SIZDEN GELENLER

Ak reňkli gorilla

“Gar topy” diýlip atlandyrylýan bu ak reňkli gorilla başga bir çeşmelerde “Barselonanyň pişigi” hem diýilýär. Gorilla 1964-nji ýylda Ispaniýada dogulýar. Ak gorilla günbatar gorilla kiçi görnüşleriniň biridir. Gyzykly ýeri, gorillanyň ene-atasy-da hem-de onuň çagalarynyň hiç biri-de ak reňkli däl. Onuň bu reňki albinizm bilen bagly. 1980-nji ýylda London haýwanat bagynyň alymlary ondan spermalary ýygnap, emeli tohumlandyrma arkaly albinoz çaga almak mümkinçiligini öwrenmek maksady bilen synag geçirdiler. Ýöne geçirilen synag şowsuz tamamlandy. Maglumata görä, 1966-njy ýylda ilkinji gezek Ispaniýanyň Gwineýasynda ele salynýar, soňra Barselona ugradylýar. Ony tutan awçy oňa “Nfumu Ngui – ak gorilla” diýip at berýär. Tutulan wagty gorilla iki ýaşynda bolup, gysga wagtdan soň diňe bir Ispaniýada däl-de, eýsem Günbatar ýurtlarynda giňden tanaldy. Onuň suraty dürli çeşmelerde, gollanmalarda, makalarda yzygider çap edildi. Barselona haýwanat bagynyň esasy bir bezegine öwrüldi. Aýratyn bellemeli ýeri, bu ak gorilla hakynda ýörite film hem taýýarlandy. Elbetde, bu filme tomaşa etmedikler örän az bolsa gerek. Gynansakda “gar topy” häzirki wagtda aramyzda däl. Şeýle-de bolsa, 40 ýaşynyň dowamynda dünýäniň köp ýurtlarynda giňden tanalmagy başardy diýsek ýalňyş bolmasa gerek.

Ibragim Daşgynow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

 

Atavatan Applikasiýasy täzelendi: Intellektual sahypamyz goşuldy

 

Ýalkym saçýan akula tapyldy

 

 

Ýene-de okaň

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi

Türkmenistan — syýahatçylyk mekany

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady