaryň köp bolandygy üçin şeýle atlandyrylypdyrlar. Müsürlileriň özleri we gündogar halklary bu ýurdy şol at bilen atlandyrýarlar. Ýewropa ýurtlarynda bolsa, Müsüriň Ýegipet ady ýörgünli.

Bahreýn. Bahreýniň ady “Iki deňziň goşulyşýan ýeri” diýen manyny aňladýar.

Singapur. Singapur sözi  “Ýolbarsyň şäheri” diýen manyny berýär.

Tailand. Ýurda bu ady Ýewropalylar dakýar we  bu söz “erkinleriň ýurdy” diýip atlandyrypdyrlar. Ol “taýlaryň ýurdy” diýen manyny berýär. Tai sözi bolsa “erkin”, “azat” diýmegi aňladýar.

Aýlar ATAJYKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

 talyby.

 

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygy

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti