SIZDEN GELENLER

Mukaddesligiň belent waspy

Halk döredijiligimizde bedewleriň esasy orun almagynda, olaryň halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolmagynda atlar barada döredilen atalar sözleriniň we nakyllaryň öran uly ähmiýeti bar. Çünki bedew atlar biziň biziň halkymyzda mukaddeslik derejesine çenli ýetirilen jandar. Olaryň ajaýyp syraty, asylly sypaty, täsin häsiýeti atalar sözünde hem-de nakyllarda öz beýanyny tapýar. “At agynan ýerde toý bolar”, “Aty baryň ganaty bar”, “Atda aýak bolsa özge syn bolmaz” ýaly nakyllar bedew atlaryň abraýyny hasda belende göterýär.

Biziň ata-babalarymyz dili dogaly, ýagşy niýetli adamlar bolupdyrlar. Ogul bäbek dünýä inende: “Gurt tutupsyňyz, at tutarly, at çaparly, öý dikerli, öý başly bolsun, ýaşy uzak,akyl huşy bilen ‘berdim” diýip berildigi bolsun!” diýip, dileg etmek bilen, onuň geljekde at münüp, at çapyp bilýän,  özbaşdak ýaşap bilýän, il-günüň derdine ýaraýan adam bolup ýetişmegini arzuw edipdirler.

Türkmen bedewleriniň keşbi halk döredijiliginiň erteki görnüşinde hem öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, “Goçgarguly we onuň aty” diýen ertekini görkezmek bolar. Bu ertekide şeýleräk waka beýan edilipdir: Bir garyp oglan öz tory bilen ullakan balyk tutýar. Ol balygy soýup görse, içinde çalajan bir taýjagaz barmyş. Ol at bolsa suw atynyň tohumyndan ekeni. Oglan suw atyny ösdürip ýetişdiripdir. At ýelden ýüwrük, öz eýesine çäksiz wepaly bolýar. Ony duşmanlaryň ençeme pirimlerinden halas edýär.

Türkmen atlarynyň meşhurlygy eposlarymyzda hem giňden beýan edilipdir. Muňa mysal hökmünde “Görogly” şadessanyna ýüzlenip göreliň. Eposda Göroglynyň Gyratynyň keşbi deňsiz-taýsyz ýyndam, guş kimin uçujy, ägirt uly güýje eýe, ynsan ýaly huşly, dost-duşmany saýgarmaga ukyply, eýesine wepaly edip şekillendirilýär. “Gorkut ata” şadessanynda: “Ata namart ýigit münebilmez, onuň münüşinden münmedigi ýegdir” diýilýär. Ony diýmek bilen, at münmegiň, oňa erk etmegiň her bir adama başartmaýandygy, onuň üçin dogumyň, gujur-gaýratyň zerurdygy nygtalýar.

Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri baradaky meşhur eserlerinde türkmen ýigitleri bilen bedew atlaryň türkmen ýigitleri bilen bedew atlaryň arasyndaky dostluk, wepadarlyk gatnaşyklary örän çeper we täsirli beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eserlerinde atlara bolan sarpanyň beýan edilmegide tötänden däldir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň milli buýsanjymyz, Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň bezegi bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmäge we ony terbiýelemäge aýratyn üns berilýär. Ady rowaýata öwrülen behişdi bedewlerimiz ýurdumyzda geçirilýän ähli umumymilli dabaralaryň baş bezegine öwrüldi. Türkmenistan tarapyndan häzirki wagtda ahalteke atlaryny seýislemek sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işler hem alnyp barylýar. Munuň özi bolsa hut öz gezeginde pajarlap ösüp barýan gözel ýurdumyzyň ösüşini has hem belende galdyrar. Bu amala aşyrylýan işler Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edýän atalyk aladalarynyň netijesidir. Halkymyzyň agzybirligi, ýurdumyzyň parahatçylyga, ösüşlere beslenmegi ugrunda atalyk aladalary edýän  Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin.

 

Meýlis SADYKOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň

Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

 

Saýtymyzyň 1-njiligi daşary ýurt metbugatynda

 

 

Ýene-de okaň

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy