TEHNOLOGIÝA

Ýaponiýa Ýewropada elektrik hereketlendirijilerini öndürer

Elektroawtoulaglar üçin hereketlendiriji öndürýän Ýaponiýanyň “Nidec” korporasiýasy, Hytaý döwletinde elektroawtoulaglar öndürýän zawody gurlandan soň, Serbiýa döwletinde täze zawodanyň taslamasyna 2 milliard dollar töweregi maýa goýum goýjakdygyny habar berdi.  Kompaniýanyň Ýewropadaky zawody 2023-nji ýylda işe giriziler we 200 müňden 300 müň aralygynda önüm öndüriler.

Geljekde bu taslama diňe bir elektrik ulaglarynyň bahasyny arzanlatmak we daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmak bilen çäklenmän, 2030-njy ýyla çenli energiýa tygşytlaýan hereketlendirijileriň bazardaky paýynyň 35% göterim ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.

“Nidec” korporasiýasy 2011-nji ýylda meşhurlyga eýe boldy. Soňky ýyllarda öndüriji önümiň bahasyny 30% göterimini arzanlatmagy başardy we elektrik hereketlendirijilerine bolan islegi azalandygyna garamazdan, bu ugurda maýa goýulary artdyrýar. Kompaniýanyň başlygy Sigenobu Nagamoriniň bellemegine görä, elektrikleşdirmek işi dowam edýär we maýadarlar elektrik ulaglaryna geçmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar diýip belleýär. 2014-nji ýylda “Nidec” korporasiýasy “Honda Elesys” atly awtoulag elektron dolandyryş ulgamlaryny we 2019-njy ýylda bolsa “Omron” korporasiýasynyň awtoulag elektronika bölümi satyn aldy. Bu kompaniýanyň esasy bäsdeşleri ýaponiýanyň “Denso Corp” we “Aisin Seiki Corp” bolup durýarlar.

 

Telekeçilik Sahypamyz

Telekeçilik bilen meşgullanmak isleýän ýaşlaryň we telekeçileriň söýgüli sahypasy-Telekeçilik Sahypasy!

 

Ýene-de okaň

“Sanly çözgüt-2026” atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi yglan ediler

5G: Arkadag şäheriniň ýokary mümkinçiligi

BAE 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi