JEMGYÝET

Taryhda şu gün — 3-nji noýabr

Şu gün 3-nji noýabr, ýylyň 307-nji güni. Geliň, 3-nji noýabrda bolan taryhy wakalar, dünýä inenler we aradan çykanlar barada gysgaça maglumatlar bilen tanyş bolalyň.

Taryhy wakalar

1992 — Bill Klinton ABŞ-nyň prezident saýlawynda Respublikan prezident Jorj Buşy we dalaşgär Ross Perotdan üstün çykdy.

1978 — Dominika döwleti Birleşen Patyşalykdan garaşsyzlygyny alýar.

1973 — NASA Merkuriý planetasyna tarap ýola düşýär. 1974-nji ýylyň 29-njy martynda bu planetada ilkinji kosmos barlagy geçirildi. NASA bu taslama “Mariner maksatnamasy” diýip atlandyrdy.

1957 — Sowet Soýuzy “Sputnik 2” kosmos gämisini uçurdy. Onda orbita çykan ilkinji jandar Laýka atly itdir.

1946 — Ýaponiýanyň konstitusiýasy imperatoryň tassyklamagy esasynda kabul edildi.

Dünýä inenler

1982 – Egemen Korkmaz — türk futbolçysy.

1933 – Amartýa Sen — hindi ykdysatçysy we akademik, Nobel baýragynyň eýesi.

1908 – Jowanni Leone — italýan aklawçysy we syýasatçysy, Italiýanyň 6-njy prezidenti

1900 – Adolf Dassler — Germaniýaly telekeçi “Adidas” kompaniýasynyň esaslandyryjysy.

Aradan çykanlar:

1990 – Nusret Fişek — türk lukmany we syýasatçysy, Türkiýäniň Saglyk ministri.

2010 – Wiktor Çernomyrdin — rus syýasatçysy we diplomaty, Russiýanyň 30-njy premýer-ministri.

2003 – Rasul Gamzatow — rus şahyry.

1990 – Meri Martin — amerikaly aktrisa we aýdymçy

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Bakudaky WUF13 forumynda Arkadag şäheri tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şazada Edward bilen duşuşdy

Patyşa Karl III: ahalteke bedewleri dünýäde meşhur atlar hasaplanýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Patyşa Karl III bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi