DÜNÝÄ

Nobel hepdeligi: himiýa ugrunyň ýeňijileri belli boldy

Nobel baýragy boýunça komitet 2020-nji ýyl himiýa babatda Nobel baýragynyň ýeňijilerini mälim etdi. Bu baýraga Fransiýadan Emmanuel Şarpantýe hem-de ABŞ-dan Jennifer Daudne eýe boldy.

Nobel komitetiniň habaryna görä, alymlar bu baýraga “genomyň redaktirlemegiň usulyny ösdürendigi üçin” berildi.  Alymlar haýwanlarda we adamlarda genleri redaktirlemek üçin ulanyp boljak “CRISPR-Cas9” ulgamyny tapdylar.

Taryhda ilkinji gezek himiýa boýunça Nobel baýragyny iki zenan alym birbada mynasyp boldy.

Nobel baýragynyň pul möçberi 2020-nji ýylda 1 million şwed kronyndan 10 million şwed kronyna (1.12 mln dollar) çenli artdyryldy.

Nobel baýragynyň ýeňijiler 5-nji oktýabrdan yglan edilip başlandy. Ilki bilen, lukmançylyk ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijisi mälim edildi. Olar amerikaly Çarlz Raýs bilen Harwi Olter hem-de angliýaly Maýkl Houton boldy.  Olar C gepatit wirusy boýunça açyş etdiler. Bu keseli bejermegiň we gan goýbermegiň üsti bilen ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etdi.

6-njy oktýabrda fiziki boýunça Nobel baýragyna britaniýaly Rojer Penrouz, geman Reýnhard Gensel we amerikaly Andrea Gez gara deşigi öwrenmek boýunça geçirilen ylma işi babatda mynasyp boldular.

1901-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli himiýa boýunça Nobel baýragy 111 gezek gowşuryldy. Şu wagta çenli bu baýraga zenan alymlar 5 gezek mynasyp boldy.

Himiýa boýunça Nobel baýragyna iň köp amerikaly alymlar (66 alym) mynasyp boldy.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Lebap welaýaty senagat hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Täjigistanda türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

29-njy martda geçiriljek saýlawlarda saýlaw uçastoklarynyň 578-si hereket eder

Eýranyň Aşgabatdaky ilçihanasynda Aýatolla Hameneýi üçin gynanç kitaby açyldy