DÜNÝÄ

Emeli et satylyp başlanar

Singapur emeli öndürilen towuk etini satmaga rugsat beren ilkinji döwlet boldy. Şonuň üçin hem merkezi edarasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän «Eat Just» kompaniýasy Singapurda şahamçalaryny açmagy meýilleşdirýär. Çünki bu kompaniýanyň hünärmenleri emeli ýol bilen towuk etini taýýarlamagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler.

Ýurtda emeli etiň haçan satlyga çykjakdygy heniz belli däl, ýöne rugsat güýje girensoň, restoranlarda emeli etden taýýarlanan tagamy sargyt edip bolar.

Towuk eti labaratoriýa şertlerinde diri öýjüklerdne öndürilýär. Hünärmenler bu işiň köpçülikleýin ýola goýulmagy bilen, olary öldürmek zerurlygynyň aradan aýryljakdygyna ynanýarlar.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

SOCAR-yň ýolbaşçysy Röwşen Najaf Türkmenistanda saparda boldy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Arap atlary jemgyýetiniň Baş direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Halkara Sanly Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän ýaşlar forumyna gatnaşýar

Türkmenistan syýahatçylykda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär