Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň öz mähriban halkyna ýaňy-ýakynda peşgeş beren «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby türkmen iline mahsus bolan belent adamkärçilik, päk ahlaklylyk, Watana wepalylyk ýaly milletimiziň baý ruhy dünýäsini açyp görkezýän diýseň ajaýyp kitapdyr. Bu baý many-mazmunly, çuň pelsepeli paýhaslara eýlenip, aňrybaş pikir giňliginde döredilen täze kämil kitaby her gezek gaýtadan okanyňda özüň üçin öň üstünden barylmadyk täze bir zady açýarsyň. Okadygyňça bu kitap seni edil arşa göteren dek, akyl-paýhas we gözýetim belentliklerine sary äkidýär. Türkmen halkynyň çyn watançylygy, taryhyň gatlaryndaky şöhratly galkynyşlary, synmaz ruhy, şol ruhdan kemal tapan milli döwletlilik ýörelgesi barada çynlakaý oýlanyşlara iterýän täsin jümleler hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze ajaýyp kitabynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Täze kitabyň «Asmandan arkaly, Zeminden zynatly», «Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk – abatlyk», «Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy – paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym…» ýaly 12 bölüminiň atlarynyň mazmuny hem, milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täsin eserini döretmekligindäki asylly ýörelgesi, öz okyjysyna ýaýan pikir-ündewleriniň baş aýratynlyklaryny düýpli aýdyňlaşdyrýar. Hut şu nukdaýnazardan-da, hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp eseri türkmen halkynyň şanly beýik geçmişine uly guwanç, buýsanç duýgusyny döreden mukaddes eserdir.
Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kämil kitabynda nesilbaşymyz Oguz han atamyzyň agzybir döwlet döredijilik ukybynyň, pähim-paýhasynyň türkmeniň geljek nesline seçilişi, şonuň netijesinde taryhyň dürli döwürlerinde ata-babalarymyzyň köp-köp döwletleri gurandygy, türkmeniň döwlet dörediji milletdigi, döwlet mizemezliginiň, gaýymlygynyň girewi bolan agzybirligiň, bir agza bakmak, bitewilik düşünjeleriniň taryhy taýdan zerurlygy ýaly ençeme pelsepewi aň-düşünjelere, akyl gymmatlyklaryna ýugrulan ylmy teswirler beýan edilýär.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täsin kitabynda: ««Oguznamalardaky» oguz tagmalarynyň emele gelmeginiň hekaýatynyň aňyrsynda uly bir rowaýat ýatandyr.» – diýen çuňňur ylmy-pelsepewi teswiri her bir okyjyda gymmatly edebi mirasymyza bolan milli buýsanjy artdyryp, bu rowaýat babatda oguznamaçylyk däbiniň esasynda gyzyklanmany döredýär.
Oguz tagmalary hakyndaky rowaýat bolsa türkmen oguznamaçylyk däbine degişli dokuz eseriň içinden XIV asyryň görnükli taryhçysy Reşideddiniň «Oguznamasynda» has täsirli beýan edilýär. Bu oguznamada awtor oguz tagmalary hakyndaky rowaýaty «oňan» sözüniň gelip çykyş etimologiýasy bilen baglanyşdyrýar. Reşideddin bu sözüň gelip çykyşyny şeýle düşündirýär: «Erkil Hoja Oguz hanyň oglanlarynyň her biriniň wezipesini, urug adyny, alamat hem tagmalaryny belledi. Olaryň ýigrimi dört urugynyň her birine aýratyn bir haýwanyň adyny alamat hökmünde belledi. «Bu, goý, olaryň ongony bolsun» diýdi. Bu söz ink sözünden gelip çykandyr. Ink sözi türkiçe «gutly» diýmekdir. Şeýlelik bilen «ink bolsun» diýýärler, ýagny «gutly bolsun» diýmekligi aňladýar». Reşideddiniň «ink» diýýän sözi «oň» görnüşinde häzirki zaman türkmen dilinde hem ulanylýar. Bir tapawut, Reşideddin türkmen diliniň çylşyrymly ň sesini ýazuwda iki harpyň üsti bilen şöhlelendiripdir. I sesi hem dodaklanma fonetik hadysasyna sezewar bolupdyr. Has takygy «ink bolsun» diýmek – «oň bolsun» diýmekdir. Şu «oň bolmak» söz düzüminiň «oň» sözi «oňan» sözüniň düýp köküdir. Muny Reşideddin örän jaýdar düşündiripdir. Diýmek, «oň bolsun» diýmek, «gutly bolsun» diýmekdir. Gutly sözi bolsa bagt, bagtly diýen manylary aňladýar. Şeýlelikde, «oň bolsun» sözi «gutly bolsun», «bagtly bolsun, bagtly bol» diýmekdir. Şunlukda, «oňan» sözünde «bagt», «döwlet», «döwletlilik», «rysgal» manylary özboluşly utgaşýar. Reşideddin muny hem Oguznamasynda belläpdir.
Diýmek, oguznamalarda bellenilişi ýaly, Erkil hoja Oguz han atamyzyň wesýetleriniň esasynda, onuň alty oglunyň her haýsysyna bir tagma berip, milletbaşymyzyň oňanlaryny – rysgallaryny perzentleriniň arasynda deň derejede paýlamaklyk bilen, oguz milletiniň agzybirliginiň, jebisliginiň mizemezliginiň, döwlet berkararlygynyň sarsmazlygynyň mäkäm binýadyny berkidipdir, Bu babatda, hormatly Prezidentimiz hem özüniň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kämil kitabynda: «Oguz hanyň bu tagmalary, saçak edebini ýerine ýetirmegiň düzgün-tertibini özünde jemleýär.» – diýip, diýseň göwnejaý pikiri orta atýar. Çünki, saçak türkmençilikde maşgalany birleşdiriji keramatly güýç hasaplanýar. Şol keramatly güýjüň täsiri bilen Oguz han atamyzyň mukaddes maşgalasy jebisleşdi. Oguz han atamyzyň mukaddes maşgalasynyň jebisligi bolsa, agzybir oguz iliniň – gadymy türkmen milletiniň döwlet berkararlygynyň mäkäm binýadyny alamatlandyrypdyr. Hut şu nukdaýnazar, mähriban Arkadagymyzyň öz halkyna täzelikde peşgeş beren mukaddes kitabynda belleýşi ýaly, türkmen kanunçylygynyň iň gadymy nusgalarydyr, jemgyýetiň kesgitlemesi bilen ykrar edilen şol kadalar bolsa il-halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde kämilleşdirilipdir.
Toýly JÄNÄDOW,
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy.
Bellemeli zat, häzirki döwürde döredijilik toparymyz tarapyndan yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigi hem dowam edýär. Sizi “Söýgi-durmuşyň özeni” mowzugy bilen yglan edilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşigine hem gatnaşmaga çagyrýarys. Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri şu ýere basyp okap bilersiňiz!
SAÝLANAN TESWIRLER:
- Ýaran Akmämmedow – “Türkmeniň milli ýörelgeleri hakynda dürler hazynasy“: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy.
- Şamyrat Muhammetgurbanow – «Myhman, seniň üçin jaý salyp goýdum»: «Türkmenistan» gazetiniň habarçysy.
- Toýly Jänädow – «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» – milli paýhas göreldesi: Mary welaýatynyň ýaşaýjysy.
- Bagtygül Ernazarowa – “Döwletliligi kemala getirýän gymmatlyklaryň kämil beýany”: Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
- Ahmet Geldiýew – “Buýsançdan asmana ýeter başlary”: Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.
- Gunça Orazowa – “Göwün guşumyzy ganatlandyran täze kitap”: Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport žurnalistikasy hünäriniň talyby.
- Şaperi Otuzowa – “Aslymyzdan nusgalykdyr döwrüme”: žurnalist.
- Gülşat Ahunowa – “Agzyňyz bir bolsun, ýaşyňyz uzak”: Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.
- Ogultäç Oraztaganowa – “Gymmatyny müň tyllaga bermenem!”: “Galkynyş” gazetiniň žurnalisti.
- Altyngözel Amanmämmedowa -“Aslyň kimlerden?”: Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
- Aýjemal Gaýlyýewa – “Döwletli dünýäniň diwany”: Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.
- Bahar Mämmedowa – “Ýiti zehiniň miwesi”: Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Saýlanan 12 eseriň her bir awtoryna 250 manat möçberinde pul baýragy berler. Döredijilik toparymyz şeýle taslama gelejekde hem dowam etmek isleýär we indiki taslamalarda emeli aň (AI) we startup ýaly ugurlar esasy mowzuk bolup çykyş edip biler!
Söýgi – durmuşyň özeni : “Ata Watan Eserleri” bäsleşigi
Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.