2020-nji ýylda Buker baýragyna şotlandiýaly ýazyjy Duglas Stýuart mynasyp boldy. Ol bu abraýly baýraga özüniň ilkinji romany bolan “Şaggi Beýn” bilen eýelemegi başardy.
Edebiýat ugrunyň iň abraýly baýragyny gowşurmak dabarasy onlaýn görnüşinde London şäherinde geçirildi. Oňa şazada Çarlzyň aýaly, Kornuol gersogynyň gyzy Kamilla, ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama, Buker baýragyna ozal mynasyp bolan ýazyjylar – Kadzuo Isiguro, Margaret Etwud we Bernardin Ewaristo gatnaşdy.
Ýazyjynyň öz ýatlamalaryna esaslanan “Şaggi Beýn” atly romanda, 1980-nji ýyllarda Glazgoda alkogol endiklerinden ejir çekýän ejesine kömek bermäge synanyşýan Şaggi atly oglanjygyň durmuşy gürrüň berilýär. Kitap Duglas Stýuart 16 ýaşyndaka, alkogolizm zerarly aradan çykan ejesine bagyşlanýar.
Buker baýragynyň emin agzalarynyň başlygy Margaret Basbi eminleriň kararynyň biragyzdan kabul edilednigini we bu karary kabul etmek üçin bir sagat wagt gerek bolandygyny belledi.
– 50 ýylyň dowamynda 2-nji şotlandiýaly awtora bu baýragyň gowşurylýandygyny bilýärin – diýip bellän Buker baýragynyň eýesi Duglas Stýuart gazanan ýeňşine haýran galandygyny hem gizläp durmady.
Ejesi aradan çykandan soňra ýazyjy Beýik Britaniýada Korollygyň sungat kolležini tamamlady. Soňra Nýu-Ýorka göçüp baryp, egin-eşikleriň bezegleri boýunça zähmet ýoluny dowam etdirdi. Ol “Calvin Klein”, “Ralph Lauren”, “Gap” ýaly dünýä belli brendleri bilen işleşdi. Stýuart edebiýat bilen 10 ýyl mundan ozal, boş wagtlarynda meşgullanyp başlady. Onuň hekaýalary “The New Yorker” žurnalynda çap edildi.
Geçen ýyl Buker baýragy birbada 2 sany ýazyja gowşuryldy. Olar – kanadaly ýazyjy Margaret Etwud hem-de britaniýaly ýazyjy Bernardin Ewaristodyr. Bernardin Ewaristo edebiýat ugrunyň bu abraýly baýragyna mynasyp bolan ilkinji garaýagyz zenandyr. Mundan ozal, Buker baýragy 1974-nji hem-de 1992-nji ýyllarda birbada 2 awtora gowşurylypdy.
Buker baýragynyň pul sylagy 50 müň funt-sterlinge deňdir.
Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!