(hekaýa)
“Gyzly öýe kyrk at baglanar”
“Paýhas çeşmesi”
Ir döwürlerde bir ýurduň patyşasynyň ýekeje gyz perzendi bolupdyr. Patyşa gyzy üçin bir owadan köşk gurdurypdyr. Ýöne, ol köşküň şeýle owadanlygyna garamazdan onuň gapysynyň daşky gulpy, tutawajy bolmandyr. Şa gyzy ösüp-ulalyp, bir kemsiz, gülden näzik, aýdan artyk bolup, deňsiz-taýsyz owadan bolup, ýetişipdir. Patyşa gyzy ýetişende şol gapyny kime açsa, şoňa durmuşa çykarjakdygyny ýurduna jar çekdiripdir.
Şanyň köşgüniň gapysy her gün daň säherden mähelleli bolupdyr. Şa gyzynyň hyrdary gaty köp bolupdyr. Ol gapyny müňläp-müňläp adam bagtyny synap, kakyp görüpdir. Köşküň gapysyny ýuwaşjadan tä ýaragly kaklyşa çenli ýetipdir, emma gapy açylmandyr. Gapynyň haçan kime açyljagy juda näbelli bolupdyr. Hatda käbir adamlar ol gapy hiç wagt açylmaz hem diýipdirler. Şa gyzy mümkin gapy açyp bilýän däldir, diýen pikirler ilatyň arasynda köpelipdir. Gapynyň öňünde ençeme gije-gündizi ötüren ýaş ýigitler arzuw eden şa gyzyndan el çekip gaýtmaly bolanlar hem bolupdyr. Şeýdip, günler, aýlar, ýyllar ötüpdir, gapy açyljak ýerde açylmandyr.
Günlerde bir gün şanyň ol owadan köşgüniň öňüne bir sazanda ýönekeý bir ýigit gelipdir. Sazanda ýigit şeýle bir täsin üýtgeşik sazlar çalypdyr. Onuň sazyna hemmeler baş egipdir. Hatda şa gyzy hem sazandanyň sazyna meýmiräpdir. Ol her gün irden şol sazanda ýigidiň sazyna oýanypdyr. Ýigit ýöne geleni bäri hiç köşgüň gapysyny kakmandyr. Muňa hemmeler haýran galypdyr, hatda şa gyzynyň özi hem muňa geňirgenipdir. Sazanda ýigit ahyry bir gün örän ajaýyp saz döredip, şol ajaýyp sazy bilen utgaşdyryp, gapyny tyrk, tyrk, tyrk edip, üç sapar kakyp sazyny tamamlapdyr. Şa gyzy depedäki owadan minaranyň basgançaklaryndan ylgap düşüpdirde, baryp 20 ýyllap açylmadyk gapyny batly itipdirde açyp, şirin owazy bilen maýyl eden sazanda ýigidiň gaşynda durupdyr.
Patyşa söz berişi ýaly gyzyny ýönekeýje sazanda durmuşa çykarypdyr. Muňa ençeme ýyllap köşgüň gapysyny baglap oturan şazada ýigitler, baý begler haýran galypdyrlar we näme üçin gyzyny beýle owadan daşky gulpy bolmadyk köşkde saklap, bir ýönekeý sazanda bermeginiň sebäbini sorapdyrlar. Şa bu soragyňy jogabyny gyzynyň toýunda ähli halkyň öňünde aýdypdyr.
Bu ýönekeý köşk däl, bu ynsan balasynyň göwni, ýüregi. Ýürek hem hiç wagt daşyndan açylmaýar ol hemişe içinden açylýar. Şonuň üçinem men bu köşgüň gapysynda daşynda ne tutawaç, ne-de gulp goýdurdym. Bu sazanda hem diňe bir köşgüň gapysyny kakmady, ol adamyň ýüreginiň gapysyny örän inçelik bilen kakmagy başardy diýip, akylly patyşa sözüni tamamlady.
Gülälek Seýitliýewa,
Mary etrabynyñ 21-nji orta mekdebiniñ himiya-biologiya mugallymy
Hormatly okyjylarymyz!
Ýeňijini saýlamaga goşant goş!
Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine girip, şol ýerden halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!
Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!
Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.
Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri
Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!
Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy