Türkmenistanyň toprak-howa sertlerinde organiki we mineral dökünleri ulanmazdan beýleki ýaşaýyş şertleri bilen doly üpjün edilende däneli ekinlerden we gowaçadan 10-15s/ga, gök we bakja ekinlerinden 50-70 s/ga, siloslyk mekgejöwenden 80-100 s/ga çenli hasyl almak bolýar. Oba hojalyk ekinlerine dökünleriñ zerur bolan mukdary we olaryñ biri-birine bolan gatnasygy talaba laýyk ulanylanda dänelik ekinlerden we gowaçadan 30-40 s/ga, gök we bakja ekinlerden 4000-500 s/ga, siloslyk mekgejöwenden 500-600 s/ga we ondan hem bolýandygyny ylmy maglumatlar we ýurdumyzyñ önde baryjy tejribeli ekerançylary uzak ýyllaryñ dowamynda subut edip gelýärler.
Ulanylýan dökünleriń täsrinde oba hojalyk ekinleriniń dińe bir hasyly artman eýsem däneli we kösükli ekinlerde beloklaryń, kartoşkada krahmalyń, gant şugundyrynda, miweli agaçlarda we bakja ekinlerinde gandyń, gök ekinlerde ýokumly maddalaryń we witaminleriń, ýag saklaýan ekinlerde ýaglaryń, dermanlyk ekinlerde alkoloidleriń, dürli dermanlyk maddalaryń, gowaçada pagtanyń süýüm çykymynyń we ýagyń mukdarynyń artýandygy we hiliniń gowulanýandygy hünärmenlere mälimdir. Oba hojalyk ekinlerinde dökünleriñ ullanmagynyñ ýokary netijeliligi öñi bilen olaryñ dökülmeli mukdarynyñ we dürli dökünleriñ mukdar gatnasygynyñ dogry kesgitlenmegine baglydyr.
Dökünleriñ mukdaryny dogry kesgitlemek üçin oba hojalyk ekinleriniń her biriniń biologiki aýratynlyklarynyń, olardan garaşylýan hasylyń meýilnamalaşdyrylan möçberini, ekinleriń toprakdan we dökünlerden iýmit maddalaryny özleşdiriş derejesini hem-de topragyń agrohimiki häsiýetlerini göz öńünde tutmaly. Bu meselede dökünler talaba laýyk daşamagyń we saklamagyñ hem möhümdigini ünsden düşürmeli däldir.
Mineral dökünler. Ekerançylykda giňden ulanylýan mineral dökünleri dökün zawodlarynda öndürýärler. Olaryň düzüminde ösümlikler üçin zerur bolan mineral görnüşdäki iýmit elementlerini saklaýarlar. Olardan has giňden ulanylýanlaryna N(azot), P(fosfor), we K(kaliý) dökünleri degişlidir.
Ammiak selitrasy (NH4NO3) – düzüminde deň mukdarda ammoniý we nitrat azody saklaýar. Ammoniý azody toprak özüne siňdirýär we ýuwulmaýar. Nitrat azody toprak ergininde hereketli ýagdaýda bolýar. Ol topragyň aşakgy gatlagyna geçip ýuwulup gidýär. Ammiak selitrasy düzüminde 33,6 – 34,8 % azot saklaýar. Ony ekinlere ekişiň öň ýany, ekiş bilen we ösüş döwründe iýmitlendirilende ulanylýar. Ol hemme topraklarda we ähli ekinlerde gowy netije berýär. Ony azot kislotasyndan we ammiakdan alýarlar: NO3+NH3=NH4NO3
Karbamid CO(NH2)2 – düzüminde 46,3 % azot saklaýar. Ony kömürturşy gazyndan we ammiakdan ýokary basyşda we gyzgynlykda alýarlar:
CO2+2NH3=CO(NH2)2+H2O. Topraga dökünlenende 2-3 günden ammoniý karbonatyna (NH4)2CO3 öwrülýär we topragy birneme turşadýar. Ol esasan salkyn howaly günlerde ulanylanda oňat nelije berýär. Şoňä görä-de karbamidi ekişden öň, ekiş bilen we ilkinji iýmitlendirilende ulanýarlar.
Ammoniý sulfaty (NH4)2SO4 – düzüminde 20,5 – 21 % azot saklaýar. Ol ammiakdan we kükürt kislotasyndan alynýar:
2NH3+H2SO4=(NH2)2SO4. Bu döküniň fiziki häsiýetleri gowy, suw siňdirijiligi gowşak we toprakda az ýuwulýar. Ony ekişden öňki toprak bejergisinde ulanmak maslahat berilýär.
Ýokarda agzalan azot dökünleriniň 3-si hem öz ýurdumyzda öndürilýär. Ýagny ammiak selitrasy Marynyň azot zawodynda, karbomid Tejeniň karbomid zawodynda, ammoniý sulfaty Türkmenbaşynyň sulfat zawodynda öndürilýän kükürt kislotasyndan (H2SO4) we Marynyň azot zawodyndan getirilýän ammiakdan (NO3) alynýar.
Fosfor dökünleri. Fosfor dökünlerini senagatda apatitden we fosforitden öndürýärler. Olary ýönekeý we güýçlendirilen (2-li) superfosfat, pessipitat, fosforit uny, tomosşlak we beýlekiler degişlidir. Türkmenistanda fosfor dökünlerinden giňden ulanylýanlary ýönekeý we 2-li superfosfatdyr. Ýönekeý superfosfaty Ca(H2PO4)2 – owradylan apatiti we fosforidi kükürt kislotasy bilen dargadyp alýarlar. Onuň düzüminde 14 – 20 % fosfor bar. Güýçlendirlen (2-li) superfosfat Ca (H2PO4)2 düzüminde markasynda we sortyna görä 42-49 % fosfor (P2O5) saklaýar. Kaliý dökünleri – düzüminde kaliý saklaýan karbomid duzlaryndan öndürilýär.
Türkmenistanyň ekerançylygynda ulanylýan esasy kaliý dökünlerine hlorly kaliý (KCl) degişlidir. Dökünleri ulanmagyň düzgünleri işlenip düzülende öňi bilen onuň ykdysady netijeliligi we ekologiki taýdan ygtybarlylygy nazara alynmalydyr. Şoňa görä-de dökünleri ylmy esasda ýerleri toprak – howa şertlerini, ösümlikleriň görnüşleriniň, onuň her bir sortunyň (nusgasynyň) biologiki aýratynlyklarynyň, ekin dolanyşygy bilen baglylykda geçirilmeli agrotehniki çäreleri, dökünleriň görnüşlerini we häsýtlerini göz öňünde tutmak esasynda ulanmak garaşylýan hasyly öndürmegi üpjün edip bilýär. Umuman dökünleriň ählisini talabalaýyk dogry we netijeli peýdalanmagy başarmaly.Şeýlelikde ýokary hasyl almak çekilýän zähmetiň netijesine baglydyr.
NAZAROWA DÜNÝÄGÖZEL,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy