SPORT

Zenan eminiň ynamly üstünligi

Fransuz zenan emin Stefani Frappar 1983-nji ýylyň 14-nji dekabrynda dogulýar. Onuň boýy 1.64 sm we agramy bolsa 54 kg, meýdançada onuň boýy kiçi görünýär. Frappar öz adyna taryh ýazmagy dowam edýär. Frappar – Çempionlar ligasynyň duşuşygynda eminlik etjek ilkinji zenan bolar. Bu emin “Ýuwentus – Dinamo Kiýew” duşuşygy eminlik eder.

Geçen ýylyň tomsunda Fransiýanyň “Liga 1” çempionatynda Frappar emin hökmünde futbolda ady belli edip başlady. Munuň üçin Stefani “Liga 2” çempionatynda 80 duşuşyk eminlik etmeli boldy. 2019-njy ýylyň iýul aýynda bolsa, ony Lion şäherinde geçirilen zenanlaryň arasyndaky Dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň eminlik wezipesine bellediler. Şeýle hem geçen ýylyň awgust aýynda “Liwerpul-Çelsi” arasynda geçirilen UEFA Superkubok çempionatynyň final duşuşygynda emin edip bellenildi. UEFA guramasynyň prezidenti Aleksandr Çeferin: “Stefani fiziki taýdan örän güýçli bir emin. Biz örän zehinli bir emin hökmünde görýäris” diýip belledi. Şeýle hem Stefani, zenan türgenleri futbol sportyna çekmek üçin ruhlandyrar diýip Çeferin belleýär.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

 

Ýene-de okaň

“Barselona” topary baş tälimçisiniň şertnamasyny uzaltdy

41 ýyldan soňra UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Klopp “Roma” toparyna tälimçi bolar

“Galatasaraý” topary 25-nji gezek çempion boldy

Taryhynda ilkinji gezek Angliýanyň kubogyny gazandy

“Barselona” topary 28-nji gezek Ispaniýanyň çempiony boldy