TESWIRLER

.“Ussat” we “hoja” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Bilnişi ýaly, türkmenlerde XVII-XVIII asyrlarda “ussat” düşünjesiniň ulanylandygyny ataly ogluň ikisiniň-de eserlerinde görmek mümkindir.

Biz makalamyzyň başlarynda Magtymgulynyň öz kakasyna “Ylym öwreden ussat kyblam – pederdir” diýip beýan edendigini belläp geçipdik.

Döwletmämmet Azadynyň-da “ene-ata” düşünjesinden soňra “ussat” düşünjesine orun bermegi ünsi çekijidir. Şahyryň gürrüňi edilýän “ussat” düşünjesine aşakdaky setirlerde duş gelýäris:

Ol ikisin bildiň ustadyňga gel,

Mal-u janyň hem munyň ýolynda sal” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Soňra oňa (ussada) hiç wagt edepsiz sözler sözlemeli däldigini Azady şeýle sözler bilen beýan edipdir:

Dahy ustadyňga dik-dik gözleme,

Biedep sözler alarga sözleme” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Mundan başga-da Azady öz eserinde “ussat” bilen birlikde “hoja” düşünjesine-de aýratyn üns beripdir:

Ol hojaňdyr, istese satsun seni,

Hak üçin ýa hud azat etsun seni. 

Elgaraz, farzdur saňa anyň haky,

Ödegil, ten jan bile, eý muttaky” [Azady, WA, Aşgabat, 1982:125]

Bir müň dokuz ýüz ýigriminji ýyllardan soňra türkmen dilinde mugallym düşünjesi üçin ilkinji okuw kitaplarynda “okudywçy” (häzirki türk dilinde “okutman”) diýen adalganyň ulanylandygyna hem duş gelmek mümkin. Bu ýerdäki adalganyň asly, köki “okamak / okatmak” işliginden alnandyr.

1.5.“Kitapdaky” “mugallym” / “molla”  we “öý mekdebi” düşünjesi hakynda gysgajyk maglumat

Türkmen edebiýatynyň taryhynda ussat türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň meşhur “Kitap” hekaýasynyň özboluşly orny bardyr. Gürrüňi edilýän eseriň iki ýerinde “mugallymy” düşünjesine aýratyn üns berlendigini görmek mümkin.

Ýazyjy Nurmyrat Saryhanow eserinde Garagumuň merkezinde ýerleşýän obada soňky wagtda bolup geçen öwrülişigi, täzeçilligi üç sany esasy düşünjäni biri-birine badaşdyryp beripdir: “hökümetmugallymkitap”. Muny hem eseriň baş gahrymany Welmyrat aganyň hut öz sözi bilen beýan edipdir:

Günlerde bir gün sowet hökümeti obamyza geldi, ýanynyň mugallymy bilen geldi, mugallym kitaby bilen geldi. Ol gelibildigi, ine, şu içinde oturanymyz ýalyjak garaja öýde obanyň oglanlaryny, ulularyny okatmaga başlady. Mugallymyň gelenine men edil özüm üçin gelen ýaly begendim.”

Bu ýerdäki “garaja öý” durnukly aňlatmasy biziň öň belläp geçen “öý mekdebi” diýýän düşünjämizdir. Hakykatdan-da, entek obalarda ýörite gurlan mekdepler ýok wagtynda türkmenler “öý mekdebini” ulanypdyrlar.

Eserde obalylaryň ilkinji gelen “mugallymy” atlandyryşy-da üýtgeşikdir. Olar öňki aýdylýan “molla” sözüniň öňüne “mugallym” sözüni-de goşup ulanypdyrlar:  “mugallym diýen molla”.

Welmyrat aga öz ogluna oba gelen mugallym hakynda şeýle maglumat berýär:

“-Oglum, biler bolsaň, obamyza mugallym diýen bir molla geldi. Ol eýýäm obamyzyň özüň ýaly oglanlaryny hem ulularyny okadyp başlady”.

Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasyndan alnan gysgajyk bölek:

Ol maňa-da «Ogluňy getir, derrew hat öwredeýin, kitabyňy okap berip oturan edeýin» diýip aýtdy. Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla. Onuň saňa öwretjegi çyn. Özüne ynamy köp. «Getirip bildigiň bolýar» diýdi diýdim. Ony ýene-de razy etdim. Mugallymyň beren sözi, Akja işanyňky ýaly, soňy görünmez uzaga-da çekmedi, ahyry-soňy ýalana-da çykmady. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýaňa gitmän, kişiniň keşigini çekmän, hat öwrendi (Ol häzir maldarçylyk fermasynyň müdiri bolup işleýär). Ol kitaby enesiniň bukjasyndan çykardy-da, bize okap berdi”. (Nurmyrat Saryhaow. Kitap. Aşgabat, 2007)

Eserdäki “mugallym” düşünjesi bilen baglanyşykly aşakdaky nusgalary bilelikde gözden geçireliň:

Turuwbaşdan, “Hat öwretmek” we “Onuň saňa öwretjegi çyn” düşünjeleriniň ünsi çekijidigini bellemek gerek. Mysallardan görnüşi ýaly, iki nusgada-da “öwretmek” işligi ulanylypdyr. Has dogrusy, bu işlik mugallyma degişlidir, hut onuň gündelik we ömürboýy dowam eden esasy işidir, mugallymyň göz öňünde tutýan baş maksadydyr.

Mugallym → hat öwredijidir.

Muny eserdäki “Ogluňy getir, derrew hat öwredeýin, kitabyňy okap berip oturan edeýin” diýip aýtdy.” sözlemi hem tassyklaýar.

Jemläp aýdanymyzda, bu işlikden (öwretmek) döredilen adalga-da jüpüne düşen adalga diýip hasaplanylmalydyr. Biz bu adalga käbir sesleri özgeren görnüşde (öğretmen) häzirki zaman türk dilinde duş gelýäris.

Türkçe Sözlük bu adalgany şeýle düşündirýär: “Öğretmen, mesleği bir bilim dalını, bir sanatı veya teknik bilgileri öğretmek olan kimse, muallim, muallime.” [Türkçe Sözlük. 2. K-Z. Ankara, 1998:1720].

Eserdäki “Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla” düşünjesinde-de iki söz “mugallym” bilen baglanyşyklydyr. Olaryň biri “okatmak” beýlekisi-de “molla” sözleridir.

Okatmak” işligi hem mugallyma degişlidir, hut onuň gündelik we ömürboýy dowam eden esasy işidir, mugallymyň göz öňünde tutýan baş maksadydyr.

Mugallym → okadyjydyr.

Muny eserdäki “Ol hökümetden ýörite obany okatmakçy bolup gelen molla” diýen sözlem hem delillendirýär.

“Okatmak” işligi bilen baglanyşykly türkmen dilinde “mugallym” düşünjesini anlatmak üçin ulanylan ilkinji adalgalaryň biri-de “okyduwçy” adalgasydyr. Gürrüňi edilýän adalga irki döwürlerde ýazylan okuw kitaplarydyr gollanmalarda duşmak bolýar.

  1. Geldiýew, G. Alparow tarapyndan taýýarlanyp, 1924-nji ýylda Daşkentde çap edilen “Ululara okuw-ýazuw öwretmek üçin sapaklyk” diýen kitapda-da bu adalga duşmak mümkin: “Okyduwçylara gysgaça ulanma” [M.Geldiýew, G. Alparow, 1924:3]

Bu adalga türk dilinde “okutman” görnüşinde alnyp, häzir hem ulanylýar. Bu adalgany Türkçe Sözlük şeýle düşündirýär:

Okutman, üniversitelerde yabancı dil, Türkçe, tarih öğretimi ile görevlendirilen, uygulamalı çalışmaları yöneten öğretim üyesi yardımcısı.” [Türkçe Sözlük. 2. K-Z. Ankara, 1998:1676].

Mugallym → beren sözünde tapylýan şahsyýetdir.

Muny eserdäki “Mugallymyň beren sözi, Akja işanyňky ýaly, soňy görünmez uzaga-da çekmedi, ahyry-soňy ýalana-da çykmady. Myrat jan öz enesiniň gözüniň öňünden hiç bir ýaňa gitmän, kişiniň keşigini çekmän, hat öwrendi” diýen bölekden-de öwrenip bilýäris.

Netijede, eserdäki “Mugallymyň beren sözi” düşünjesi-de ünsi özüne çekijidir. Onuň hemişe beren sözünde tapylýandygyny türkmen edebiýatynda duş gelýän köp sanly nusgalaryndan görüp bilýäris.

(Dowamy bar)

Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy;

Gülälek Nurmuhammedowa, Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň türk dili mugallymy

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady