Aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygy, onda özüne kökerýän nähilidir bir güýjüň jemlenendigi hemmämize mälim. Bu jadyly sungatyň inçe tärlerini kalbyna ornaşdyryp, ylhamly dünýäsinde sungat bagyny gülledýän aýdymçynyň nuranalygy, hoşgöwünliligi ýaly ajaýyp häsiýetlerine belet bolanyňda, ol ýürekde ýazlar ýaşaýar diýesiň gelýär. Biziň gürrüňini edýän aýdymçymyz Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň ýokary derejeli artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Ilşat Annamämmedow. Onuň bilen «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.
— Sungata getiren başlangyç ädimleriňizden söhbetdeşligimize başlaýsak.
— Biz maşgalada üç gyz, üç oglan bolup ulaldyk. Maşgalamyzda sungat adamsy ýok. Ýöne halypa bagşy Döwletgeldi Ökdirow dogan agalarymyzdan hem biziň obamyzdan. Könekesirde 23-nji orta mekdepde 6-njy synpy tamamlanymdan soňra maşgalamyz paýtagta göçdi. Okuwymy Aşgabat şäheriniň 40-njy orta mekdebinde dowam etdirdim.
Aýdyma bolan höwesim mekdep ýyllarynda döredi. O döwürler, köplenç, aýdymlary kirişli saz gurallarynda aýdardyk. Toýlarda Döwletgeldi Ökdirowyň ýanynda aýdymlara hiňlenerdik. Wagtyň geçmegi bilen aýdym-saza bolan söýgim artyp ugrady. Türkmenistanyň halk artisti Annaguly Myratdurdyýewiň aýdymlaryna ýykgyn edip başladym. Halypanyň aýdymlary şo mahallaram häzirkisi ýaly diňleýjileriň söýgüsini gazanýardy, hasam ýaşlaryň arasynda meşhurdy. Onuň aýdymlary ýerine ýetiriş ussatlygy mende aýratyn täsir galdyrdy. Täze aýdym çykardygy, ilkinjileriň hatarynda diňleýärdim. Annaguly halypanyň aýdymlaryna bolan çäksiz söýgim meni onuň ýanyna eltdi. Halypanyň ýanyna baryp: “Siziň aýdymlaryňyzy aýtmagy, diňlemegi özüme ýakyn görýärin. Mümkin bolsa, meni şägirdiňiz etseňiz” diýdim. Annaguly halypa-da: “Baş üstüne, bilýänlerimden öwrederin, galanam, öz yhlasyňa, erjelligiňe bagly” diýdi. Şondan bäri hem şu günki güne çenli halypa bilen döredijilik gatnaşygyny saklap gelýäris. Repertuarymyň aglabasyny onuň aýdymlary tutýar. Annaguly halypamyň yhlasyma ynam bildirmegi, aýdymlary ýerine ýetirişimiň göwnünden turmagy täze üstünliklere ruhlandyrdy. Halypam maňa ýaşlykdan sungat äleminiň inçe syrlaryny öwretdi, şu günki güne çenli-de öwredip ýör. Islendik aýdymy işlänimde, Annaguly halypa hökman diňledýärin, maslahatlaşýaryn.
Ýaşulularyň biriniň: “Aýdymlaryňyz diňlenmeýändir ýa-da eşdilmeýandir öýtmäň, eşdilýärem, tanalýaram, wagtyň geçmegi bilen zähmetiňiziň, sungata söýgiňiziň miwesinem görýärsiňiz” diýeni ýadymda. Hakykatdanam, aýdymlarymyzyň her biri öz diňleýjisini tapýar. Şonuň üçinem diňe döretmeli, zähmet çekmeli. Ujypsyzja zähmetime hormatly Prezidentimiz ýokary baha berip, 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, 2018-nji ýylda bolsa “Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly adyň eýesi etdi.
— Döwletgeldi Ökdirowyň sungatyňyza eden täsiri dogrusynda gürrüň beräýseňiz?
— Döwletgeldi halypa: “Ilşat, aýdym aýtjak bolsaň, ilki bilen aýdymyň sözlerini dürs aýt. Sebäbi diňleýji aýdymyňdan many alýar, aýdymda näme diýdikä diýip, täzeden saradyp diňlemesin. Özboluşly owazyňdan dörän aýdymlar has ýerine düşýär” diýerdi. Halypanyň bu gymmatly maslahatlaryndan soňra aýdymyň sözlerini, setirlerini dürs ýerine ýetirmegi ilkinji orunda goýup ugradym.
Aýdymda sazam, äheňem ýerinde bolmaly, ýöne şahyryň goşguda aýtjak bolýan zady gulagyňa gelip durmaly, sözleriň düşnükli eşdilmeli. Döwletgeldi halypanyň hem esasy berýän maslahaty şoldy. Şahyr goşgulary ýöne ýerden döretmeýär, hökman bir zady wasp edýär. Şol waspy heňimize, owazymyza salyp diňleýjä ýetiribilsek, şahyryň azabam ýerine düşýär, aýdymam ýerlikli bolýar. Ol aýdym halkyňky bolup, oňa diňleýjiler baha berýär.
— Aýdym üçin nähili goşgulary saýlaýarsyňyz?
— Goşgy göwnümden tursa heňe geçirýärin. Käbir goşgularda agyr sözler bolýar, meselem, ýapyk bogunly sözlerden düzülen goşgular mikrofona gowy düşmeýär. Goşgy açyk bogunly bolsa heňe salanyňda owadan bolýar. Käbir şahyryň alty-ýedi bentden ybarat goşgusynyň bir-iki bendini okanyňdan, galan setirleriniň özi heňe gelýär duruberýär. Heňiň öz-özi döremeýär. Onuň üçin ilki bilen gowy goşgy bolmaly. Soňra heňiňi goşgynyň bendine görä sazlamaly. Şonuň üçin entek aýdym edilmedik goşgyny heňe salyp okamagy gowy görýärin. Şeýle bolanda, käte aýdymyň şol heň esasynda döreýän wagty-da bolýar.
Şahyryň goşgusynda her kim öz durmuşyny görýär. Şonuň üçinem, şahyrlaryň ýürekleriniň setirlere siňen owazyny owadan aýdymlara geçirip halka ýetiribilsek, hökman diňleýjisini tapýar.
— Aýdymçynyň öz döredijiligine garaýşyňyz?
— Gahryman Arkadagymyz halypa-şägirtlik mekdebine giň ýol açyp berdi. Bu bolsa halypalaryň döredijiligi bilen ýakyndan tanyşmaga, olaryň gymmatly eserleriniň, ajaýyp aýdymlarynyň owazynyň döwürler aşmagyna itergi berýär. Häzirki wagtda halypalar Nurýagdy Tokgaýewiň, Atabaý Çarygulyýewiň, Akyş Saparowyň ençeme aýdymlaryny söýüp ýerine ýetirýäris. Biziň hem öz döredijiligimizden dörän aýdymlary geljek nesillerimiziň ýerine ýetirjekdigine ynanýarys. Kalbyň owazyndan dörän aýdymlaryň ömri uzak bolýar. Ýaş zehinler döredijiligiňden bir zat öwrenip bilse, sungat adamsy üçin şondan uly bagt ýok.
— Bu sözleriňiz Gurbannazar Ezizowyň: “…Million setir okap, bir setir goýmak” diýen goşgy setirlerini ýatlatdy. Söhbetdeşligimiziň şu ýerinde aýdymlaryňyzy işleýşiňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz!
— Aýdym işlänimde, sazanda, kompozitor, şahyr bilen maslahatlaşýaryn. Aýdymlarymy şahyrlar Döwlet Gurbangeldiýewiň, Döwletgeldi Annamyradowyň, Ýagmyr Nurgeldiýewiň goşgularyna, kompozitorlar Merdan Gurbanmyradowyň, Merdan Döwletowyň, Dörtguly Gurbanmyradowyň, Merdan Ataýewiň sazlaryna işleýärin. Kompozitorlara täze döreden heňimi aýdýaryn, sebäbi käwagt duýdansyz heň gelýän wagtlary bolýar. Meselem, arada “Aşgabat” gazetinde ýylyň şygaryna bagyşlanyp ýazylan gowy goşga gabat geldim. Onuň ilkinji setirlerini okanymdan, täze heň döredi. Ýakynda goşgyny aýdyma geçirdik. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Züleýha Kakaýewa bilen ýerine ýetirýäris.
Bir aýdymy diňleýjilere ýetirmek üçin azyndan bir aý gerek. Sebäbi aýdym işläniňde yzygiderli diňleseň, ýadadýar. Onsoň sazynyň, sözüniň bir ýerini üýtgedesiň gelýär. Özüm aýdym işlänimde, ara üç-dört gün salym salyp diňleýärin. Şondan soňra aýdymy diňleýjilere ýetirýärin. Aýdymlaryma ilkinji bolup baha berýän maşgalam. Olar aýdymçy bolmasalar-da aýdymlaryma düşünýärler. “Şu ýerini şeýleräk alyp görseň nähili bolar?” diýip, pikirlerini aýdýarlar. Esasy zadam, olaryň berýän bahasy bilen menem kanagatlanýaryn. Kämahalam, hiňlenip otyrsyň welin, owadan heň gelýär, şonam aýdymyň arasyna salyp bolýar, özem, köplenç, ýerine düşen heň bolýar. Täze aýdymymyz hem şeýle heňden döredi:
Siz Arkadag, dünýäň bagty, köňülleň baky bahary,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.
Siz Arkadag, döwrüň bagty, köňülleň baky bahary,
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany.
Köňül joşlaryňyz döwrüň senasy,
Siz bilen Berkarar türkmen binasy,
Beýik işleriňiz döwrüň penasy,
Siz Watanyň başda täji, Arkadag!
Siz zamanaň göwher gaşy, Arkadag!
Bu aýdymy ýakyn günlerde “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekile geçirip, halkymyza ýetireris.
Ýylymyzyň şygaryna bagyşlap, “Jan Watanym, Türkmenistan!” atly täze aýdymymy şekilli görnüşe geçirip halkymyza ýetirdik. Aýdymyň sözleri şahyr Halymberdi Bekmämmedowyňky, sazy kompozitor Serdar Haýdarowyňky.
Döredijilik adamsy eser döretmek üçin hökman bir zatdan ylham almaly. Bu günki günde gün-günden täze keşbe eýe bolýan Watanymyzyň gözelligini, gurulýan ajaýyp binalary görüp, döredijilik adamsy bolup joşmazlyk mümkin däl. Bagtyýarlyk döwrümiz şahyrlara täze şygyrlary döretmäge ylham berse, biziň kalbymyza özboluşly owaz eçilýär. Şahyr bolmasam-da, göwnüm joşanda döwrümizi, gözel Diýarymyzy wasp edýärin. “Gül diýarym” atly aýdymymyň hem sözleri özümiňki:
Obalaryň oýnan ýerim,
Ýaýlalaryň ýaýnan ýerim
Sende ýaýdym ganat perim,
Eziz ýurdum, gül Diýarym.
Bu aýdymy “Türkmen owazy” teleýaýlymy tarapyndan şekilli görnüşe geçirdik.
— Döredijilik adamsy üçin zehin bilen zähmetiň sazlaşygyna garaýşyňyz?
— Zehiniňi görkezmek üçin maksat tutunmaly, zähmet çekmeli. Meselem aýdaly, arzuw edýän atyňy edindiň. Ýöne onuň üstüne münüp, çapybilmeseň, seýisläbilmeseň haýry ýok. Onuň üçin zehinem gerek.
Aýdym-saz sungatynda-da, islendik adam özüçe hiňlenip biler. Ýöne sahna, halk köpçüliginiň öňüne çykjak bolsaň, hökman zehin gerek. Eger aýdymçy bolup, sahna çykyp, ýürek joşgunyňy beýan edesiň gelýän bolsa, tutan maksadyňa zehiniňi, yhlasyňy, zähmetiňi siňdirmeli.
— Zehin bilen başarnyga bir zat hökmünde garaýarsyňyzmy ýa aýratynlykda?
— Elbetde, tapawutly zatlar. Sebäbi hemme aýdymy aýdaryn diýip bolmaýar. Sesiňe düşýäni, düşmeýäni bar. Özüm-ä, şu aýdymy aýdyp başararyn, şuňa köpräk ýykgyn edeýin, gowy diňläýin diýen maksadym bolsa, ony öň ýerine ýetirilişindenem gowy aýtjagyma göwnüm ýetse, şol aýdyma ýanaşjak bolýaryn. Goşgu-da, saz-da her aýdymçynyň heňine görä ýazylsa, aýdym ýerine düşýär. Sebäbi her aýdymçynyň öz sesi, öz labzy, öz diňleýjisi bolýar. Aýdymçyny aýdymçydan tapawutlandyrýanam şolar. Aýdymçynyň aýratynlygy onuň sesinde ýüze çykýar. Käte aýdymçynyň sesini däl-de, häsiýetini özüňe ýakyn görüp aýdymlary diňlenýän wagtam bolýar.
Aýdymlaryň ilki bilen öz göwnüňden turmaly. Aýdymyň şowly çykjagyna ilki bilen özüňde ynam bolmaly. Zehin, zähmet, ynam, başarnyk birleşende ajaýyp eserler döreýär.
— Aýdymçy sesiniň üstünde her gün türgenleşik geçmelimi?
— Özüm babatda aýtsam, hepdede 2-3 sapar türgenleşik geçýärin. Sazandalarymyz bilen täze aýdymlarymyz hakynda maslahatlaşýarys. Köpden bäri aýdylman gelinýän aýdymlary aýdýaryn. Annaguly halypamyň aýdymlary ýiti, açyk sesli bolandygy üçin, esasan, belent äheňde aýtmagy gowy görýärin. Sebäbi näçe açyk, ýiti aýdybilseň, sözem, sazam öz ornuny tapýar. Halypanyň aýdymlaryna ýykgyn etjek bolsaň, isleseň, islemeseň şol sese barmaly bolýar. Onuň alýan notalaryna barmak aňsadam düşmeýär, ýöne türgenleşikleriň esasynda ses öz ýerini tapýar.
Aýdymçy ilkinji nobatda, sesini aýamaly, arassa saklamaly, sowukdan goramaly. Bokurdagyňy näçe aýap saklasaň, şonça gowy. Sebäbi biz köpüň adamsy. Käwagt köpçülige baranyňda, mikrofonsyz birje aýdyma hiňlenip bermegi haýyş edýärler. Şol zatlara-da hemişe taýyn bolmaly. Aýdymçy esasy, bir durkuny saklamagy başarmaly. Biri sungatyňa hormat goýar, biri adamkärçiligiňe. Şonuň üçinem, ilkinji nobatda, adamkärçiligiňi, pespälligiňi saklamaly. Adamda sähelçe göwün bar. Şony tapjak bolmaly. Onuň üçinem birek-birege hormatyň, sylagyň uly bolmaly.
Sungatymyza belent sarpa goýulýan döwürde borjumyzy duýup, bildirilýän ynamy ödäp, diňe zähmet çekmeli, täze eserleri döretmeli. Hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýlarynyň eýesi bolanymda, ýaşulularyň biriniň: “Oglum, bu ýöne medal däldir, ýedi arkaňa abraý getirjek sylagdyr. Şoňa mynasyp boljak bolgun!” diýipdi. Halypalaryň ölmez-ýitmez eserleri döredişi ýaly, şägirtleriň hem döredijiligi gaýtalanmajak derejede bolmaly. Meniň esasy maksadym hem diňleýjileriň ýüregine ornajak, wagtyň synagyndan geçjek aýdymlary döretmek.
— Dogry belleýärsiňiz, peder kesbine hormat, sarpa milliligimiziň özeninde bar häsiýetler.
— Hawa, peder kesbini mynasyp dowam etmek halkymyzyň aslyna ornan. “Abraý al”, “Abraý gazan” diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Döwletgeldi halypa ilkinji nobatda, belent adamkärçiligi bilen ýüreklerde orun aldy. Bir şahyryň ýazgylarynda okapdym: Düýnler ötegçi, şu günler ötegçi, ertirlerem ötegçi. Ýöne at bilen abraý ötegçi däldir” diýýär. Şonuň üçinem, ilkinji nobatda abraý gazanmaly.
Galyberse-de, şahyryň:
…Kimde kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar…
diýşi ýaly, bag nahallaryny oturtmagy, gülleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmegi gowy görýärin.
— Başga kärde zähmet çekip sungat adamsy — aýdymçy bolup bolarmy?
— Sungat özüne berlenleri nirede bolsada tapýar. Ýöne islendik käriň hem ussady bolmak üçin nazaryýet bilen tejribäniň ýeterlik bolmagy hökman. Aýdymçynyň, kompozitoryň, şahyryň pikirleriniň ylalaşmagy üçin, başga kärde zähmet çekseň-de, sungatyň dünýäsinde ýaşamak zerur. Kompozitor Merdan Gurbanmyradow bilen işleşenimde, birnäçe ýylyň tejribeli sazandasy bolandygy üçin, aýdymlaryma döredýän sazlarynda aýtmak isleýän heňlerimi beýan etmegi başarýar.
Aýdymlarymyň aglabasynyň sözleriniň awtory Döwlet Gurbangeldiýew hukuk goraýjylyk ugrundan işleýändigine garamazdan goşgulary bilen okyjylaryny tapmagy başardy. Onuň sözlerine döreden “Duýmadyňmy?!”, “Gaşly gyz”, “Saýra bagşy!” ýaly aýdymlarym diňleýjileriň söýgüsini gazandy. “Duýmadyňmy” goşgusynyň:
Her kim bu dünýäde öz bagtyn tapýar,
Bagt gözläp gelenmi, duýmadyňmy sen?!
Kalbymda harasat, gaý tupan gopýar,
Jigerim dilenňi, duýmadyňmy sen?!
diýen ilkinji setirlerini okanymdan heňi döredi. Sazyny Annaguly halypamyň sazandasy Merdan Döwletow ýazdy. Aýdymy ilki bilen Döwlet aga diňletdim. Bu aýdymyň döränine on bir ýyl bolupdyr. Muňa garamazdan, Merdany görsem, hökman şu aýdyma hiňlenýär. Diňläniňde oýlanma döredýän bu aýdym diňleýjileriň kalbyna ornady.
Bir gün Döwlet şahyr eje hakynda goşgy ýazandygyny, göwnüme ýarasa aýdym etmegimi haýyş etdi. Goşgynyň birinji setirini okanymda, ýüregime täsiri başgaça boldy.
Mylaýym elleriň başymda goýup,
Saçlarym sypalap daraňda, eje!
Nurana keşbiňden ganmanam doýup,
Mähirli ýylgyryp garaňda, eje!
Mähriban käbelerimizi wasp edýän bu aýdym diňleýjileriň söýgüsine mynasyp boldy. Diňleýjiler aýdymyň sözüniň, sazynyň ýerine düşendigini belläp, toý-baýramlarda, köplenç, şol aýdymymy ýerine ýetirip bermegimi haýyş edýärler.
Umuman, Döwlet şahyryň goşgularynyň ilkinji setirlerini okanyňdan, ýüregiňe jüňk bolýar. Goşgularynda ýürege ýakynlygy duýmak bolýar.
— Perzent terbiýesine garaýşyňyz!
Çagalarymyz biziň geljegimiz, dowamatymyzy dowam etdirjek nesiller. Olary söýmeli, goramaly, goldamaly, ýöne durmuşdaky ornuňa yhlasly zähmetiň, synmaz ynamyň bilen ýetilýändiginem öwretmeli. Çaga lälik terbiýe bermeseň gowy. Perzendiňe bolan söýgini ýüregiňde götermeli. Öňündäki maksadyna öz yhlasy bilen ýetse, höziri başga bolýar. “Ataň barka at gazan, atyň barka ýol gazan” diýlişi ýaly, şu günki gün çagalarymyza görelde mekdebi bolsak, olar durmuşda öz orunlaryny tapýar
Perzentlerim bu günki günde maňa itergi, islendik pursatda ýakyn maslahatçym. Olaryň pikirlerine hemişe hormatym uly. Sebäbi begenjiňi, gynanjyňy ilkinji bolup paýlaşýan maşgalaň.
— Durmuşdaky esasy ýörelgäňiz?
— Wagtyň gadryny bilmek, onuň her pursadyny manyly, abraýly geçirmek. Birek-birege ynanyşmak, ýakynlaryň, dost-ýarlaryň bilen didarlaşmak, toýly günlerde gatnaşmak.
— Gözel jülgeli, jana tenekar çeşme-çaýly Magtymguly etrabynda dogulmagyňyzyň döredijiligiňiziň joşgunly, aýdymlaryňyzyň belent äheňli bolmagyna täsiri bardyr. Mundan on ýyl dagy ozal, ilkinji sapar Magtymguly etrabynda döredijilik saparynda bolanymda, bu ýeriniň tebigatynyň göwün joşduryjy täsirleri henizlerem göz öňümden gidenok.
— Dogry bellediňiz, Aýjemal. Aslynda, sungat adamsy elmydama gözlegde bolýar. “Ýagşyny görmek jennet” diýlişi ýaly, dogduk mekanymyň gözelligini, bag-bakjaly çeşme-çaýlaryny, belent gerişli dag-derelerini bir gören adamyň hiç wagt göz öňünden gitmeýär. Şol gözel derelerde 7-8 ýaşly oglankak goýun bakardyk. 5-6 sürini ýazlaga goýberip, aýdyma hiňlenerdik. Şo döwürler, özümem bilmezden aýdym-saza köňül beren ekenim.
Çagalykdan saýlanyp ugramsoň, at seýislemäge bolan höwesim artyp ugrady. Häzirem oba bardygym, at münüp dag derelere, jülgelere gezelenç edýärin. At üstünde aýdyma hiňlenip, dynç almagyň lezzeti başga. Bedewlere söýgim çäksiz bolansoň, olara bagyşlanan aýdymlary aýratyn joşgun bilen ýerine ýetirýärin.
Döwletgeldi Ökdirowyň:
Garrygala myhman barsaň,
Gujagyny geren daglar…
diýşi ýaly, bu ýeriniň gözel tebigaty döredijilik adamsyna egsilmez ylham eçilýär.
— Maşgalaňyzda sungata köňül bereni barmy?
— Maşgalamda diňe men sungat adamsy. Ýanýoldaşym Ogulnur şepagat uýasy bolup işleýär. Ol synpdaşym hem partadaşym. Agzybir maşgalamyzda bir oglumyz, iki gyzymyz bar. Oglum Begenç Büzmeýin etrap häkimliginde zähmet çekýär. Gyzym Suraý Aşgabat şäheriniň 82-nji orta mekdebinde 11-nji synpda, ejemiň at dakylany Oguldöwlet 7-nji synpda okaýar.
— Ilşat aga, adyňyzyň hem sungatyňyz bilen baglanyşygy bar ýaly?
— Agam Röwşen ejemden jigimiň adyna näme dakaly diýip soranda, ejem: “Oglum, Ilşat dakaly. Adyna özi mynasyp bolar” diýipdir. Bu günki günde ýakynlarym adyma mynasypdygymy aýdyp, üstünliklerime guwanýandyklaryny bellemekleri, meni begendirýär. Sungatyma goýulýan hormat täze aýdymlary döretmäge kalbyma ylham berýär.
Häsiýetim babatda-da adyma görä, alçak. Döredijilik adamlary bilen pikir alyşmagy, söhbetdeş bolmagy gowy görýärin.
— Sportuň haýsy görnüşleri bilen has köp meşgullanýarsyňyz?
— Sportuň ähli görnüşlerinem gowy görýärin. Aýratyn meşgullanýanym, uly tennis. Agam, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Röwşen Annamämmedowyň ugry tennis bolansoň, ondan sport ugrundan köp zat öwrenýärin, arasynda bile tennis oýnaýarys. Galyberse-de, boş wagtlarymda tigir ýörişini edýärin.
— Daşary döwletlere döredijilik saparlaryňyz barada-da aýdaýsaňyz!
— Gahryman Arkadagymyz milli sungatymyzy dünýä ýaýyp, daşary döwletler bilen dost-doganlyk, medeni hyzmatdaşlyklary ýola goýýar. Şonuň netijesinde, biz medeniýet, sungat işgärlerine aýdym-sazlarymyz bilen dünýä döwletleriniň sahnalarynda çykyş etmäge, döredijilik gatnaşyklarymyzy berkitmäge giň mümkinçilikler döredilýär. 2018-nji ýylda Ermenistan respublikasynyň Goris şäherine, 2019-njy ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 295 ýyllyk baýramyna bagyşlanan dabara mynasybetli Astrahana gitmek miýesser etdi. Haýsy döwlete baranymyzda-da, milli sungatymyzyň ajaýyplygyna guwanjymyz artýar.
— Şu günlerde täze işleýän aýdymyňyz?
— Ýakyn günlerde toýlanyljak türkmen bedewiniň, türkmen alabaýynyň baýramyna hem täze şekilli aýdymym bilen sowgatly barmak maksadym bar. Häzirki wagtda Döwlet Gurbangeldiýewiň goşgusyna “Jemalyňa bakaýyn” atly aýdymy işleýärin.
— Ýürek arzuwlaryňyzy paýlaşaýsaňyz!
— Gahryman Arkadagymyz bize aýdym aýtmakda, saz çalmakda, şygyr döretmekde, umuman sungat äleminde görelde mekdebimiz. Hormatly Prezidentimiziň her bir dana, pähimli sözleri döwrümize, ömrümize ýol-ýörelge. Gahryman Arkadagymyzyň Şa serpaýlaryna jogap edip, ýüreklerde orun aljak aýdymlary döredip bilsek, zähmetimiziň ýerine düşdügi. Bagtyýar, asuda, parahat ýurtda ýaşaýandygyma guwanjym kalbyma owaz bolup dolýar, zybanymda aýdym bolup ýaňlanýar. Nesip bolsa, geljekde-de halypalaryň ýoluny mynasyp dowam edip, sungat äleminde orun aljak täze aýdymlary döretmek esasy maksadym.
Milli aýdym-saz sungatymyzda bize nusgalyk mekdep bolup duran, Watanymyzyň, halkymyzyň aýdyň ýollarynyň nurana geljegi, dünýä içre mertebeli gerçegi — Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!
— Täsirli söhbetdeşlik üçin köp sagbolsun aýdýarys. Aýdym-saza köňül beren nurana dünýäňiz, durmuşyňyz hemişe bagtyýar pursatlara ýaran bolsun! Ajaýyp owazyňyz toýlarymyzyň bezegi bolup, belentden ýaňlansyn! Ýetip gelýän baýramlaryňyz gutly bolsun!
— Sag boluň! Size-de işiňizde üstünlikler arzuw edýärin.
Aýdymçy barada gysgaça maglumat:
Doglan wagty we ýeri: 29.08.1974 ý, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Könekesir obasy.
Tamamlan orta mekdebi: Aşgabat şäheriniň 40-njy orta mekdebi.
Ilkinji ýerine ýetiren aýdymy: “Neýläýin”.
Ilkinji şekilli aýdymy: “Duýmadyňmy?!”.
Iň täze şekilli aýdymy: “Jan Watanym, Türkmenistan!”.
Gowy görýän reňki: açyk reňkler.
Meşgullanýan sporty: at münmek, tennis oýnamak, tigir sürmek.
Söhbetdeş bolan Aýjemal GAÝLYÝEWA,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.
 “Google†we “Atavatan†saýty bäsleşýär: häzirlikçe “Google†öňde
GülÅŸirin Geldimyradowa: Ykbalyma baglanan owazlar – sungatymyň beýany